Habarlar

«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/2621/original-161cec5f4d84bc.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.

Bu bellenilen döwür üçin meýilnamadan 29 san köpdür. Netijede «gara altynyň» goşmaça 256 tonnasy alyndy.

Umumna, «Türkmennebit» döwlet konserni nebitgaz ýataklarynyň ulanylyşynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, täze uglewodorod känleriniň gözlegini we barlagyny artdyrmak, olary özleşdirmek we çykarylýan çig malyň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça işleriň toplumyny durmuşa geçirýär.

Häzirki wagtda nebiti çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň ähli tapgyrlarynyň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen sanly taslamalar durmuşa geçirilýär.

Başga habarlar
16a67a1bfe1c4f.jpeg
Belli žurnalist Jon Defterios OGT 2026 maslahatynyň esasy alyp baryjysy bolar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri täze tapgyra girdi. Giň gerimli forum «Energiýa. Sazlaşykly hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.


16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.


16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.