Pudagyň ösüşli menzilleri
Ýene-de az wagtdan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly tamamlanyp, täze — 2022-nji bars ýylyna gadam basýarys. Bars haýwanat dünýäsinde iň batyr, güýçli, edermen hasap edilýär. Türkmençilikde ýigitleriň batyrlygy barsa deňelýär. Batyrlygyň nyşany täze bars ýylynda zähmetsöýer halkymyzyň gaýratly işleri bilen möwritini geçirip barýan ýylda gazananlaryndan-da ýokary netijelere eýe boljakdygyna şübhelenmese bolar.
Şu ýylda ýurdumyz halk hojalygynyň durmuş-ykdysady, medeni, aň-bilim, edebiýat, sungat, ulag-aragatnaşyk, ýangyç-energetika pudaklarynda, gurluşyk, himiýa, dokma senagatynda, oba hojalygynda we beýleki ulgamlarda örän uly üstünliklere eýe boldy. Döwletimiziň gaznasy täze-täze gymmatlyklar bilen dolduryldy. Zähmetsöýer adamlaryň şahsy girdejileri mese-mälim artdy. Jemgyýetiň aň-bilim sowatlylygy ýokarlandy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy täze eýýamyň ruhunda has-da özgerdi. Şular bilen birlikde, nebitgaz toplumynda-da uly ösüşlere eýe bolundy.
Geçen on aýyň jemleri boýunça ýokary oktanly benzin öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 107,4 göterim ýerine ýetirildi. Iri pudaklara, şeýle hem hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtly kompaniýalar bilen bilelikde amala aşyrylýan halkara taslamalara harçlanylýan maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnamasy 108 göterim berjaý edildi.
Nebitgaz toplumynyň düzümleri tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasyny 122,8 göterim, «mawy ýangyjy» daşary bazarlara eksport etmegiň meýilnamasyny bolsa 134,7 göterim ýerine ýetirdiler. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu görkezijiler boýunça gazanylan ösüş degişlilikde 123,9 hem-de 139,6 göterim boldy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolmak bilen, tutuş ýurdumyzyň ýangyja bolan islegini kanagatlandyrýar, içerki talaplaryndan artyk möçberini daşary ýurtlara eksport edýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüş kuwwaty, köp derejede, energiýa serişdeleriniň senagat esasynda çykarylyşyna, gaýtadan işlenilişine we önümleri öndürişine baglydyr. Şu nukdaýnazardan, durnukly we ygtybarly energiýa üpjünçiligi ýurduň ykdysady howpsuzlygynyň, bu hem öz gezeginde, milli howpsuzlygyň hem-de dünýäniň abadançylygynyň we parahatçylygynyň esasy düzüm bölekleri bolup durýar. Başgaça aýdanymyzda, ýangyç serişdelerini öndürýän ýurtlar olaryň geçirilýän ýollarynyň howpsuzlygyny, daşky gurşawa zyňylmazlygyny, ýaýramazlygyny üpjün etmekde ýokary jogapkärçilik çekýärler.
Biziň ýurdumyz şu meselede halkara başlangyçlary öňe sürýär we şolar esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Rezolýusiýalar kabul edilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň düzümleri ýangyç serişdeleriniň howpsuz daşalmagyny we durnukly üpjünçiligini gazanýarlar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek barada uzak möhletleýin maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwletiň daşary energetika syýasatynyň ýörelgeleriniň hukuk esaslary berkidilýär, täze maksatnamalaryň üstünde işlenilýär.
Bu gün nebitgaz toplumynda çig maldan öndürilýän önümleri içerki sarp edijilere bökdençsiz eltmek, daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini artdyrmak ugrundaky işleriň gerimi barha giňelýär. Hormatly Prezidentimiziň ýangyç-energetika strategik ugry bilen Türkmenistan dünýäde ornuny berkidýär.
Atageldi SEÝIDOW,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.