Syrly gaz alawyň öz taryhy bar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýyldaky ilkinji mejlisinde çykyş edip, 50 ýyldan gowrak wagt bäri Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem şol töwerekde ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini belledi.
Bu meselä ünsüň jemlenmegi şol sebitiň ekologiýa ýagdaýy, ol ýerde ýaşaýan adamlaryň saglygy, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen bagly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, “indi uzak ýyllardan bäri bu sebitde tebigy gazyň uly möçberi ýanyp dur, bu ýagdaý ekologiýa, şeýle hem gowagyň golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Galyberse-de, biz eksport edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji aljak çig malymyzy ýitirýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňky ýyllarda Aşgabatdan 260 kilometr demirgazykda, Derweze şäherçesinde ýanyp duran gaz alawy ýurdumyzyň dünýä meşhur ýerleriniň birine öwrüldi. Adaty bolmadyk bu hadysa dürli tebigy täsinlikler bilen gyzyklanýan alymlaryň we köpsanly jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.
Halk arasynda bu täsinlik barada dürli rowaýatlar düzüldi. Emma ilki göräýmäge syrly bolan bu hadysanyň öz taryhy bar.
Bar bolan maglumatlara görä, ol 1971-nji ýylda başlaýar, şonda bu ýerde işleýän geologlar çölde tebigy gazyň toplanan ýerasty gatlagynyň üstünden barýarlar. Ol işlenip başlananda ýer hopup, buraw desgasy ýeriň aşagyna gidýär, emele gelen gowakdan gaz çykyp başlaýar. Gowagyň diametri 60 metre, çuňlugy 20 metre barabar bolýar.
Adamlaryň we mallaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak maksady bilen geologlar çykýan gazy ýakýarlar, wagtyň geçmegi bilen öçer diýip pikir edýärler. Emma ol häzire çenli ýanmagyny dowam edýär, bu tebigy hadysa hatda älemden hem görünýän eken. Alawyň gyzgyny hem-de gowagyň ýakalarynyň çökmegi onuň içine aralaşmagy we hadysany öwrenmegi bökdeýär.
2013-nji ýylyň noýabrynda Kanadadan bolan syýahatçy we alym Jorj Koronis gowagy öwrenmek hem-de topragyň nusgalaryny almak üçin ýanyp duran gowagyň düýbüne sallanýar.
Koronisiň gürrüň bermegine görä, ol bu barlagy geçirmäge bir ýarym ýyl taýýarlyk görüpdir. Oňa başlamazdan öň, ol ýerli jülgede türgenleşik işlerini geçirýär. Gyzgyna durnukly lybasda ýörite çekilen ýüp boýunça gowaga sallanyp, ýanyna dem alyş enjamyny hem-de sargyt esasynda taýýarlanylan gyzgyna eremeýän ýörite alpinistik esbaplaryny alýar. Şeýle hem gaýduwsyz alym türgenleşmek üçin ýörite hünärmeni hakyna tutýar, ol şeýle ýagdaýda howsala düşmezligi üçin alymy otlap durýar.
Alym gowaga düşende başdan geçiren duýgularyny özge planeta syýahat bilen deňeşdirýär. Dem alyş enjamyny, ýüpleriň ýagdaýyny barlap durmak, wideo bilen surata düşürmek işleri oňa ýaýdanmaga maý bermeýär.
«Gowak maňa alawyň Kolizeýini ýatlatdy: haýsy tarapa seretseň, alawyň müňlerçe yşyklary görünýär. Onuň içindäki ses bolsa, ýanýan gazyň sesini basýan reaktiw hereketlendirjiniň güwwüldisine meňzeýär. Tüsseden bolsa nam-nyşan ýok» diýip, Koronis žurnalistlere gürrüň beripdi.
Töwekgelçilik özüni ödedi: ýokary gyzgynlyga durnukly bakteriýalary tapmak başartdy. Şol bakteriýalaryň hiç ýerde duş gelmän, ýanyp duran gowagyň düýbündäki uly bolmadyk ekoulgamda arkaýyn ýaşamagy hem haýran haldyrdy. Ýaşaýşyň şeýle görnüşleriniň tapylmagy astrobiologiýa nukdaýnazaryndan örän möhümdir, çünki Gün ulgamynyň çäklerinden alyslarda bar bolan köp planetalardaky şertler türkmen täsinligini ýadyňa salýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaz ýangynyny söndürmek we ony halkyň bähbidine peýdalanmak barada beren tabşyrygynyň köp sanly daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekmegi bolsa, olaryň täzelikleridir habarlarynda öz beýanyny tapan Derwezäniň gaz gowagynyň giň jemgyýetçilik üçin näderejede gyzyklanma döredýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.