Iňlis dilini öwrenmegiň esasy ýollary
Häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen syýasy we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny barha işjeňleşdirýän ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini pugta özleşdirmegine hem uly üns berilýär. Ýaşlar bilen bir hatarda, dürli kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda dilleri öwrenmäge isleg bildirýänleriň sany gitdigiçe artýar. Tehnologiýanyň ösmegi, öwrediş usullarynyň kämilleşdirilmegi indi dürli dilleri öwrenmek üçin has-da amatly şertleri döredýär.
Öwrenmegiň tertibi. Daşary ýurt dilini öwrenmekde ony yzygiderli gaýtalamak örän uly ähmiýete eýedir. Munuň üçin hepdäniň diňe belli bir gününi kesgitlemek hem-de galan wagtlarda şol özleşdirilenleri gaýtalamak netijeliligi has ýokarlandyrýar. Bu beýniniň kabul edip bilijilik ukybynyň ýokary bolmagy üçin peýdalydyr.
Kagyzdan peýdalanmak. Öwrenýän diliňiziň sözlerini gysga wagtda ýat tutmak isleseňiz, onuň iň amatly ýoly terjimesi bilen bile kagyz bölejiklerine ýazmakdyr. Söz ýazylan kagyzlary öýüň göze görnüp duran ýerlerinde ýelmäp çykmak gerek. Şu ýol arkaly siz öýde başga işler bilen meşgullanýan wagtyňyzda hem dil öwrenmegi dowam edip bilersiňiz.
Filmlere tomaşa etmek, aýdym diňlemek. Öwrenmek isleýän diliňizde düşürilen filmlere terjimesiz ýagdaýda tomaşa etmek hem daşary ýurt dilini çalt özleşdirmek üçin örän peýdaly usullaryň biridir. Şeýle-de öz derejäňizi kämilleşdirmek üçin şol dildäki aýdymlary diňlemek maslahat berilýär. Sözleri eşitmek arkaly öwrenmek we ýatda saklamak bilen birlikde, olaryň aýdylyş äheňini-de has gowy özleşdirmek mümkin.
Sözler barada pikirlenmek. Sözleri aňsatlyk bilen ýatda saklamak üçin olary deňeşdirmek usulyny ulanyp bilersiňiz. Has takygy, öwrenýän diliňizdäki sözleri türkmen dilindäki bar bolan şoňa meňzeş sözlere baglap ýatlaň. Mysal üçin, iňlis dilindäki «can» (başarmak) sözi bilen türkmen dilindäki «kän» sözüni bir-birine meňzedip ýatlasaňyz, hakydada has gowy galar.
Şol dilde gepleşmegi we pikirlenmegi endik etmek. Dil öwrenmekde mydama netijeliligini saklap bilýän usul şol dilde gepleşýän adamlar bilen söhbetdeş bolmakdyr. Unutmaň, şeýle adamlar bilen näçe köp gürleşseňiz, şonça-da kämilleşersiňiz. Gepleşmegi öwrenensoň, özüňizi edil şol ýurtda syýahat edýän ýaly göz öňüne getiriň. Ýolda-yzda gören zatlaryňyzyň — awtobuslaryň reňkini, ýolagçylaryň geýnen eşiklerini, bir ýere baranyňyzda, ol ýerde näçe adam bardygyny şol dilde pikir ediň we özüňize gürrüň beriň.
Maýsa HUDAÝGULYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 59-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.