Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: milli we halkara tejribesi
Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa almagyň adaty işe öwrülip, ýola goýlanyndan bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, ol eýýämden sarp edijileriň aglabasy üçin energiýa üpjünçiliginiň ileri tutýan çeşmesine öwrülip, ýokary depginler bilen meşhurlyga eýe bolýar. Dünýä boýunça ösen we ösýän ýurtlarda mese-mälim duýulýan höweslendirişiň we islegiň artyş meýilleriniň utgaşykly sazlaşygy Gün-ýel energetikasynyň adaty energetika bilen üstünlikli bäsdeşligini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Maslahat köşgünde geçiren umumy sapagynyň dowamynda energetika senagatynyň türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biridigini aýdyp, soňky döwürde ýurdumyzda täze, kuwwatly elektrik stansiýalarynyň gurlup, ulanylmaga berilýändigini, milli maksatnamalarymyza laýyklykda, müňlerçe kilometre uzaýan elektrik geçirijileriniň täzelenilýändigini, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda sanly tehnologiýalar arkaly dolandyryljak Günden we ýelden energiýa öndürýän stansiýanyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belledi.
Bizi soňky maglumat has-da gyzyklandyrdy. Çünki häzirki döwürde dünýäde energiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň ösdürilmegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Hut şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmak esasynda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, ýerli tebigy-howa şertlerini nazara alyp, Gün we ýel energiýasyny almak bilen bagly taslamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Bu babatda 2021-nji ýylyň 13-nji martynda kabul edilen «Gaýtadan dikeldiýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ol, esasan-da, Gün, ýel, suw energiýasy ýaly tebigy hadysalaryň hasabyna döreýän we gorlary tükenmeýän, yzygiderli gaýtadan dikeldilýän energiýany öndürmek, ony aýawly ulanmak hem-de daşky gurşawy goramak, gazylyp alynýan tebigy baýlyklarymyzy, ýagny nebiti we gazy tygşytlamak, şol sanda atmosfera howasyny goramak babatda işleriň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
«Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa» laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli ýurduň jemi içerki önüminiň birliginde energiýanyň sarp edilýän we CO2-nyň çykarylýan möçberlerini azaltmak bellenilendir. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürmegi ýola goýmak zerurlygy gelip çykýar.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň (GDEÇ) mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi döredildi. Häzirki wagtda bu merkez ylmyň esasy ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak boýunça taslama şu ylmy-önümçilik merkez tarapyndan taýýarlanyldy. Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik beketleri goşmaça tebigy gazy sarp etmezden, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide «Täze energiýa» hususy kärhanasy öz işinde ýokary tehnologiýalary ulanýandygy bilen türkmen işewürleriniň hem bu täze ugra goşandyny goşýandygyny görkezdi. Kärhana 2015-nji ýyldan bäri, aýratyn-da Garagumuň jümmüşindäki ilatly ýerlerde uly islege eýe bolan Gün modullaryny oturtmak bilen meşgullanýar. Uzakdaky öri meýdanlarynda «ýaşyl» energiýa guýudan suwy çekip çykarmak, ony duzsuzlandyrmak, elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylýar. «Altyn asyr» Türkmen kölünde bu paneller TМ СЕLL üçin mobil aragatnaşygy ýola goýmaga ýardam berýär. Geljekde kärhanada ýokary öndürijilikli täze önümi — «Double glas» täze nesliň panellerini öndürmek boýunça zawod gurmak göz öňünde tutulýar. Bu ýarymkristallik Gün batareýalary iki gat aýnasynyň bardygy sebäpli ýokary çyglylygy we aşa yssyny saklamaga ukyply bolar.
Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň uzak bolmadyk taryhyna nazar aýlasak, Türkmenistan 2009-njy ýylda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) döretmek baradaky başlangyjy ilkinjileriň hatarynda goldady. Ýurdumyz 2018-nji ýylda onuň doly hukukly agzasy boldy. Milli Liderimiziň tagallasy bilen şol ýylda IRENA agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy düzüldi hem-de ýurdumyzyň degişli Pudagara iş topary döredildi.
