Özgertmeler zamany
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy uly özgertmeleri başdan geçirýär. Iri maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhanalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Üstümizdäki ýylda gallaçy kärendeçi daýhanlar döwlet harmanyna bir ýarym million tonna barabar galla hasylyny tabşyrdylar. Şeýle ajaýyp netijeler hormatly Prezidentimiziň daýhanlara berýän yzygiderli goldawlarynyň, dünýäniň abraýly kompaniýalarynyň öndürýän oba hojalyk tehnikalaryny, kombaýnlaryny we traktorlaryny satyn alyp bermegi netijesinde hasyl bolýar. Bugdaý hasylynyň bellenilen meýilnamadan hem artyk dolunmagy daýhanlarymyzyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgady boldy.
Häzirki döwürde oba hojalygyny innowasion çözgütlere we oýlap tapyşlara, täze bazarlary döretmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu pudakda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamlaryň çözgütlerinden netijeli peýdalanmak ýola goýulýar. Içerki bazarlary özümizde öndürilen önümler bilen doly üpjün etmek, ýokary hilli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak babatda öňde goýlan wezipeler mynasyp amal edilýär. Soňky ýyllarda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlaryny giňeltmek babatda netijeli işler durmuşa geçirildi.
Durmuşa geçirilýän özgertmelerde oba hojalyk maksatly gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Gallany saklaýan, işleýän elewatorlaryň her bir welaýatlarda we etraplarda gurlup ulanylmaga berilýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Häzirki günlerde ýurdumyzda pagta ýygymy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Ýyllyk meýilnamalaryny artygy bilen dolup, Watan harmanyna uly tonnalary tabşyran gallaçy daýhanlar Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Pagta ýurdumyzyň dokma senagaty üçin örän gymmatly çig maldyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, dokma senagatynyň önümçilik binýady yzygiderli, döwrebap ýagdaýa getirilýär. Ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.
Pudagyň häzirki zaman önümçilik hem-de hyzmat düzümini döretmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak ulgamdaky özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ekerançylyk ýerlerinde meliorasiýa we suwaryş işleriniň geçirilişine, oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadynyň täzelenilmegine köp mukdarda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.
Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!
Merdanmuhammet DURDYMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.