Makalalar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe pul dolanyşygynyň ýurduň ykdysady ösüşine täsiri

https://ussatnews.com/storage/posts/2461/original-161b25f41e0f3f.jpeg

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgerişler bank hyzmatlarynyň bazarynyň ýokary depginde ösmegini talap edýär. Bu bolsa öňdebarjy daşary ýurt tejribesini öwrenip, Türkmenistanyň banklarynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyna, dünýä kompýuter torunyň ornaşdyrylmagyna bolan zerurlygy ýüze çykarýar hem-de şol esasda täze görnüşli bank hyzmatlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. sebäp: dünýä kompýuter tory banklara öz amallaryny gysga wagtda we az çykdajylar bilen ýerine ýetirmäge hem-de dünýä derejesine çykarmaga uly ýardam edýär. Türkmenistanda häzirki döwürde dolanyşykda nagt pul serişdeleriniň möçberini peseltmek we nagt däl pul serişdeleriniň möçberini ösdürmek wajyp bolup durýar, şol sebäpli banklar tarapyndan däp bolmadyk nagt däl hasaplaşyklaryň täze görnuşleri ulanylýar. Mysal üçin, bankyň töleg kartlary.

Türkmenistanyň bank ulgamynyň öňünde durýan esasy meseleleriň biri hem, milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmak we pul dolanyşygyny çaltlandyrmak bolup durýar. Şu meseläni çözmek üçin banklar bank kartlary bilen hasaplaşyklary geçirmegi makul bildiler.

Ýurdumyzyň çäginde bank kartlar bilen geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda çykaran № 6 buýrugy bilen tassyklanan "Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda" Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanda ilkinji bankomat 1996-njy ýylda girizildi we häzirki wagtda, esasan, öz banklarynyň çykarýan bank kartlaryny ulanýar. Türkmenistanyň daşaiy ykdysady iş döwlet bankynyň "Milli kart" (onuň üç görnüşi hereket edýär; "Altyň millikart"; "Kümüş millikart"; "Milli kart" we "Wiza kart"), "Türkmenistan" döwlet täjirçilik bankynyň "Türkmenkart", Türkmenistanyň Merkezi bankynyň "Altyn asyr" atly bank kartlary ilata hyzmat edýär.

Häzirki wagtda bank töleg kartlar, esasan, diňe nagt pul almak üçin ulanylmaýar Ilkibaşda bank töleg kartlary boýunça işi ýola goýmagyň örän köp çykdajylary talap edýändigine garamazdan, olaryň bank üçin ähmiýetli taraplary köpdür:

Bank töleg kartlary raýatlaryň ýanyndaky nagt serişdeleri dolanyşyga çekmäge mümkinçilik döredýär we bankyň çekilen serişdeleriniň artmagyna getirýär.

1. Nagt pul dolanyşygyna hyzmat etmek we pulhana amallary bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär.

2. Bankomat gije-gündiziň dowamynda işläp bilýär.

3. Müşderilere bank töleg kartlaryny bereni üçin we onuň bilen baglanyşykly amallary geçirmek üçin bank ýygym töleglerini alýar.

Bank töleg kartlary müşderilerde hem uly gyzyklanma döredýärler, sebäbi kartlar, birinjiden köp nagt pul serişdelerini göterip gezmek bilen baglanyşykly töwekgelçiligi

aradan aýyrýarlar, ikinjiden, ýitirilen ýagdaýynda banky habarly edip, pul serişdeleriniň hereketini saklamak mümkinçiligini döredýärler, üçünjiden tölegleri geçirmegiň hilini (tizligini) ýokarlandyrýarlar.

Häzirki döwürde çykarylýan bank töleg kartlary döwrüň ösmegi bilen has-da kämilleşýär. Onuň ýerine ýetirýän wezipeleri, tehniki häsiýetleri we aýratynlyklary tapawutlydyr, olaryň artykmaçlyklarynyň biri hem töleg kartoçkalary rugsat edilmedik daşky täsirlerden ýokary derejede goralandyr. Bank töleg kartlarynyň kömegi bilen dürli hyzmatlar we harytlar üçin tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylyp, karz we goýum amallary geçirilip bilner.

Türkmenistanyň çäginde bank töleg kartoçkalarynyň giňden ýaýbaňlandyrmak esasynda ýurdumyzyň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmek, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, milli ykdysadyýetde pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyrmak hem-de nagt däl pul dolanyşygyna ilatyň nagt serişdelerini çekmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň iş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin 2008-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti "Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatnama üpjünçiligi we kartly töleg ulgamyny kämilleşdirmek hakynda" 9362-nji belgili Karary kabul etdi. Bu Karary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Merkezi banky öz öňünde maksat goýup degişli işleri alyp barýar. Merkezi bankyň "Altyn asyr" kart ulgamy ähli banklaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň paýtagtyndan başlap, hemme welaýatlarda gurnamak göz öňünde tutulýar.

Dünýä tejribesinde nagt däl hasaplaşyklar dürli görnüşlerde bolýar. Günbatar ýurtlarynda:

1. Bank awtomatlaryň üsti bilen hasaplaşyklary geçirmek (pul almak, karz almak, hasap barada maglumat almak, hasaplardan başga hasaplara pullary geçirmek);

2. Söwda nokatlarynda terminallary ulanmak (haryt satyn almak üçin töleg geçirmek we gerek wagtynda nagt pul almak);

3. Telefon arkaly hasaplary geçirmek;

4. "Home bankin" (internet arkaly öýde oturyp hasaplaşyk geçirmek) görnüşleri has giňden ulanylýar.

Nagt däl hasaplaşyklary ösdürip, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyryp töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak, söwda we hyzmatlar babatda olaryň hasabynyň ýoredilişini we dolanyşygyna gözegçiligi kämilleşdirmek işleriniň amala aşyrylmagy we durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaga, milli puluň hümmetini berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we pul serişdeleriň kadaly dolanyşygyny üpjün etmäge, makroykdysady görkezjileri has-da gowulandyrmaga we halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem müşderileriň pul serişdelerini berk gorap saklamaga we peýdalanylmaýan mümkinçilikleri ýüze çykarmaga oňyn täsir eder.

Daşary ýurtlarda bank kartlary diňe bir nagt pul serişdeleri almak, harytlary we hyzmatlary tölemek üçin ulanylman, eýsem müşderilere bank töleg kartlarynyň görnüşine laýyklykda dürli hyzmatlar hem hödürlenýär.

Annamyrat GYLYJOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.