IRENA — Durnukly ösüş konsepsiýasyna laýyklykda, dürli ýurtlara energetikanyň täze görnüşlerine geçmegine ýardam berýän, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energetikada dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hyzmat edýän hökümetara gurama. Onuň maksady dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň depginini artdyrmaklyga hem-de bu ugurdaky bilimleri we tehnologiýalary ýaýratmaklyga ýardam etmekden ybaratdyr. Onuň işiniň esasy ugurlary energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak üçin şertleri döretmek, maliýeleşdirmek we tehnologiýalary peýdalanmak babatda agza ýurtlara maslahat hyzmatlaryny bermekdir. Agentlik energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini global ulanmakda öňegidişligi gazanmak we dünýä ykdysadyýetiniň uglewodorodlara garaşlylygyny azaltmak üçin döredildi. Onuň bilen ugurdaş howanyň üýtgemegine garşy iş alyp barmak meselesi hem goýulýar.
Häzirki döwürde 160-dan gowrak döwleti özüne birikdirýän IRENA agentligi bilen bir hatarda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň senagat taýdan ösüş boýunça ýöriteleşdirilen düzümi (UNIDO), BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýdy.
16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary öndürmäge ýöriteleşdirilen «Masdar» kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäresiniň geçirilendigi, geljekde serhetýaka etraplaryň birinde Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köpugurly bekediň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygynyň habar berilmegi bu ulgamdaky işleriň barha işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Soňky ýyllaryň maglumatlary dünýä ýurtlarynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesine geçmek boýunça öz öňlerinde uly wezipeleri goýandyklaryna, energiýanyň sarp edilişinde onuň paýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
2020-nji ýylda gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden elektrik energiýasynyň (şol sanda gidroenergiýanyň) öndürilişi ýel we Gün energiýasynyň önümçiliginiň yzygiderli ösmegi netijesinde 6%-den gowrak artdy, gidroenergiýanyň paýy bolsa, dünýäniň energetika deňagramlylygynda 2000-nji ýyldan bäri durnukly 16%-e golaý bolup durýar. Gaýtadan dikeldilýän serişdelerden elektrik energiýasyny öndürmekde Ýewropa Bileleşiginde, ABŞ-da, Hytaýda, Hindistanda, Ýaponiýada, Çilide we Awstraliýada şeýle öňegidişligiň gazanylmagyna howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça giň möçberli maksatnamalar hem-de ýel we Gün energetikasynda tehnologiýalaryň bahasynyň barha arzanlamagy ýardam etdi. Dünýäniň energetika deňagramlylygynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň paýy (gidroenergiýany goşmak bilen) 1,8 pp ösdi we 28%-den agdy. Amatly gidrologik şertler Russiýada, Ýewropada (aýratyn-da Şwesiýada we Norwegiýada), Braziliýada şeýle çeşmelerden elektrik energiýasynyň öndürilişiniň artmagyna getirdi. Häzirki wagtda GDEÇ-niň paýy Ýewropa Bileleşiginiň energetika deňagramlylygynda 39%-e, Hytaýda 28%-e, Hindistanda 23%-e, ABŞ-da, Russiýada we Ýaponiýada 20%-e barabardyr.
Ýene-de käbir maglumatlara ýüzleneliň. Şu ýylda Ýewropa Bileleşiginde hem kuwwatlyklaryň artdyryljakdygy çaklanylýar. Bu ýerde hatda pandemiýa şertlerinde hem 2030-njy ýyla çenli ÝB-de uglerod-neýtral giňişligi döretmegi maksat edinýän «Green Deal» iri taslamasy boýunça işler ýatdan çykarylmady. Munuň üçin parnik gazlarynyň atmosfera zyňylyş möçberini 1990-njy ýylyň derejesinden 40% azaltmak, energiýanyň umumy sarp edilişinde gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alnan energiýanyň paýyny 32%-e çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýewropa Komissiýasynyň hasaplamalaryna görä, her ýylda 260 mlrd ýewro maýa goýmak bilen bu wezipäni çözmek bolar.
2020-nji ýylda Şotlandiýa elektrik energiýasynyň 97%-ini gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden aldy. Häzirki günde Hindistan Gün energetikasynyň bellenen kuwwatlylygy boýunça dünýäde 5-nji, ýel energetikasynyň kuwwatlylygy boýunça 4-nji, şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň kuwwatlylygy boýunça 4-nji orny eýeleýär.
Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmeklige maýa goýmakda Hytaý, ABŞ, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa döwletleri öňdeligi eýeleýärler. Hytaý soňky on ýylda gaýtadan dikeldilýän energetika üçin enjamlary öndüriji esasy ýurtlaryň birine öwrüldi. Bu ýerde, ilkinji nobatda, gürrüň Gün panelleri hakynda barýar. Dünýäde Gün batareýalaryny öndürijileriň ondan ýedisiniň hytaý kompaniýalary bolmagy ýokarda aýdylanlary tassyklaýar.
Maglumatlara göra, dünýäniň 570-den gowrak şäherleriniň 100-den agdygy elektrik energiýasynyň iň bolmanda 70%-ini GDEÇ-den — suwuň, Günüň, ýeliň energiýasyndan, geotermal energiýadan alýar. Olaryň sanawynda Oklend, Naýrobi, Oslo, Sietl, Wankuwer, Reýkýawik, Portu, Bazel, Bogota we beýlekiler bar. Mysal üçin, Berlington (ABŞ, Wermont ştaty) eýýäm elektrik energiýasynyň 100%-ini ýelden, Günden, suwdan we biomassadan alýar. Reýkýawigiň ähli elektrik energiýasy gidroelektrik stansiýalaryň we geotermal çeşmeleriň hasabyna öndürilýär. 2040-njy ýyla çenli paýtagtyň ähli jemgyýetçilik we şahsy ulaglarynyň gazylyp alynýan ýangyja garaşly bolmazlygy maksat edinilýär. Ýa-da aýdaly, Şweýsariýanyň Bazel şäheri üçin gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýanyň 100%-i öz energiýa üpjünçilik kompaniýasy tarapyndan berilýär. Onuň aglaba bölegi gidroenergetikadan alynýar, diňe 10%-i ýeliň paýyna düşýär.
Dünýä boýunça kompaniýalar hem gol gowşuryp oturman, öz strategiýalaryny döredip, belli bir döwürde ýetmäge ymtylýan «ýaşyl» maksatlaryny kesgitleýärler. Olar jogapkärli hereket edip, sarp edijilere ekologik görelde görkezmelidigine oňat düşünýärler. Elbetde, GDEÇ-niň ulanylmagy diňe bir kompaniýanyň abraýynyň artmagyna ýardam bermän, eýsem, elektrik energiýasyna çykdajylary hem azaldar.
Şeýlelikde, «Facebook»-yň täze serwerleri hem-de «General Motors» kompaniýasy «Green Invest» iri maksatnamasynyň çäklerinde Kentukki ştatynda (ABŞ) gurulýan Gün elektrik stansiýasyndan energiýa alar.
«IKEA» 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň esasynda energiýany häzirki sarp edýäninden köp öndürmegi maksat edinýär. Onuň dünýäniň 14 ýurdundaky dükanlarynda 920 müň Gün panelleri, şeýle hem 530 ýel turbinalary bardyr.
«Intel» kompaniýasy energiýany ýelden, Günden, suwdan we biomassadan alýar. Ol 2012-nji ýyldan bäri energiýa üpjünçiligi boýunça 2 000 sany taslama 185 million dollar maýa goýdy, korporasiýa tarapyndan ABŞ-da we ÝB-de sarp edilýän elektrik energiýasynyň 100%-i GDEÇ-den alynýar.
2018-nji ýyldan bäri «Apple»-niň hemme bölek-satuw dükanlary, edara jaýlary we maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleri 100% GDEÇ-de işleýär.
Gün, ýel we suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleri giňden ulanmak babatda ekologiýa taýdan arassa, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Biziň ýurdumyzda Gün energiýasyny ulanmak üçin ähli şertler bar. Ýylda 300-den gowrak açyk, güneşli günleriň bolmagy, tomus aýlarynyň ortalarynda günüň ýagty wagtynyň dowamlylygynyň 16 sagada ýetmegi bu ugurda giň mümkinçilikleri döredýär.
Oraznazar HEŞDEKOW,
Ussatnews.com.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.