Türkmenistanyň halk artisti Nury HUDAÝGULYÝEW

Sungatda ylahy güýç bar, ol ynsanlaryň kalbyna gözellik nuruny çaýýar. Sungat – halkyň ruhy dünýäsi. Ol dünýä girip, yz goýmak – uly ykbal. Şeýle zehinleriň biri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň aýdymçy-artisti, Türkmenistanyň halk artisti Nury HUDAÝGULYÝEW bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.
— Nury aga, söhbetimiziň başyny önüp-ösen ýerleriňiz, şeýle-de sungata, aýdym-saza gelşiňiz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň!
— Men Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde dünýä inip, şol ýerdäki 5-nji orta mekdebi tamamladym. Çagalykdan aýdym-sazy ürç edip diňlärdim. Mekdepde okaýan döwürlerim oba medeniýet öýünde teatryň sahna ussatlary çykyş ederdiler. Şonda olaryň öz sahna keşbini şeýle ynandyryjy ýerine ýetirişine haýran galyp, teatr sungatyna bolan höwesim artypdy. Çaga kalbym bilen sahnada beýan edilýän wakalara berlip, kän wagtlap olaryň täsirinden çykyp bilmezdim.
— Sungat ynsana ruhy güýç berýär diýseňizläň!
— Elbetde. Durmuşda ykbalyň garaşylmadyk täsin sowgatlary kän. Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky Döwlet teatr-çeperçilik institutynyň sazly komediýa bölümini tamamladym. Soňra ozalky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda işe başladym. Ejem, kakam sungata sarpa goýýan adamlardy. Sungat ýoluna düşmegim maşgala agzalarymyzyň ählisini begendiripdi.
— Sungat äleminde halypalaryň göreldesi esasy mekdep bolup durýar. Olardan öwrenmek hem, öwreneniňi özüňçe kämilleşdirmek hem parz. Gürrüňimizi şular dogrusynda dowam edäýeliň.
— Ýaşlykdan Baba Annanowyň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň muşdagy bolanym üçin hemişe onuň bilen görüşmegi arzuw edýärdim. Baba aga bilen diňe bir görüşmek däl, hatda bile işleşmek nesibämiň bolandygy üçin ykbalymdan razydyryn. Hommat Müllük, Aman Baýramberdiýew, Öwez Gelenow, režissýor Baýram Seýdullaýew ýaly halypalar bilen işleşmek kämillige iterýär. Ol halypalaryň her sözi, her öwüdi uly sungat mekdebi.
— Durmuşyňyzdaky bagtly pursatlary ýatlap geçäýseňiz?!
— Durmuşymda bagtly pursatlar kän boldy. Öz çagalaryň ýetişenini duýman galýan ekeniň. Ilkinji agtyjagymyň dünýä inen güni, ata bolan günüm iň bagtly pursadym bolupdy. 2016-njy ýylda bolsa, hormatly Prezidentimiz maňa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakdy. Şol gün maşgalamyz üçin iň şatlykly günleriň biri boldy.
— Siziň aýdymlaryňyz hakynda gürrüň gozgalsa, ilkinji nobatda meşhur «Ykbalym» aýdymyňyz agzalýar. Galyberse-de, siziň ýerine ýetirýän «Ýadyňda dälmi?!», «Dünýäm ýaz maňa», «Aýly agşam», «Gözleriň seniň», «Seni söýdüm», «Owadan gyz näz edip» diýen aýdymlaryňyza halkymyz aýratyn hormat goýýar. Mümkin bolsa, köpleriň söýgüsini gazanan «Ykbalym» aýdymynyň döreýşi hakynda-da durup geçäýseňiz.
— «Ykbalym» 1968-nji ýylda ýazyldy. Aýdymyň sözi hem sazy Öwez Gelenowyňky. Bu aýdymy şekile geçirip halkymyza hödürlesek has-da täsirli bolar diýen maksat bilen şekile geçirdik. Bu meşhur aýdymy halk köpçüligi diýseň gowy görüp diňleýär. Halkyň arasynda bolanymyzda «Ykbalym» ilki isleg bildirilýän aýdymlaryň biri. Bu aýdym sungatyň garramaýandygynyň ajaýyp subutnamasy bolup, adamlaryň aňynda ýaşap ýör.
— Nury aga, okyjylarymyza maşgala agzalaryňyz hakynda-da kelam agyz gürrüň berseňiz. Belki, olaryň arasynda siziň kesbi-käriňizi dowam etdirjekleri bardyr?!
— Hawa, sungat adamy üçin maşgala goldawy üstünligiň açary bolýar. Gelnejeň Gözel bilen iki ogul, bir gyzy kemala getirdik. Ogullarym Batyr, Kemal, gyzym Oguljeren hem sungatyň muşdagy. Göwün ýazymyz bolan üç sany agtyjagymyz bar. Aýdymlarym ýaňlanyp başlandan agtyjaklarym Jemal bilen Enejan goşulyşyp hiňlenýärler. Agtyjaklarymyň sungata bolan höwesini görenimde, kesbi-kärimiň dowamly boljakdygyna bolan ynamym has-da artýar.
— Geljekde öňde goýan maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz?
— Bagtyýarlyk döwrümizde aýdym-saz, sungat işgärlerine gowudan-gowy sungat eserlerini döretmäge uly mümkinçilikler bar. «Talyp söýgüsi», «Ykbal öwrümleri» ýaly sahna oýunlarymyz halkyň söýgüsini gazandy. Özbek dramaturgy Abbas Hanyň «Körpe gelin» atly pýesasy esasynda oýna režissýorlyk etmek meniň paýyma düşdi. Şol sahnada-da ýaş artistlerimiz halypalardan bilmeýänini sorap, gaty köp zat öwrendiler. Şeýdibem, halypa-şägirtlik ýoly dowam edýär.
Goý, bagtyýar ilimizde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp dursun! Sungatyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaç alsyn!
— Nury aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size sungat äleminde mundan beýläk hem döredijilik üstünlikleri ýar bolsun!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.

Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow
«Sen uçmak isleseň, ganat bolardym...» diýip, süýji hem pessaý heň bilen aýdyma başlaýan halypa aýdymçy ýekeje jümläniň üsti bilen müňlerçe diňleýjiniň kalbyna ganat baglaýar. Halypanyň gözlerini ýumup, tutuş durky bilen aýdyma siňip oturyşy-da ussatlygyndan habar berýär.

Tehniki ylymlaryň doktory Irina Lurýewa
Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän nebitgaz pudagy, aýratyn-da, dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamak wezipesi innowasion çözgütleriň yzygiderli ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu ulgamyň hünärmenleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözýärler.

Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.