ILKINJI GAZETLER
ILKINJI GAZETLER
Gazet-aýda azyndan bir gezek çap edilýän neşirdir. Gazetler biziň durmuşymyzda uly ähmite eýedir. Biz olar arkaly dünýä täzeliklerinden habarly bolýarys.Eýsem häzirki günlerde biziň gözýetimimizi giňeldýän gazetler haçan ýüze çykdyka?! Biziň e.ö II asyrlarda rimliler agaç tagtalaryň üstüne bolan wakalary beýan edip başlapdyrlar. Emma Ýuliý Sezar Senatyň mejlisiniň hasabatyny hökmany paýlamagy buýurmazdan ozal habarlar resmi häsiýete eýe bomandyr. Gazetler XVI asyrda häzirki zaman keşbine eýe bolup başladylar. Şeýlede “gazet” ady ulanylyp başlady, ol hem Wenesiýadaky golýazma kagyzlary üçin tölenýän kiçijik italýan gazetta teňňesi bilen baglanyşyklydyr. Hut şu şäherde maglumat ýygnamak üçin ilkinji býurolaryň döredilendigi, habar agentlikleriniň prototipleri we “habarlar hünäri” dörändigi aýdylýar.1657-nji ýylda iňlis gazetleriniň biri ilkinji mahabat pozisiýasyny neşir etdi, tiz wagtdan patyşa Karl II itiniň ýitirim bolmagy barada şahsy mahabatlary ýerleşdirdi.Saklanyp galan iň köne neşirleriň biri 1621-nji ýylda neşir edilen “kurant” nusgalary hasaplanýar. “Habarçy hatlaryň” mazmunynyň esaslary daşary ýurt metbugatyndan we rus diplomatlarynyň we daşary ýurtly söwdagärleriň hasabyndan terjime edilipdir. Ilkinji çap edilen gazetler beýleki Ýewropa oýlap tapyşlary ýaly Russiýa döwletinde Petr I döwründe peýda boldy we 1702-nji ýylda “sanawnama” peýda bolup başlady.
Ogultäç Gurbanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.