Makalalar

Senedim bar — sarpam bar

https://ussatnews.com/storage/posts/2925/original-162122122dc514.jpeg

Asyrlar aşa ýetmiş iki dürli saz guralyny döreden türkmen halky üçin beýleki saz gurallary bilen bir hatarda dutaryň orny has üýtgeşik bolupdyr. Türkmen dutary diňe bir toý-baýramlarymyzyň däl, eýsem, gündelik durmuşymyzyň, öý hojalygymyzyň hem bezegidir. Ol türkmeniň şatlykly, hasratly günleri hem ýanynda bolupdyr. Göwün hoşy bolup, ýüregine dolupdyr. Onda döredilen nusgawy mukamlarda halkymyzyň giden bir taryhy, medeni durmuşynyň özboluşlylygy ýaşaýar.

— Aslynda, nebitgaz pudagynda zähmet çeksem-de, esasy işimiň daşyndan dutar ýasamaga uly yhlas siňdirýärin. Bu senede söýgi döremeginde kakamyň we agamyň uly ornunyň bardygyny aýdasym gelýär. Sebäbi çagalyk ýyllarymda kakam her gün diýen ýaly eli boşaşdygy dutarda saz çalardy, ony elinden düşürmezdi. Ejem hem kakamyň çalan sazlaryna maýyl bolar oturardy. Bara-bara bu goşa tarly gudrata bolan söýgi meniň gursagyma guýuldy gitdi. Ýanýoldaşym Jahan hem aýdym-sazyň aşygy.

Agam Babageldi Orazmuhammedowyň bäş ýaşymda dutar sowgat etmegi bolsa mende bu saz guralyna bolan söýgini has hem güýçlendirdi. Soňabaka şeýdip Aşgabatda talyp ýyllarymda ondan dutar ýasamagyň inçe syrlaryny, ýollaryny öwrendim. Häzirki wagta çenli ululy-kiçili 300-den gowrak dutary ýasap, il-günümiziň, ussat bagşydyr sazandalaryň hyzmatyna ýetirdim. Gyzym Aýgül hem dutarda saz çalmaga, oglum Atamyrat bolsa ony ýasamaga uly höwes bildirýärler. Bu sungatyň syrlaryny ele almaga çalyşýarlar.

Ýaňy-ýakynda dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakyndaky güwanamanyň ýurdumyza gelip gowuşmagy halkymyzyň, şol sanda dutar ussalarynyň hem göwün guşuny ganatlandyrdy. Meniň hem bu senedi dabaralandyrmaga goşan ujypsyzja goşandym ünsden düşürilmän, çeken köpýyllyk zähmetime ýokary baha berlip, «Çeper döredijiligiň halk ussasy» adyna mynasyp görülmegim türkmen dutaryna we ony ýasaýan ussalara goýulýan belent sarpadan habar berýär. Işden boş wagtlarym zawodlar toplumymyzyň medeni merkezinde egindeş kärdeşlerim bilen bu ýerdäki ähli işgärlere ruhy lezzet bermek üçin geçirilýän dürli konsertlerde çykyş edýäris.

Hormatly Prezidentimize dutar ussalaryna bildirýän ýokary ynamy, beren Şa serpaýy üçin köp-köp sagbolsun aýdýarys — diýip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň esasy dolandyryş işgärleriniň düýpli gurluşyk bölüminiň taslamalary düzmek boýunça baş hünärmeni, dutar ussasy, «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen adyň eýesi Orazmuhammet Orazmuhammedow ýürek buýsanjyny beýan edýär.

Nowruz GÜÝJOW,

«Altyn Asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.