Ýurdumyzyň ykdysady ulgamy sanlylaşdyrylýar
Berkarar döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ösen ýurtlaryň derejesine çykmak bilimlere we innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şu nukdaýnazardan milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Prezident maksatnamasyna laýyklykda, geljekde ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we döwrebap IT-düzümlerini döretmek strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi.
Häzirki wagtda barha ýokary depginlere eýe bolýan sanlylaşdyrmak ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň işleriniň degişli tehnologiýalar bilen üpjün edilmegine getirýär. Sanly ykdysadyýetde maliýe ulgamynyň orny berkidilýär. Munuň özi ykdysadyýet ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen ösüşiň tapgyrlaýyn hem-de yzygiderli amala aşyrylmagy üçin zerur şertleri döredýär.
Ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy onuň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasiýalaryň hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegini çaltlandyrýar. Şol sebäpli-de, milli ykdysadyýetimizde sanly tehnologiýalary ulanmagyň barşynda täze senagat düzümleri kemala getirilýär we bu ulgam barha aýgytly ädimler bilen öňe barýar.
Maliýede, salgyt-býujetde, maýa goýumlarynda, nyrh syýasatynda, ätiýaçlandyryşda, auditorlyk işinde, buhgalter hasabatynda, maliýe hasabatlylygynda, maliýe howpsuzlygy ulgamynda hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny ornaşdyrmakda sanly serişdeler işjeň ulanylýar. Sanly ulgamy dolandyrmak üçin täzeçe işlemegi başarýan hünärmenleriň täze nesli kemala getirilýär. Olaryň döwrebap işleriniň durmuşa geçirilişiniň netijesinde ykdysadyýet we maliýe boýunça dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň websaýtlary hereket edýär. Şeýle websaýtlar islendik ugurda, şol sanda ykdysadyýet ulgamynda hem maglumatlary elýeterli edýär, işi ýeňilleşdirýär we onuň ýerine ýetirilişini çaltlandyrýar.
Häzirki wagtda ykdysadyýet ulgamynda, onuň sebit gulluklarynda we degişli düzümlerde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça öňki alnyp barylýan depginli işleriň has-da kämilleşdirilmegi üçin içerki ulgam gözegçiliginiň usulyýet esaslary işlenilip taýýarlanylýar we ol durmuşda ulanylýar. Şeýle hem dürli ýygnaklaryň, mejlisleriň onlaýn usulynda geçirilmegi, ykdysady pudaklaryň, kärhanalaryň we guramalaryň maliýe-ykdysady işleriniň jemleri boýunça seljerme, hasaplaşyk hem-de hasabat maglumatlary toplanylanda, sanly ulgamdan peýdalanmak doly düzgüne girýär. Şeýle täzelikleriň biri-de, IT-tehnologiýalary arkaly sanlylaşdyrmagyň ýola goýulmagydyr. Bu usul ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy düýpli özgerdip, onuň dünýä derejesinde amala aşyrylmagyny üpjün eder. IT-tehnologiýalarynyň kömegi bilen awtomatlaşdyrylan hasaby we hasabatlylygy ýöretmek boýunça programmalaýyn önümler işlenilip taýýarlanylandyr. Olary peýdalanmak babatda ulgamyň ýeterlik tejribesiniň bardygyny-da bellemek bolar. Täze tehnologiýalar hasaby ýokary hilli, ygtybarly we amatly alyp barmagy üpjün edýär. Munuň üçin bar bolan programmalary ulanmak ýeterlikdir. Ýöriteleşdirilen programmalar innowasion usullarda işlemäge we ýurdumyzy yzygiderli senagatlaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleriň kynçylyksyz çözülmegine itergi berýär.
Milli ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagy hakynda gürrüň edilende wajyp maglumatlaryň dünýä boýunça uly möçberini özleşdirmek, elektron söwdada işjeňlik görkezmek, elektron täjirçiligi, halkara söwda gatnaşyklary amala aşyrmak meselelerini çözmäge-de ukyplydygyny bellemek bolar.
Ykdysady syýasatyň häzirki şertlerinde sanly tehnologiýalaryň ulgama girizilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady babatda kuwwatlanmagyna esas bolýar. Serişdeleri tygşytlamagyň hem-de işi çalt amala aşyrmagyň, awtomatik usullary ulanmagyň netijesinde ýokary hilli tehnologik pudaklary ösdürip, milli ykdysadyýetimiz dünýä bazaryna çykarylýar.
Eziz Watanymyzda ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagy milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze usullarda işlenilmegini, işewürligiň we maýa goýumlaryň amala aşyrylmagynyň höweslendirilmegini, tehnologik pudaklarda üpjünçiligiň has-da ýokarlandyrylmagyny döwletiň garamagyndaky we hususy kärhanalarda, önümçilikde ýokary göterilişigiň emele gelmegini üpjün etdi. Bu bolsa, biz — ykdysadyýetçileriň täze usullarda işlemäge bolan ukyp-başarnygymyzyň has-da ýokarlandyrylmagyna bolan döwrebap çagyryşdyr.
Goý, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Ymamguly REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.