Hünärini söýen gyz (Hekaýa)

10:47 16.11.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/227/original-15fb2127af3f6a.jpeg

Giň gözýetime uzap gidýän çöllükde adaty bolmadyk imisalalyk höküm sürýärdi. «Şatyr-şatyr» edip ýanýan sazak oduna goýlan tüňçäniň lykyrdap gaýnaýan sesi diýmeseň ümsümlikdi. Hemişe säher bilen ala-goh bolup, zenzele turuzýan tehnikalaryň sesi-de eşidilenokdy.

Oduň daşyna aýlanan tüňçeleriň birini alyp, çaý demlenen Abdysamat aga kölegä geçdi. Ýaňy bir ilkinji käsesini eline alandanam, hol, aňyrrakda, traktoryna serenjam berip duran ýigit ýaşula habar gatdy:

– Abdysamat aga, hemişe hödür-kerem edäýmäň bardy welin, säher bilen tüňçe çaýyny ýeke içmegiň lezzeti üýtgeşikdir-dä...

Ýaşuly käsesini ýerde goýdy-da, traktorçy ýigidiň degişmesini alyp göterdi.

– Hä, Mahmyt han, indi maňa şujagaz, bir tüňçe çaýam rowa görmejek bolýaňmy? — diýip, başyny ýaýkap, ýylgyrdy-da, boş käseleriň birine çaý guýup, Mahmyda uzatdy. – Gel, inim, kän özelendiň, bir käsejik beräýeýin saňa-da.

Mahmyt elini süpürişdirip, gelip, käsäni alyp, ýaşulynyň ýanynda oturjak boldy. Abdysamat aga ýene-de degişdi:

– A-how, inim, bir käse çaý berildi diýip, ornaşyberjek bolma. Şonyňy içeňsoň, käsäňi uzadybam oturma. Artyk-süýşük zat ýok bizde, sepip-seçeläp oturar ýaly. Hä diýmän, işe-de başlamaly indi...

Bular ýaly degişmeli gürrüňler halypa-şägirdiň arasynda häli-şindi bolup durardy. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçjek böleginiň ugrunda zähmet çekýän «Marynebitgazgurluşyk» trestine degişli bu toparyň işgärleri şular ýaly, iş başlamanka ýa arakesmede degşip-gülşäýmeseler, günüň dowamynda gürrüňe boş wagtlary-da bolanokdy. Abdysamat aga bolsa şu toparyň ýolbaşçysydy.

Mahmyt özüne uzadylan käseden çaý owurtlap, nazaryny ilerdäki uly ýola dikdi. Ýigidiň gözüni bir nokada dikip, doňan ýaly bolup oturyşyny geň gören Abdysamat aga-da eli bilen gözlerini kölegeledip, şol tarapa seretdi.

– Al-aýt, inim, çaýyňy sowadyp sereder ýaly, näme gördüň-äý sen o taýda?

– Abdysamat aga, bize tarap bir gyz-a gelýär – diýip, Mahmyt dillendi.

Dogrudanam, bularyň oturan ýerine tarap bir gyz gelýärdi. Ol gyz aňyrdan gelip, edep bilen salam berdi.

– Gurgunmyň, gyzym – diýip, Abdysamat aga oturan ýerinden gobsundy.

Gyz çala baş atdy:

– Ýagşy!

– Gyzym, bu çöl-beýewanda ýeke özüň azaşyp ýören-ä dälsiň-dä?

– Aý, ýok, ýaşuly, salgy berişlerine görä, dogry geldimmikäm-ä diýýän. Men Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby. Bu ýere «Türkmengaz» döwlet konserni bilen uniwersitetiň arasynda gazanylan ylalaşygyň esasynda diplomyň öňüsyrasyndaky tejribeçiligi geçmek üçin iberildim.

Oduň başyndaky gaýnap duran tüňçeleriň birine çaý demläp gelen Mahmyt söz atyp galdy.

– Adyňyzam aýdaýsaňyz?

Gyz ýylgyryp, jogap berdi:

– Zyba. 5-nji ýyllyk talyp.

Gyzyň gelmegi bilen goşuň töweregi sähel wagtyň içinde toýhana öwrüldi. Abdysamat aga Zybany toparyň işgärleri bilen tanyşdyrdy. Oglanlar garaşylmadyk ýerden dörän bu täzelige şatlanyp, kynçylyk çeken ýerinde kömek etjekdiklerine Zyba söz berdiler.

