Makalalar

Iň köp kitap okaýan halklar

https://ussatnews.com/storage/posts/2524/original-161bc9e7a358a0.jpeg

Kitap adamyň hemişelik ýakyn syrdaşy. Eýsem dünýäde iň köp kitap okaýan halklar haýsylarka?

Geçirilen seljermeler netijesinde, bu ugurda öňdeligi Hindistanyň raýatlarynyň eýeleýändigi belli boldy. Bu ýurduň ilaty hepdede 10,7 sagada golaý wagtyny kitap okamaga sarp edýär. Taýlandyň halky hem okamak babatda yza galýanlardan däl. Bu ýurduň ilaty hepdäniň 9,4 sagadyny kitap okamaga bagyş edýär. Ilat sany boýunça dünýäde iň öňde barýan Hytaýyň raýatlary hepdede 8 sagadyny kitaba sarp etmek bilen, okamak babatda ilkinji üçüň biri bolup durýar.

Bu görkezijiler, häzirki zamanda habar beriş, güýmenje serişdeleriniň şeýle köp görnüşli artmagyna garamazdan, kitabyň ynsanyň iň ýakyn hemrasy, syrdaşy hökmünde wajyp ornuny saklap galýandygyny görkezýän bolsa gerek.

Aýbeg BAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.

169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.