Türkmenistanyň halk artisti Läle BEGNAZAROWA
Aýdym-sazyň inçe syrlaryny ele almak, kämilleşmek üçin irginsiz zähmet çekmeli bolýar. «Jan Türkmenistan», «Sährasynda türkmeniň», «Arkadagyň ak ýollary» «Käbäm ejem», «Seni göresim gelýär», «Ýaşlyk», «Unutma», «Sorama» ýaly aýdymlary bilen halkymyzyň söýgüsini gazanan aýdymçylaryň biri hem Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Altyn menzil» folklor, aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowadyr. Biz hem, Läle Begnazarowa bilen söhbetdeşligi USSAT NEWS elektron gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.
– Söhbetimiziň başyny sungat älemine gelşiňiz barada başlaýaly.
– Aýdym-saza bolan höwesim çagalyk ýyllarymdan başlandy. 3 ýaşymda aýdym aýdyp başlan hem bolsam, 5 ýaşymdan halk köpçüliginiň öňüne çykyp başladym. Mekdep ýyllarynda dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Kaka etrabynyň Gozgan obasyndaky 6-njy orta mekdebi tamamlap, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dilleri fakultetiniň iňlis dili hünärine okuwa girdim. Talyplyk ýyllarymda Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewden dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwrendim.
– Siziň maşgalaňyz mugallymlar maşgalasy hem bolsa, siz aýdym-sazy saýlapsyňyz?
– Biziň maşgalamyz mugallymlar maşgalasy. Ejem himiýa, kakam bolsa biologiýa mugallymy. Biz maşgalada 11 dogan bolup, olaryň ählisi diýen ýaly ejem bilen kakamyň hormatly kärlerini dowam etdirýärler. Jigilerim Dilberdir Ýazgeldi ykbalyny aýdym-saza bagyş etdi.
– Toparyňyz barada-da gysgaça aýdaýsaňyz?
– Toparymyzda Dilber Gurbanowa, Raj Ilamanow, Muhammet Myradow, Aýna Mämmedowa ýaly zehinli ýaşlaryň bolmagy, diýseň buýsandyrýar. Bu ýaşlarda hyjuw, joşgun bar. Olar bilen aýdymlaryň üstünde işlemek hem kyn düşmeýär.
– Çagalaryňyzyň aýdym aýtmagyna nähili garaýaňyz?
– Begenýän. Aýdym-sazda gudrat, jady bar. Oglum Begnazardyr gyzym Selbinyýazda aýdyma bolan söýgini duýýaryn. Çagalarymyň ikisi hem aýdym aýdýar. Gyzym diňe bir aýdym aýtman, el işleri bilen hem meşgullanýar. Ol el işleri boýunça geçirilýän ýaryşlarda birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardy.
– Haýsy şahyrlardyr kompozitorlar bilen işleşýärsiňiz?
– Men Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, şahyrlar Myrat Ömüriň, Kakamyrat Rejebowyň, Öwezmyrat Orazowyň sözlerine, şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň, dutarçy Kerwen Aýdogdyýewiň, ýaş kompozitor Ajap Rejebowanyň hem-de öz döreden aýdymlarymy ýerine ýetirýärin.
– Siziň özüňiz nähili aýdymlary diňlemegi gowy görýärsiňiz?
– Men türkmen halk aýdymlarynam, estrada aýdymlarynam diňlemegi diýseň gowy görýärin. Orazgeldi Ylýasowyň, Sahy Jepbarowyň, Nabat Nurmuhammedowanyň aýdan aýdymlaryny hemişe diňleýärin. Parahat Şyhymowyň, Kyýas Durdyýewiň, estradada Gülşat Gurdowanyň, Parahat Amandurdyýewiň, Zylyha Kakaýewanyň, Sahydursun Hojakowanyň, Gözel Öwezowanyň we ýaş aýdymçy ýigit Amanmuhammet Nazarowyň aýdýan aýdymlaryny uly höwes bilen diňleýärin.
– Geljekki maksatlaryňyzy, arzuwlaryňyzy hem eşidäýsek?
– Mirasymyza çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz aýdym-saz sungatymyzyň kämilleşmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Meniň maksadym – halypalardan miras galan bu sungatda özgelere meňzemeýän, öz ýolumy tapyp, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza hyzmat etmek.
– Gürrüňdeşligiňiz üçin sag boluň! Size aýdym-saz äleminde elmydama üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris! Mahmal owazyňyz bagtyýarlyk döwrümizde has-da belentden ýaňlansyn!
– Sag boluň! Aýdym-sazyň aşygy bolan mähriban halkymyzyň eziz Arkadagymyzyň saýasynda mundan beýläk hem eşretli durmuşda ýaşamagyny, her bir ojaga rysgal-döwlet, bagt, agzybirlik arzuw edýärin! Bizi bagtyýarlygyň sakasynda erkana ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň elmydama jany sag, ömri uzak bolsun. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow
Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.