Makalalar

Ýurdumyzda ekologiýa kanunçylygy kämilleşdirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/2605/original-161cc5168c6972.jpeg

Berkararlyk döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki zaman dünýäsinde tebigatdan jogapkärçilikli peýdalanmak dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň uzak möhletleýin durnukly ösüşiniň esasy ýoludyr. Ekologiýa heläkçilikleriniň öňüni almak, geljekki nesil üçin abadan durmuşy berkarar etmek bilelikdäki tagallalary talap edýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan tutumly özgeretmeler, halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara forumlarynda we maslahatlarynda ekologiýa ulgamynda öňe sürýän başlangyçlary we ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işler munuň aýdyň beýanydyr.

Daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ony geljekki nesillerimize asyl durkunda we baýlaşdyryp miras goýmak meselesi «Türkmenistanyň Pre-zidentiniň ýur¬du¬my¬zy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak maksady bilen, ýurdumyzda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän senagat önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan bu işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatyndan hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilen ýörelgelerden ugur alýar. Diýarymyzyň ekologiýa dürlüligini gorap saklamagyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda halkara hukuk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda ekologiýa kanunçylygy düýpli kämilleşdirildi. Ekologiýa kanunçylygynda binýatlaýyn häsiýete eýe bolan «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ekologiýa kanunçylygynyň döredilmeginde aýratyn möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu Kanun tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologiýa ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Kanunda tebigaty goramak babatda esasy ýörelgeler, tebigy gurşawyň goralmaga degişli obýektleri, şeýle hem ekologiýa hukuk düzgünleriniň emele gelmegine we berkidilmegine, tebigaty goramakda, adamlaryň ýaşaýşyny we saglygyny üpjün etmekde kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen guramaçylyk, hukuk, ykdysady we terbiýeçilik maksatly çäreler kesgitlendi. «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» we başga-da ençeme Türkmenistanyň kanunlarynyň hem-de kodeksleriň kabul edilmegi bilen Türkmenistanda ekologiýa babatda berk kanunçylyk binýady emele geldi.

Ýurdumyzda ylmy esasda bazar gatnaşyklaryna geçilmegi, täze tehnologiýalaryň girizilmegi netijesinde döwletiň önümçilik kuwwatynyň artmagy, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi ekologiýa gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine bolan zerurlygy has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň güýçli depginler bilen ösýän döwründe täze ýüze çykýan ekologiýa gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen täze kanunlaryň kabul edilmegi hem-de bu ulgamda hereket edýän kanunlaryň rejelenip täzeden kabul edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Ekologiýa kanunçylygynyň binýadynda durýan «Radiasiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» we beýleki birnäçe Türkmenistanyň Kanunlary ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajyp meseleleriniň çözülmeginde ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Ekologiýa kanunçylygy döwletimiziň hem-de dünýäniň giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmegiň, ýagny, howanyň arassalygyny üpjün etmegiň we şäherleri gurşap alýan «gök guşaklary» ösdürmegiň, suw, ýer we tokaý serişdeleriniň berk goragyny döretmegiň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamagyň hukuk binýadydyr.

Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramaga we tebigata aýawly çemeleşmegiň wezipelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň goşulyşmagy, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde hereket edýän kanunçylyk namalaryna umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň ornaşdyrylmagy daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Milli Maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde her ýylda 3 million saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, «Awaza» milli syýahatçylyk we “Altyn köl” dynç alyş zolaklaryny bagy-bossanlyga öwürmek, ekerançylyk meýdanlarynda gorag tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle hem Aralýaka sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýatynda Bötendag belentliginiň töwereginde 20 müň gektar meýdanda tokaýlaşdyrmak işleri geçirildi. Munuň özi Aralýaka sebitinde ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagy, çölleşme hadysasynyň öňüniň alynmagy, biodürlüligiň baýlaşmagy, öri meýdanlaryň giňelmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Ýurdumyzda ekologiýa syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, bu ugurda halkara başlangyçlary öňe sürýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Batyr ORAZMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.