«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig mal çykarmagyny artdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig mal çykarmagyny artdyrýar: şu ýylyň on aýynda nebitiň 3 million 245 müň tonnadan gowragy çykaryldy. «Önümi paýlaşmak hakynda» ylalaşyklara laýyklykda ýataklary işläp taýýarlaýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň goşandyny nazara alanyňda ýurdumyzyň ýerastyndan nebitiň we gaz kondensatynyň 8 million tonna golaýy gazylyp alyndy.
Konsernde guýulary gündelik we düýpli abatlamak, şeýle hem täze “ýerasty guýulary” burawlamak boýunça geçirilýän geologiýa-tehniki çäreleriň hasabyna uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýokary tehnologiýaly serwis hyzmatlary babatda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi. .
Umuman, bularyň hemmesi öz netijelerini hem berýär. Mysal üçin, ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde nebitiň çykarylyşy 10 müň tonna golaý, alty aýda – 125 müň tonna, 10 aýda – 150 müň tonna deň boldy.
Gaz pudagynyň kärhanalary meýilnama tabşyrygyny berjaý etdiler. Ýylyň başyndan bäri tebigy we ugurdaş gazyň 55,5 milliard kubmetre golaýy gazylyp alyndy. “Mawy ýangyjyň” 28 milliard kubmetre golaýy eksport edildi. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda suwuklandyrylan gazyň 204,5 müň tonnasy öndürilip, bu görkeziji 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 35,6 müň tonna köp boldy.
Nebitgaz toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýylyň başyndan bäri şol maksatlar üçin 6,2 milliard manatlykdan gowrak serişde goýberildi.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dürli görnüşli awtomobil benzininiň 1,6 million tonna golaýy hem-de dizel ýangyjynyň 1,5 million tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Bu önümleriň agramly bölegini daşary ýurtly kompaniýalar satyn aldylar.
Umuman, tebigy gazyň we nebitiň eksportyndan gelip gowşan gyzyl pul ABŞ-nyň 3,8 milliard dollaryndan gowrak boldy.
Ussat news
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.