Makalalar

Nebiti gazyp almagyň taryhyndan

https://ussatnews.com/storage/posts/2505/original-161b79fb213dac.jpeg

Tebigy ýangyç bolan nebiti gazyp almagyn we durmuşda ulanyp başlamagyň taryhy biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllyga uzaýar. Bu döwürlerde Ýakyn Gündogaryň halklary nebiti ýangyç, çyra hökmünde, şeýle hem gurluşyk materiallaryny (bitum, asfalt) taýýarlamak üçin ulanypdyrlar.

Ilki döwürlerde nebiti üsti açyk suw howdanlaryndan alypdyrlar. Biziň eýýamymyzyň 347-nji ýyllarynda Hytaýda ilkinji gezek nebiti gazyp almak üçin ýerde buraw işlerini geçiripdirler. Turba hökmünde bambuk agajynyň içi köwlen baldaklary ulanylypdyr.

1264-nji ýylda italýan syýahatçysy Marko Polo Azerbaýjanda bolup görüp, ýerli ilatyň ýerden çogup çykýan nebiti ýygnaýandyklary barada ýazypdyr, Nebit bilen bagly söwdanyň ýola goýlan pursatlary hem şu döwre gabat gelýär.

1500-nji ýyllarda Polşada nebiti ilkinji gezek köçeleri yşyklandyrmak üçin ulanypdyrlar, Nebit bu ýere Karpat töwereklerinden getirilipdir.

Häzirki zaman gömüşli nebit guýulary ilkinji gezek 1849-njy ýylda Hazar deňzipde, Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdan uzakda bolmadyk Apşeron ýarymadasynda burawlanypdyr. Nebitden kerosin alynmagy häzirki döwürde ulanylýan köp gömüşli nebit önümlerini öndürmegiň başyny başlan waka bolupdyr. XIX asyryň dowamynda nebit burawlamak dünýäniň beýleki yklymlaryna hem giňden ýaýrapdyr.

Ýakup SOLTANMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.