Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmetsapar Toýlyýew
Saz ynsan kalbyna rahatlyk berýär. Hatda şeýle bir sazlar bar, saňa ruhy güýç berýär. Her bir diňleýji ýüregi bilen ýürekdeş heňe duşanda oňa maýyl bolup, bir pursatlyk dünýäni unudýar. Özüne bendi edýän ol owazlary kompozitorlar döredýärler. Şeýle ussat halypa kompozitorlaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmetsapar Toýlyýewdir. Biz halypa bilen söhbetdeş bolup, onuň durmuş ýoly, döreden eserleri, şägirtleri barada gyzyklandyk. Halypa bilen bolan söhbetdeşlikde onuň ýüreginden çykýan joşgunly sözleri hem döredýän sazlary ýaly köňlüňe mylaýymlyk bagş edýär.
- Mämmetsapar aga, Halk Maslahatyna gatnaşmak bagty size-de nesip etdi. Özüňizde galdyran täsirleri okyjylarymyz bilen paýlaşsaňyz?!
- “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly şanly, beýik taryhyň mukaddes işleri bilen başlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde il-ýurt bähbitli birnäçe kararlar kabul edildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi ösüşiň täze tapgyrynyň öň ýanynda geçilen ýollaryň, bitirilen işleriň seljerilmegi, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşy biz sungat işgärleriniň göwünlerini galkyndyrdy.
- Halypa, sungata gelşiňiz bilen bagly gürrüňleriňiz bilen söhbedimizi dowam edäýeliň!
- Men Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Amyderýa daýhan birleşiginde doguldym. Çagalykdan dutar çalyp, aýdym aýtmak iň uly arzuwymdy. Dessançy bagşy Ýagşygeldi Moşşyýewiň ýanyna gatnap, dutar çalmagy, aýdymlary, dessanlary aýtmagy öwrendim. Daýymyň dutar sowgat etmegi bilen çaga kalbym joşup, dutar çalmaga has-da ýykgyn etdim. Orta mekdebi tamamlap, häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň dutar bölümine okuwa girmegim, sungata ymykly ykbalymy baglamagyma getirdi. Bu ýerde halypa mugallym Kakabaý Annanepesowdan tälim aldym. Dutar çalmagyň inçe tärlerini Türkmenistanyň halk artistleri Ýagmyr Nurgeldiýew, Begmyrat Gutlymyradow dagy hem öwretdiler.
- Halypa, saz sungatynyň ussatlary bilen ýakyndan didarlaşmak, olardan tälim almak döredijiligiňize nähili täsirini ýetirdi?!
- Saza bolan söýgim meni häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna alyp bardy. Saz äleminiň ägirtleri, Türkmenistanyň halk artistleri Weli Muhadow, Nury Muhadow, Nury Halmämmedow, Çary Nurymow, Aman Agajykow, Aşyr Kulyýew ýaly halypalar bilen işleşmek maňa miýesser etdi. Talyp döwürlerim ilkinji saz eserimi – Çary Afzalyň sözlerine “Aýryldym” atly romansy, şeýle-de skripka we fortepiano üçin kiçi saz eserlerini ýazdym.Saz eserini döredenimde halypalaryň maslahatlary döredijiligimiň has-da kämilleşmegine itergi berdi. Sazyň joşgunly dünýäsinde ýaşaýanyma elli ýyldan gowrak wagt wagt bolupdyr. Şol ýyllaryň içinde saz äleminiň ussatlary bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak, olaryň döredijilik maslahatlary, döreden nusgalyk saz eserleri, görüm-göreldesi bize mekdep bolup, sungat ýolunda öz ýolumy tapmaga iteripdir.
- Dogry aýdýarsyňyz, halypanyň her bir hereketi şägirt üçin mekdep bolup durýar. Halkymyzda “Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýen nakyl bar...
--Hawa. Şägirtleriň haýsysynyň saza çusdugyny olaryň ilkinji günlerinden belli bolýar. Özümem ýaş wagtlarym Ýagşygeldi halypanyň aýdymlaryny diňlärdim. Halypam maňa diňe Daşoguz ýolundan däl, eýsem, Nurberdi Gulow, Sahy Jepbarow ýaly halypa bagşylaryň ýolundan aýdymlary öwrederdi. “Görogly” şadessanyndan, nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyndan ýat tutup, aýdymlary aýdardym. Şägirt ussadyndan ozduranda sungat dowamat bolýar.
