Makalalar

Ýurdumyzda maýa goýum işjeňligi

https://ussatnews.com/storage/posts/3122/original-162361f624d184.jpeg

Garaşsyz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady babatda ösüşlerinde döwletimiziň maýa goýum syýasatynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Ýurdumyzda barha rowaçlyklara beslenýän syýasy durnuklylyk, halkymyzyň agzybirligi, bir maksada jebisligi, Ekologiýa, Ulag-üstaşyr we Energetika diplomatiýalary dünýä döwletleriniň we abraýly halkara guramalarynyň, iri kompaniýalaryň gyzyklanmalaryny barha özüne çekýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýola goýulýan we durmuşa geçirilýän iri taslamalary maliýeleşdirmekde döwletiň býujet serişdeleri we içerki maýa goýumlary bilen bir hatarda daşary ýurt maýa goýumlary aýrylmaz orun eýeleýär.

Maýa goýum syýasaty «Türkmenisatanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde möhüm orun eýeleýär. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda her ýylda ykdysadyýetiň ösdürilmegine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň moçberi, şeýle hem olaryň gönükdirilen ugurlary takyk kesgitlenilýär. Meselem, ýurdumyzda üstümizdäki 2022-nji ýyl üçin milli ykdysadyýete gönükdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 36,1 milliard manada deňdir. Şonuň 60,2 göterimi önümçilik ugruna, 39,2 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly işlere bölünendir.

Bu sanlar ýurdumyzda önümçilige sarp edilýän maýa goýumlaryň möçberiniň ýylyň-ýylyna artýandygyny görkezýär. Şeýle edilmegi ýurdumyzda importuň ornuny tutýan ýokary hilli milli önümlerimizi öndürmäge, milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmaga we ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda maýa goýumlary soňra öndürilýän önümiň ýa-da hödürlenýän hyzmatlaryň hasabyna ödeljek we soňra ýurda girdeji getirjek önümçilik ugurlaryna sarp edilmek birlikde, öňde bellenilişi ýaly, durmuş maksatly ugurlara hem sarp edilýär. Beýle diýildigi ýurdumyzda zähmet adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda hem ägirt uly maýa goýum möýberleri özleşdiriýär diýildigidir. Bu ugurdaky maýa goýum çykdajylary halkymyzyň önümçilikde çekýän halal zähmetleri bilen döwletimize girdeji getirmekleriniň hasabyna ödelýär diýip aýtmak bolar.

Akmyrat ARAZKLYÇEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.