Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy TÄJIMOW

Diňleýjilerini ajaýyp owazy bilen özüne imrindirip, ynsan göwünlerini galkyndyryp bilýän ussat aýdymçylarymyzyň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy TÄJIMOWDYR. Ol «Arkadag bilen», «Ýaşa, Arkadag», «Döwlet senden sowulmasyn», «Awaza gel, Awaza», «Göresim gelýär», «Nurana Aý», «Aýdym bolup galaýyn», «Myhman bolsam», «Aýrylmadymy», «Gökdepäm» ýaly meşhur aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. USSAT NEWS gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.
— Kakadurdy aga, söhbedimizi sungat ýolundaky ilkinji ädimleriňiz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň?!
— Men Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginde eneden doguldym. Kakam brigadir, ejem bolsa öý bikesi. Maşgalamyzda dokuz çaga terbiýelenip kemala geldi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň inileri diýilýänimiz üçin özümizi has-da jogapkärçilikli duýýarys. Kerim kakamyň goşgularyny halk uly höwes bilen okaýar.
1974-nji ýylda Türkmen döwlet sungat institutyna (häzirki Türkmen döwlet medeniýet instituty) okuwa girdim. Häzir bolsa, okap bilim alan ýerim bolan “Gökdepe” daýhan birleşigindäki 6-njy orta mekdepde okuwçylary aýdym-saz ugrundan okadýaryn.
— Kakadurdy aga, siz ajaýyp sazlary hem döredýärsiňiz. Sazyň döremegine gowy goşgular täsir edýärmi ýa-da saz size şahyra ylham gelşi ýaly öz-özünden gelýärmi?
— Ýüregiň ylhamlanyp joşup duranda sazam, goşgam döreýär. Käýarym bolsa bir gowy goşgy okanyňda hem onuň täsirinden çykyp bilmän hiňlenip ýörşüňe sazyň öz-özi gelýän pursatlary hem bolýar.
Mysal üçin, “Göresim gelýär» atly goşgyny birnäçe gezek okanymdan soň, aýdymyň sazy öz-özünden serime geldi. Ol aýdymy adamlar hem gowy garşyladylar.
Dumany bar gara daglaň serinde,
Ynjaldyr-a, gözlerime görün-de.
Kapasa syganok ýürek ýerinde,
Janym, seni juda göresim gelýär.
— Söhbedimizi halypalaryňyz barada dowam edäýeliň?!
— Gahryman Arkadagymyz her bir döredijilik duşuşygynda halypa-şägirtlik ýoly barada nygtap geçýär. Halk öz ugrundan ökde birini görse: «Ussadyňa berekella!» diýýändir. Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Annaberdi Atdanow, Öwezgeldi Tekäýew, Ödenýaz Nobatow, Nurberdi Gulow, Döwletgeldi Ökdirow ýaly beýik ussatlarymyzy ýatlanyňda, sungatyň bakylygyna göz ýetirýärsiň. Ussat halypalaryň elinde ýetişmek her kime ýetdirip duranok. Men, esasan-da, Öwezgeldi Tekäýewi öz halypam hökmünde agzasym gelýär.
— Kakadurdy aga, maşgalaňyzda bagşyçylyk ýoluňyzy dowam edýän barmy?!
— Inim Bäşimmuhammet meniň çalýan mandalino saz guralymy çalýar. Gyzym Nuranaaý janyň üýtgeşik zehini bar. Bibisara gelnejeňiz bilen gyzymyzyň aýdyma hiňlenip, keşde çekişine buýsanyp otyrys.
— Sizi durmuşda ruhlandyrýan zat näme?
— Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy ömürlere ömür goşýar. Sungat, döredijilik adamynyň döreden eserine halk uly baha berende, onuň durmuşa bolan höwesi has-da artýar. Bilim berýän mekdebimde çagalar bilen işleşmek diýseň özüne çekiji.
Okuwçylarymyň arasynda sungata höweseklerine aýratyn üns berýärin. Meniň esasy maksadym bolsa, çagalaryň bilime bolan ymtylyşyny artdyrmak bilen, adamlaryň göwnüne ýaraýan aýdymdyr sazlary döredip, ömrümi sungata bagyş etmek.
Zehiniň, ukyp-başarnygyň bilen halka hyzmat etmek, mukaddes Watanymyzyň ösüşlerini wasp etmek uly bagtdyr. Nesip bolsa, geljekde hem türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine goşandymyzy goşarys. Milli medeniýetimize, sungatymyza çäksiz sarpa goýup, onuň kämilleşmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri hemişe rowaç bolsun!
— Kakadurdy aga, gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, ajaýyp aýdymlaryňyzyň owazy belentden-belent ýaňlansyn!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.

Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow
«Sen uçmak isleseň, ganat bolardym...» diýip, süýji hem pessaý heň bilen aýdyma başlaýan halypa aýdymçy ýekeje jümläniň üsti bilen müňlerçe diňleýjiniň kalbyna ganat baglaýar. Halypanyň gözlerini ýumup, tutuş durky bilen aýdyma siňip oturyşy-da ussatlygyndan habar berýär.

Tehniki ylymlaryň doktory Irina Lurýewa
Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän nebitgaz pudagy, aýratyn-da, dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamak wezipesi innowasion çözgütleriň yzygiderli ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu ulgamyň hünärmenleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözýärler.

Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.