Makalalar

Suw arassalaýjylaryň zähmet goşandy

https://ussatnews.com/storage/posts/2788/original-161f8d31c3a09b.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde Mary welaýatyna iş sapary wagtynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde bolup, bu ýerde tebigy gazyň çykarylyşy, bu hazynalar mekanynda zähmet çekýän gazçylaryň iş, durmuş şertleri bilen içgin tanyşmagy «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň hünärmenleridir işçilerinde-de egsilmeýän zähmet joşgunyny döretdi.

Gahryman Arkadagymyzyň mübärek şa gadamynyň düşmeginden şu ýyl üçin şowly badalgany alan kärhananyň zähmet adamlary milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda-da belent üstünlikleriň gazanyljak ýyly bolan 2022-nji ýylyň ilkinji aýyny oňat iş netijeleri bilen jemlediler.

«Galkynyş» gaz käniniň guýularyndan «mawy ýangyjyň» çykarylmagynda, bu ýerdäki tebigy gazy dünýä tehnologiýasynda kükürtden arassalaýan baş desgalarda gazyň ýokary hilli arassalanylyp, sarp edijilere ugradylmagynda hünärmenleriňdir işçileriň segsene golaýyny özünde jemleýän suw arassalaýjy desgalar toplumynyň zähmet toparynyň mynasyp goşandynyň bardygyny aýtmak gerek.

«Galkynyş» gaz käniniň toplumlaýyn özleşdirilmeginiň birinji tapgyrynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň milli nebitgaz korporasiýasynyň hünärmenleriniň türkmen kärdeşleri bilen bilelikde gurup, ulanmaga beren bu kärhanasy indi on ýyldan bäri gaz käniniň edara-kärhanalaryny dünýä ülňülerine laýyk arassa suw bilen bökdençsiz üpjün edýär. Toplumda taslama kuwwatlylygyna laýyklykda, her gije-gündizde on sekiz müň kubmetr arassa suw öndürilip, göwrümi 630 millimetr bolan ýokary basyşly suw geçiriji arkaly sarp edijilere bökdençsiz ugradylýar.

Suw arassalaýjy toplumyň önümçilik bölümleriniň her birinde dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen ýokary tehnologiýaly hem-de kuwwatly nasoslar, suw arassalaýjy enjamlar oturdylypdyr.

Garagum derýasyndan ýörite akaba arkaly getirilýän suw ilki toplumyň göwrümi 54 müň kubmetr bolan durlaýjy howzuna akdyrylýar. Elbetde, suw arassalaýjy toplumyň öz kuwwatly ýer gazyjy mehanizminiň bolmagy suw getiriji akabanyň ugruny wagtly-wagtynda gyrmançadan arassalamaklyga hem-de durlaýjy howza hemişe suwuň ýeterlik möçberini toplamaklyga mümkinçilik berýär.

Bellenilen tehnologik talaplara laýyklykda, soňra suw önümçilik bölümlerindäki galdyryjy beketleriň enjamlarynda himiki serişdeleriň, kuwwatly süzüji hem demirsizlendiriji süzgüçleriň kömegi arkaly birkemsiz arassalanylýar.

Kärhananyň hil barlaghanasy kämil tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Munuň özi arassalanylan suwuň düzümini, hilini takyk kesgitlemeklige hem-de sarp edijilere talabalaýyk arassa suwy ugratmaklyga mümkinçilik berýär.

Kärhanada işleýän hünärmenleriň, işçileriň köpüsi suw arassalaýjy desgalar toplumy işe girizileli bäri zähmet çekmek bilen, bu ýerdäki kuwwatly, ýokary tehnologiýaly nasoslardyr beýleki enjamlary dolandyrmakda baý iş tejribesini topladylar. Olar sarp edijileri arassa suw bilen üznüksiz üpjün etmegi özlerine asylly maksat edinip, hemişe tutanýerli, döredijilikli zähmet çekýärler. Agzybirlikli çekilýän zähmet bolsa, özüniň miwesinem berýär.

Kärhananyň uly mehanigi Atajan Baýramow, nasosyň maşinisti Söhbet Geldimyradow, bejeriji Myrat Hallyýew, himiki suw arassalaýjy operatorlar Muhammetmyrat Öwezow, maşinist Arslan Orazgulyýew dagy köpýyllyk, baý iş tejribeleri bolan halypa hünärmenlerdir. Olar işde hemişe zähmet göreldesini görkezip, ýaşlara-da halypalyk goldawyny berip durýarlar.

— 2022-nji ýylyň hormatly Prezidentimiziň saýasynda eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyzyň oňlamagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy gazçylarymyzyň zähmet gadamlaryny has-da batlandyrdy. Olar häzir şu ýylyň her bir iş gününi, her bir aýyny zähmet üstünliklerine beslemekligi aýdyň maksat edinip, belent ruhda işleýärler — diýip, «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň başlygy Kakajan Taganow gürrüň berýär.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:


167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.