Makalalar

ÖSÜŞIŇ, ROWAÇLYGYŇ ÝOLY BILEN

https://ussatnews.com/storage/posts/2506/original-161b7a5bd62581.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, innowasion tehnologiýalar, ylmyň gazananlary we öňdebaryjy dünýä tejribeleri ykdysadyýetimize giňden omaşdyrylýar. Jemgyýetimiziň aň-bilim, döredijilik mümkinçilikleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýaş alymlary, ýokary derejellhünärmenleri taýýarlamakda uly ösüşler gazanylýar. «Türkmenistanyň 'Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän düýpli, ylmy-amaly barlaglar ýerine ýetirilýär, täze innowasion tehnologiýalar döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň oktýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «EKSPO—2020» Bütindünýä sergisi öz işine başlady. Bütindünýä sergisine dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy, dürli guramalar, gaznalar hem-de bilim düzümleri gatnaşmak bilen, ylym, tetinika, binagärlik we sungat ulgamlarynda gazananlaryny görkezýärler. Serginiň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygary bar. Onuň çägi «Mümkinçilik», «Ykjamlyk», «Durnukly ösüş» diýlip atlandyrylan ägirt uly bölümlere bölünendir.

«EKSPO—2020» Bütindünýä sergisiniň işiniň çäklerinde «adamzat üçin iň gowy geljegiň» bähbidine täze başlangyçlary ilerletmek göz öňünde tutulýär. Şol başlangyçlar tebigy serişdeler, energiýany tygşytlamak we «ýaşyl» ykdysadyýet meseleleri bilen bagly taslamalaryň ählumumy wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň «EKSPO—2020» Bütindünýä sergisine gatanşmagynyň esasy maksady özygtyýarly ösüşiň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistan bu Bütindünýä sergisinde ilkinj ileriň biri bolup, milli gününi geçirdi, munuň özi dürliöwüşginli çäreler bilen utgaşdy. ^

«Ykjamlyk» atly mowzuklaýyn zolakda ýerleşdirilen Türkmenistanyň bölüminiň binagärlik keşbi okgunly ösüşiň girewi hökmünde hemişelik hereket pikirini beýan edýär. Turkmen bölüminiň tapawutly aýratynlygy milli bezegiň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynda jemlenýär. Bölümde täze tehnologiýalaryň hem-de multimedia enjamlarynyň, ýörite LED- panelleriň giňden ulanylmagy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň köpugurly ykdysady hem-de medeni kuwwaty, ösüşiň ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada aýdyň düşünje hem-de doly maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Begenç BÄŞIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.


169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

168c37ec2b1350.jpeg
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.


168c37463e56b7.jpeg
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.