Gyzyl ýa-da dag möjegi
Gyzyl ýa-da dag möjegi, gyzyl möjek urugynyň diri galan, hemmeler üçin mälim bolmadyk ýeke-täk görnüşidir. Bu ýyrtyjy, ýitip gitmek howpy abanýan görnüş hökmünde Halkara Gyzyl kitabyna girizilendir. Soňky maglumatlara görä, biziň planetamyzyň ýabany tebigatynda gyzyl möjegiň 2,5 müňden köp bolmadyk osoby bar. Ony halas etmek üçin halkara çäreler görülýär.
Esasan, gyzyl möjek Aziýanyň günorta we merkezi sebitlerinde - sanynyň azalmaýan ýeke-täk ýurdy bolan Hytaýda, Indoneziýada, Tibetde, Mongoliýada, Russiýanyň gündogar Sibirinde ýaşaýar. Gyzyl möjek uly haýwan, ýöne çal kärdeşlerinden has kiçidir. Gysga we dar agzy, galyň gyzyl-goňur saçlary, uzyn, tüýdük şekilli gara guýrugy we uly gulaklary bar. Örän çalasyn we işjeň ýyrtyjy bolup, ol ýüzün, böküp 4 kilometre çenli belentlige çykyp bilýär. Ol dag eteklerine we düzlüklere diňe ýyrtyjylyk üçin barýar.
Adamlar üçin gyzyl möjek howply däl. Ol adamlardan we olaryň öýlerinden uzak durmaga çalyşýar. Şeýle möjekler ýeke özi-de, ownuk sürülerde-de aw edip bilýärler. Ýolbars ýa-da gaplaň ýaly iri ýyrtyjylary hem awlap bilerler. Emma köplenç, gyzyl möjekler keýikleri we sugunlary awlaýarlar. Tomusda bolsa witamine baý ösümliklerden iýmitlenýärler. Gyzyl möjegiň duşmany adaty çal möjekdir. Olar has uly uýgunlaşma eýe, çalt köpelýär we ýitip barýan gyzyl kärdeşleriniň ýerini dolýarlar. Mundan başga-da, adamlaryň täze sebitleri özleşdirmegi netjesinde ýabany haýwanlaryň sany azalýar we möjekler üçin iýmit ýetmezçiligi ýüze çykýar. Şonuň üçin gyzyl möjekleriň diri galan ýerinde olary goramak üçin ätýaçlyklar döredilýär.
Gülnur Otyzowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.