Türkmenistanyň Prezidenti Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumyny açdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Çoganly şäherçesinde bina edilen Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmetini, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepaly ruhda terbiýelemek ugrunda bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe bolandygyny hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş jaý toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş toplumynyň ilatynyň we içeri işler edaralarynyň şahsy düzümleriniň ýüztutmalaryny hem-de Içeri işler ministrliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, bu topluma içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynyň diwarynda içeri işler gullugynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň diwar heýkeliniň şekili ýerleşdirildi. M.Berdimuhamedowyň ömür we döredijilik ýoly watansöýüjilik we Watanymyza hem-de mähriban halkymyza wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelenilýän ýaş türkmen esgerleri üçin nusgalyk görelde bolup durýar.Ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynyň içinde Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan özboluşly muzeý döredildi. Şol ýerde arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglary hem-de harby atlary hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary we suratlar jemlenipdir. Sergide şeýle hem milli Liderimiziň kakasynyň içeri işler edaralarynda gulluk eden ýyllarynda ulanan awtoulaglarynyň hem-de mototehnikalarynyň suratlary goýlupdyr.
Ähli amatlyklary bolan bu kottejler toplumy 2017-nji we 2019-njy ýyllarda gurlan iki binalar toplumynyň üstüni ýetirdi. Içeri işler ministrliginiň buýurmasy boýunça jaýlaryň gurluşygyny onuň garamagyndaky gurluşyk kompaniýasy amala aşyrýar. Iki gatly kottejleriň her biri giň otaglaryň bäşisinden ybaratdyr. Ýurdumyzdaky döwrebap desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, bu jaýlarda hem öý eýeleriniň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin oňaýly şertler göz öňünde tutuldy.
Bu kaşaň jaýlarda mähriban halkymyzyň däp-dessurlarynyň ruhunda baýramçylyk, maşgala çärelerini guramak, myhmanlary kabul etmek, toýlary we sadakalary, beýleki dabaralary geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şeýle ýaşaýyş jaýlary gurlanda, ýaşaýyş-durmuşyň däp bolan ýörelgeleriniň aýratynlyklary hem-de ýaşaýjylaryň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulýar. Kottejleriň gurluşygynda ýerli çig maldan öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Ussat news
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.