Habarlar

ÝHHG-niň bilermenleri Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyny bellediler

https://ussatnews.com/storage/posts/293/original-15fc279c9f3e86.jpeg

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi energetika ulgamynda ekologiýa howpsuzlygyny gorap saklamak ulgamynda gurama agza döwletleriň tejribesi bilen tanyşdyrmak boýunça onlaýn okuwlary guradylar.

Halkara bilermenler Türkmenistanda Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy we Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawod, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky täze tehnologik desgalar ýaly taslamalary durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan ýokary netijeli diýip ykrar etdiler.

Innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde bu desgalar gowulandyrylan ekologik häsiýetnamaly, halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli nebit önümleriniň we gazhimiýa önümleriniň öndürilmegini üpjün edýär we daşky gurşawa zyýanly zyňyndylaryň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar beýleki edaralar, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy berkitmekligiň ähmiýetini belläp geçdiler. ÝB-de bug gazlarynyň zyňylmagyny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ulgamynda iň gowy çemeleşmeler synagdan geçirildi.

Ussat news

Başga habarlar
16affe81268764.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY.


16afee64177f1e.webp
Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň ykdysady ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy

18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.


16afe95e52b934.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy.

16afc1cc99e9e7.jpeg
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi

16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.


16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.