Bitaraplyk şuglasy
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy bilen täze döwür başlandy. BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul etdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi we beýleki abraýly halkara we sebitara guramalary bilen netijeli we işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
Eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşleri has-da ähmiýetlidir. Amatly daşary syýasat şertlerini üpjün etmek bilen, Türkmenistan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleri geçirmek, halkara demir ýollaryny, gaz geçirijilerini we beýleki desgalary gurmak ýaly iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Bu ugurda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna hem-de durnukly ösüşiň gazanylmagyna ýardam berýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem sanlyja ýyllardan sebitiň ykdysady ösüşine, dost-doganlyk gatnaşyklaryna täze, kuwwatly itergi berer, abadançylygy has-da pugtalandyrar.
Halkara giňişliginde Türkmenistanyň bitirýän hyzmatlary, esasan, parahatçylygy üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak ýaly, umumadamzat bähbitli ynsanperwer syýasatda ýüze çykýar we munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, adalatly döwlet syýasatyna daýanýan milli ösüş ýolunyň paýhaslylyk bilen kemala getirilen ajaýyp nusgasydyr. Gahryman Arkadagymyz bu nusgalyk ýoly halkara derejesine çykardy. Hormatly
Prezidentimiziň türkmen halkynyň, goňşy halklaryň, dünýä halklarynyň bähbitleriniň, parahatçylykly ýaşaýşyň hatyrasyna bitirýän hyzmatlary taryhy ähmiýetlidir. Dünýä möçberinde ýetilen beýik ösüşler bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir raýatyny çäksiz buýsandyrýar.
Seýran BEKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.