Makalalar

Ýurdumyzyň ykdysady, medeni babatlarda okgunly ösüşleri

https://ussatnews.com/storage/posts/2245/original-1618d5396a98ae.jpeg

Halkymyz mähriban Arkadagymyzyň saýasynda bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşaýar. Munuň düýp esasynda ýurdumyzyň ykdysady, medeni babatlarda okgunly ösüşleri durýar.

Döwletiň baýamagynda, jemgyýetiň durnukly ösmeginde ýurduň ykdysady ulgamynyň kämil dolandyryş kuwwaty, maliýe ulgamynyň işiniň döwrebap ýola goýulmagy ägirt uly orun eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bank amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, bank kartlarynyň durmuşymyzyň her bir çygryna giňden ornaşmagy ykdysady ösüşleri has-da rowaçlandyrdy. Ilatyň durmuş-ykdysady taýdan goraglylygyny üpjün etmäge giň şertleri döretdi.

Bank kartlaryndan peýdalanmak raýatlara iş orunlaryndan gitmezden, oturan ýerlerinden ykjam telefon programmalarynyň we goşundylarynyň kömegi bilen dürli bank hasaplaşyklaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi dowam edip duran önümçilik işini togtadyp we degişli banklara baryp nobat bellemek bilen ýitirilip bilinýän önümçilik-iş wagtyny tygşytlamaga giň şertleri döredýär. Şeýle-de jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatyndan peýdalanylanlygy üçin hasaplaşyklaryň ýörite kartlaryň kömegi bilen amala aşyrylmagy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we ýeňilleşdirmäge ýardam edýär.

Bank kartlary we nagt däl hasaplaşyk usullary ykdysadyýetde dolandyryşyň sanly ulgam görnüşine tapgyrlaýyn geçmek babatda alnyp barylýan işleriň bir bölegidir. Häzirki wagtda ykjam telefonlarda ýerleşdirilýän ýörite goşundynyň kömegi bilen raýatlar öz bank hasabynda we kartynda bar bolan pul serişdeleriniň möçberlerini, şeýle- de kart arkaly hasaplaşyk wagtynda kartlarynda bar bolan pul serişdelerinden geçirilen tölegleriň möçberlerini, galan pul serişdeleriniň möçberini görüp bilýärler. Dolandyryşyň bank kartlary ulgamy raýatlaryň pul goýumlaryny we hasaplaşyklarynyň howpsuzlygyny doly üpjün edýär.

Raýatlar üçin döredilýän şunuň ýaly amatlylyklar we eşretler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, halkymyzyň hal-ýagdaýlaryny yzygiderli gowulandyrmak babatda alyp barýan beýik işleriniň netijesidir. Biz adam halda aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwren mähriban Arkadagymyza uzak ömür, jan saglyk arzuw edýäris!

Çynar GYLYÇDURDYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.