Ekologiýa we daşky gurşaw
Ekologiýa we daşky gurşaw düşünjeleri biri-biri bilen eriş-argaç bagly düşünjelerdir. Ekologiýanyň goraglylygy, daşky gurşawyň abadanlygy, ozaly bilen, tebigatdaky janly ýaşaýşyň dowam etmegini şertlendirýär.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak, çölleşmä garşy göreşmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýerleriň şorlaşmagynyň, jyj|p öňüni almak, saw ätiýaçlaryny aýawly we rejeli ulanmak babatda alnyp barylýan işler hem dünýä nusgalykdyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji tapgyry ulanylmaga berildi. 01 ýurdumyzyň howa gurşawyny arassalamakda, ösümlik hem haýwanat dünýäsiniň has-da üstünlikli goralmagyna ýardam berýär. Gysga döwürde bu täze emeli kölüň goýny balykçylyk üçin amatly şertleri döretdi. Kölüň kenarynda bolsa ýurdumyzda gyşlaýan, ýazlaýan we uçup geçýän guşlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler emele geldi.
Garagum sähramyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak maksady bilen durmuşa geçirýän başlangyçlary ähli ildeşlerimiziň arasynda giň goldaw tapýar. Garagumuň oýlarynda sazak, garagandym, sözen ýaly sähra ösümliklerini emeli usulda ekip, tokaýlyk zolaklary emele getirmek barada başlangyçlar ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň arasynda gyzgyn seslenmä eýe boldy.
Ekologiýany we daşky gurşawy gorap saklamak babatda alnyp barylýan işlere ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Bötendag sebitlerinde müňlerçe düýp bag nahallaryny oturtmak we ideg etmek babatda amala aşyrylan işler hem aýdyň mysaldyr. Şu günki gün bu baglar boý alyp, bu sebitde täsin ýaşyl zolagy emel getirdi. Munuň özi sebitde Aral deňziniň guramagy bilen bagly emele gelen amatsyz ekologiki ýagdaýyň täsirlerini azaltmaga, howany zyýanly tozan bölejiklerinden saplamaga ýardam berýär.
Resul SAHATOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.