Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/302/original-15fc4c3302cefd.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlagynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini hem-de däp bolan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleriniň esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belleýär.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostluk, özara ynanyşmak we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Jozef Baýdene berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde ABŞ-nyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Başga habarlar
16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.