Zawodlar toplumynyň täze önümi ekologik abadançylyga uly goşant bolar
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy diňe bir ýurdumyzda ýa-da Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, dünýäde nebit önümlerini gaýtadan işleýän iň iri kärhanalaryň hataryna girýär. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyndaky ilkinji mejlisinde bu ýerde nebit önümleriniň täze görnüşiniň — EURO-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzininiň öndürilip başlanandygy hakyndaky hoş habar nebitgaz toplumynyň ähli önümçilik düzümlerinde uly ruhubelentlik joşgunyny döretmek bilen, çig nebiti gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny subut etdi.
Benziniň bu görnüşiniň dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilýän iň häzirki zaman awtoulaglarda ulanylyp, ekologiýa taýdan has arassalygy we tygşytlylygy bilen tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Onuň hil görkezijilerini EURO-6 ekologik talaplaryna laýyk getirmek üçin zawodlar toplumynyň awtoulag benzinleriniň komponentlerini öndürýän desgalarynyň iş düzgünlerine üýtgetmeler girizildi we öndürilýän komponentleriň hil görkezijileri berk gözegçilikde saklanyldy. Barlaghana şertlerinde ýörite synaglar geçirilip, täze önümiň komponent düzümi kesgitlenildi. Ekologiýa taýdan arassa, täze etilirlenmedik A-98 kysymly awtoulag benzinini almak üçin ýörite saýlanan çig mal gaýtadan işlenilip, gerekli komponentler alyndy we bu awtoulag benzininiň 14,36 tonnasy taýýarlanyldy. Häzirki wagtda bu önümi nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýesterine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Täze önümiň ýokary halkara hil standartlaryna laýyklygy hakynda aýdylanda bolsa, ony anyklamak üçin, ilki bilen, zawodlar toplumynyň barlaghanasynda geçirilen barlaglar arkaly onuň K5 ekologik talaplarynyň we EURO-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi kesgitlenildi. Soňra taýýarlanylan önümden synag üçin seçilip alnan nusgalyk «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyna ugradyldy. Bu ýerde alnan netijeler täze awtoulag benzininiň ýokarda agzalan halkara hil standartlaryny kanagatlandyrýandygyny kepillendirdi. Niderlandlar Patyşalygynyň «Saybolt» kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplarynyň we EURO-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalar berildi.
Şu ýerde K5 ekologik talaplary we EURO-6 standartlary barada gürrüň gozgalanda, K5 ekologik synpynda 1 kilogram ýangyçda kükürdiň mukdarynyň bary-ýogy 10 milligrama çenli bolup, zyýanly monometilaniliniň bolmagyna düýbünden ýol berilmeýändigini, EURO-6 standartlarynyň awtoulaglaryň hereketlendirijileri üçin has amatly hem-de ýangyç ýananda bölünip çykýan gazlardaky zyýanly maddalaryň möçberini berk kadalaşdyrýan ekologik standartdygyny bellemek gerek.
Çykarylýan nebit önümleriniň görnüşlerini giňeltmek we möçberlerini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebithimiýaçylarynyň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biridir. Soňky ýyllarda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary bilen täze tehnologiýalaryň, dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagy netijesinde ekologik taýdan arassa täze önümleriň çykarylyp başlanmagy diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Biz bu ýerde ýokarda agzalan A-98 kysymly awtoulag benzini bilen birlikde geçen ýylyň tomsunda zawodlar toplumynda Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň, şol sanda «Airbus» we «Boeing» uçarlarynyň gazturbinaly hereketlendirijilerinde ulanylýan Jet A-1 uçar ýangyjynyň, galyňlygy 20,25 we 30 mikrometr bolan gaplaýjy örtüklere goşmaça süýji önümleri we sowgatlar gaplananda ulanylýan galyňlygy 35 we 45 mikrometr bolan ak sadap polipropilen örtüginiň, oba hojalyk işlerini geçirmek üçin ozal daşary ýurtlardan satyn alynýan AN-2 ýeňil bir motorly uçarlar üçin benziniň önümçilikleriniň ýola goýulandygyny göz öňünde tutýarys.
Türkmenistanyň örän baý tebigy-çig mal serişdelerinden ýurdumyzyň içinde we daşarky bazarlarda geçginli ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň yzygiderli artdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagynda, ekologik abadançylygyň üpjün edilmeginde örän uly ähmiýete eýedir.
Oraznazar HEŞDEKOW,
Ussatnews.com.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.