Çaý içilip bolnandan soň oglanlar işli-işine ugradylar. Sähel salymdanam töwerek ibirt-de-zibirtlige öwrüldi. Kuwwatly gum itekleýji, turba goýujy, tekizleýji, ýer basgylaýjy tehnikalara erk edýän, turba geçirijilerde awtomatlaşdyrylan usulda kebşirleýiş işlerini alyp barýan hünärmenleriň hersi öz işli-işine ugrady.

Işgärleriň çaý-naharyna seredýän Enwer atly ýigit Abdysamat aganyň görkezmesi bilen goşdaky öýleriň birini Zyba üçin boşadyp, içini tämizleşdirdi. Şeýdip, şol günüň ertesi Zyba hem bu zähmetsöýer adamlaryň arasyna goşuldy ...

... Günler şeýle çalt geçýärdi. Halkara gaz geçirijisinde alnyp barylýan işler günsaýyn güýçlenýärdi. Tejribeçilik geçen döwrüniň dowamynda Zyba bu ýerde amala aşyrylýan işlere kemsiz uýgunlaşyp ýetişipdi. Zähmetsöýer topar hem Zybany öz uýalary ýaly görüp, oňa islendik meselede ýardam berýärdiler. Şeýle günleriň birinde Abdysamat aga adatdakylary ýaly, işgärler bilen maslahat geçirdi. Olaryň arasynda Zyba hem bardy. Maslahat bu ýerde iş alyp barýan toparyň goşuny başga bir ýere göçürmek baradady. Bu meseläni çözmek üçin goşdaky ulaglaryň ikisiniň sürüjilerini süýji suwly guýynyň gözlegine ugratmaly diýlen netijä gelnip, maslahat jemlenildi.

Her kim işli-işine gidensoň, goşda Abdysamat aga bilen Zyba galdy. Zyba tejribeçilik döwründe gaz geçirijiniň ugrunda alnyp barylýan işleriň yzygiderliligini, olaryň hil barlaglarynyň geçiriliş usullaryny kemsiz öwrenipdi. Indi, tejribeçiliginiň wagty hem tamamlanyp barýardy. Zybanyň elindäki tejribeçiligiň netijesini beýan edýän resminamalara gözi düşen Abdysamat aga:

– Tejribeçiligiň wagty tamamlandy diýsene – diýip, ýylgyrdy. – Getir, gyzym, resminamalaryňa gol çekip, möhür basaly. Haçan gaýtmakçy?

– Nesip bolsa, ertir säher bilen ugramakçy.

Abdysamat aga resminamalara gol çekip, möhür basandan soň, gyzyň ýüzüne soragly bakdy:

– Ýeri, onsoň, Zyba gyzym, okuwyňy tamamlanyňdan soňky maksatlaryň nähili?

Gyz aşak bakyp, az salym pikire çümüp durdy. Soňundanam, esli wagtlap ýüreginde göterip ýören pikirini mälim etdi:

– Abdysamat aga, siz bilen bir zady maslahatlaşaýjakdym.

Ýaşuly edip oturan işini bir gyra goýup, gyzyň ýüzüne soragly nazaryny dikdi.

– Aýdyber, gyzym. Bizlik mesele bolsa, elimizden gelenini gaýgyrmarys.

– Neme, Abdysamat aga, tejribeçiligimiň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işler, adamlaryň akýürekligi meni diýseň özüne çekdi. Eger, mümkin bolsa, okuwymy tamamlanymdan soňam şu ýere işe gaýdardym. Siziň toparyňyza goşulasym gelýär. Siziň şuňa garaýşyňyzy biläýjekdim. Köpden bäri şuny sorajak bolup, ebeteýini tapman ýörşüm.

Talyp gyzyň garaşylmadyk soragy Abdysamat aganyň göwnüni göterdi.

– Heý, beýle oňat pikirem içiňde saklap ýörerlermi? Sen-ä meni gaty begendirdiň, gyzym – diýdi. – Biziň toparymyza goşulasyň gelýäni çyn bolsa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylaryna haýyşnama bilen ýüz tutaýarys. Bize-de özüň ýaly işbaşarjaň, kärini söýýän ýaşlar gerek.

Ýaşulynyň bu sözlerini eşidip, Zyba begençden ýaňa uçaýarly göründi...

... Ertesi säher bilen Marynyň demir ýol menzilinden otla münen Zyba, Aşgabada tarap ýola düşdi. Otlynyň aýnasyndan gözel tebigatymyzy synlap, oýa batyp oturşyna-da, ol tejribeçilik döwrüniň täsirleri, halal zähmetden bagt tapan adamlar, Abdysamat aganyň özüne bildiren ynamy hakyndaky süýji duýgularyň täsirinden çykyp bilenokdy.

Myratmuhammet MYRADOW,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.