- Mämmetsapar aga, siz aýdym-saz ugrundan indi ençeme ýyl bäri zähmet çekip gelýärsiňiz! Şägirtleriňiz barada hem aýdaýsaňyz?!
-- Şägirtlerim barada aýtsam okadan okuwçylarymyň ählisini hem şägirdim hasaplaýan. Olaryň içinde döreden eserlerim barada ylmy iş ýazýanlaryda bar. Şägirtlerimiň sungatyma goýýan hormaty, sylagy örän uly.
- Her bir döredijilik adamsynyň ylham çeşmesi bolýar. Siziň ylham çeşmäňiz?!
-- Türkmen saz sungatynyň ägirdi, Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň ýanyna saz eserlerimi alyp barypdym. Tolgunyp, saz çalmaga başlap bilmän esli wagt durupdym. Şonda meniň çalmaly sazlarymy halypamyň özi çalanda, bu heňi ilkinji duýan ýaly duýgyny başdan geçirdim. Şonda halypam türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän sazlary döretmegimi sargyt edipdi.
Türkmen edebiýatynyň görnükli söz ussatlarynyň eserlerinden ylham alýaryn. Magtymguly Pyragynyň hem-de Çary Afzalyň goşgularyna romanslar toplumyny döretdim. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň goşgusyna “Ýaşa, mähriban Arkadag!” atly hor we orkestr üçin eseri, Italmaz Nuryýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Döwletgeldi Annamyradowyň, Gülşirin Hanowanyň sözlerine birnäçe aýdymlary, romanslary, Kakamyrat Rejebowyň “Arkadag” atly goşgusyna hor we simfoniki orkestr üçin kantata döretdim. Kirişli saz gurallary üçin kantata, üflenip çalynýan saz guraly üçin bäş bölümli kwinteti, fortepiano üçin pýesalary, wariasiýalary, dürli saz gurallary üçin sonatalary we konsertleri, şeýle-de, çagalar hory üçin häzirki zaman aýdymlary döretdim.
- Halypa, sazy ykbalyňyz edip saýladyňyz. Muny döredýän sazlaryňyzy diňläniňde-de duýup bolýar. Maşgalaňyz baradaky gürrüň bilen söhbedimizi dowam edäýeliň?!
- Sungat maşgalasy bolmak uly bagt. Döwletli maşgalamda Ogullarym Welimuhammetdir Nurmuhammet, maşgalam Ogulsapar sungatyma sarpasy uly. Maşgalamyzyň gözguwanjy agtyjagym Hezretaly sazyň sesini eşitdigi rahat uka gidýär.
- Halypa, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşiginiň yglan edilmegi sungat işgärlerine goýulýan beýik sarpanyň beýany bolup durýar.
- Hakymyzyň ýetmiş iki saz gurallarynyň iň naýbaşysy bolan dutaryň şirin owazynyň bütin dünýä ýaň salyp, barha belentden ýaňlanjakdygy, asyrlar aşyp gelýän bagşyçylyk sungatynda täze, ýaş zehinleri ýüze çykaryp, dowamat dowam bolmagyna getirer. Biz halypalar “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýaş zehinlere halypalyk edip Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş zehinleriň ýüze çykmagynda öz zähmetimizi gaýgyrmarys.
- Mämmetsapar aga, ýaşlara berjek maslahatlaryňyz?!
- Aýdym-saz sungatyny ömrüň ahyryna çenli öwrenip ýörmeli. Öwrendigiňçe bilmeli zadyň köpelip barýan ýaly. Saz dünýäsine imrinenime indi 52 ýyldan gowrak wagt bolupdyr. Ýaşlarymyza-da sungatyň inçe dünýäsine berlip, aýdym-saza bolan zehinini kämilleşdirmeklerini arzuw edýän. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, sungatyna çäksiz sarpa goýup, onuň kämilleşmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
- Sag boluň! Siziň hem sungat älemindäki ýoluňyz dowamat-dowam bolup, diňleýjilere ýetirjek ajaýyp sazlaryňyzyň mahmal owazynyň belentden ýaňlanyp durmagyny arzuw edýäris!
Ýazgül ANNAÝEWA,
Ussatnews.com.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.