«Hatyra» kitabynyň ikinji tomy Balkan welaýatynda önüp-ösen esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy
«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň öň ýanynda neşir edilen kitabyň birinji tomy Aşgabatdan hem-de Ahal welaýatyndan bolan türkmenistanly gahrymanlara bagyşlanypdy.
“Hatyra” kitabynyň her neşiri milli Liderimiziň: “Ýüreklere öçmejek ýaralar salan ýalynly uruş ýyllarynda halklary birleşdiren dostluk, düşünişmek we özara goldaw bermek däplerimiz bu gün dünýä döwletleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde pugta esas bolup durýar. Biziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen, ynsanperwerlik we döredijilik däplerine esaslanýan döwlet syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde oňyn halkara gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda çykyş edýär” diýen sözleri bilen açylýar.
Uly synaglaryň, öwezini dolup bolmajak ýitgileriň hem-de jebir-sütemleriň döwri taryhda galdy. Emma ynsan ruhunyň beýik güýjüni, görlüp-eşidilmedik tutanýerliligi, watançylygy, raýdaşlygy we hoşniýetliligi görkezen adamlaryň hem-de watandaşlarymyzyň edermenliginiň ähmiýeti ýylsaýyn äşgär bolýar.
Adamzat olaryň gahrymançylygyny unutmaz, unutmaga haky hem ýokdur, faşizmiň gaýtadan döremegine ýol bermez. Şonuň üçin geljekki nesilleriň mukaddes borjy taryhy hakydany aýawly saklamak, wepat bolan esgerleriň hiç birini unutmazlyk, uruş we zähmet weteranlaryna minnetdar bolmakdyr.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Diýarymyzyň gahrymançylykly taryhyny dikeltmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berýär we hemmetaraplaýyn ýardam edýär.
Uruş gahrymanlarynyň sanawlarynda atlary anyklanylmadyk esgerler barada maglumatlary tapmaga mümkinçilik berýän arhiw işleri dowam edýär. Täze neşirde bellenilişi ýaly, bar bolan maglumatlara görä, Balkan welaýatyndan goşuna 35 müňe golaý adam çagyrylyp, urşa giden balkanly esgerleriň 8 müň 938-den gowragy Ýeňiş üçin şirin janlaryny gurban edip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelmediler.
Şeýle hem neşirde sylag hatlary we suratlary tapylan türkmen halkynyň edermen ogullary we gyzlary hakynda maglumatlar getirilýär. Kitapda frontdan gelip gowşan hatlaryň, uruş ýyllarynda, şeýle hem häzirki günlerde joşgun bilen ýazylan goşgularyň nusgalary ýerleşdirildi.
Maglumatlaryň giň dokumental binýady dürli çeşmelerden alyndy. Olar Balkan welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň harby wekillikleriniň, durmuş-üpjünçilik bölümleriniň arhiwlerinden, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryndan, şahsy maglumatlardan, ylmy makalalardan, döwürleýin neşirlerden ybaratdyr.
Kitabyň sahypalarynda ildeşlerimiziň söweş edermenligi barada gürrüň berilmeýär, emma resmi maglumatlar arkaly tutuş nesliň terjimehaly bilen tanşyp bolýar. Täze neşirde esgerleriň doglan, wepat bolan, jaýlanan senesi we ýeri, harby derejesi hakynda maglumatlardan başga-da, olaryň goşuna çagyrylan ýeri hem-de ýyly hakynda maglumatlar berilýär.
Türkmenistanly esgerleriň diňe edermenligi barada däl-de, eýsem, tyldaky gahrymançylyk, zenanlaryň we çagalaryň tutanýerli zähmetleri bilen uzak garaşdyran Ýeňşi ýakynlaşdyran günleri barada gürrüň berýän fotosuratlaryň hem üsti ýetirildi.
Şol döwrüň bahasyna ýetip bolmajak fotosuratlarynyň üsti arhiwden tapylan suratlar, şeýle hem welaýatyň çäginde ýerleşen, uruş gahrymanlarynyň hormatyna dikeldilen ýadygärlikleriň suratlary bilen ýetirildi.
Suratlaryň birinde Türkmenistanyň şu sebitinden çagyrylan esgerleriň Leningrad oblastynyň Staraýa Rusa şäherçesindäki doganlyk gonamçylygyny görmek bolýar. Fotoresminamalar türkmen halkynyň gahryman we gaýduwsyz ogullarynyň öçmejek edermenligi hakynda baý taryhy çeşmedir.
Mälim bolşy ýaly, “Hatyra” kitaby 1993 — 1998-nji ýyllarda neşir edildi. Onuň täzeden çap edilmegi bar bolan maglumatlary tertibe salmak, olaryň üstüni ýetirmek hem-de elipbiý tertibinde ýerleşdirmek bilen baglydyr, bu işler maglumatlara elýeterliligi üpjün edýär.
Nesiller üçin gahrymançylykly geçmişi beýan edýän “Hatyra” kitabynyň ikinji neşiri giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanylan kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.