Sowadyň we sowatlylygyň artykmaçlygy
Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çesmesi” kitabyndaky “Bilim bilen hikmet - altyndan gymmat», “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora”, “Hünär-akar bulak, ylym -ýanar çyrag”, “Kitap okan magnydan dokdur” ýaly ata-babalarymyzdan biziň günlerimize çenli gelip ýeten bilim, ylym, kitap, hünär bilen bagly atalar sözleri we nakyllar taryhyň ähli döwürlerinde sowadyň we sowatlylygyň türkmen jemgyýetinde artykmaçlyga eýe bolandygyny görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, Mertebesi belent ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýokary ösüş depginlerine eýe bolýan milli ykdysadyýetimizde bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere-de aýratyn orun degişli bolup durýar.
Zehinli okuwçylarymyz, talyp ýaşlarymyz halkara derejeli internet olimpiadalaryna gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan ylym we bilim özgertmeleriniň oňyn netijelerini berýändiginden aýdyň nyşandyr.
Häzirki wagtda maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary tutuş dünýäde ýokary depgin bilen ösýän ugurlaryň hatarynda hasaplanýar. Giň mümkinçiliklere eýe bolan sanly tehnologiýaly pudaklar, nazary we amaly bilimler, maglumat tehnologiýalary dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze belent derejelere ýetmegine öz täsirini ýetirýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň barha kuwwatlanýan ykdysadyýeti üçin çylşymly sanly tehnologiýlaryndan baş çykarýan, kämil hünärmenleri biziň ýokary okuw mekdebimizde taýýarlanmagy, häzirden, professor-mugallymlarymyzyň we hünärmenlerimiziň öňünde uly jogapkärli weziperi goýýar.
Gahryman Arkadamyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwrebap maddy-enjamlaýyn binýada eýe bolan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetimizde hereket edýän häzirki zaman okuw otaglary we tejribehanalar hem-de laboratoriýalar işimizi döwrüň talabyna laýyk alyp barmaga ýardam berýär.
Döredilen şertlerden netijeli peýdalanyp, Hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan wezipelerine zähmetimiz bilen jogap bermek we döwrebap hünärmenleri taýýarlamak biziň mukaddes borjumyzdyr. Iň amatly şertlerde okatmaga, ylym bilen meşgullanmaga, döwrebap ýaşamaga mümkinçilikler döredip beren Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!
Serdar ÖRÄÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.