BILIM ÝAŞLARYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ BINÝADY
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwür ylmy-tehniki ösüşiň belentliklere galýan eýýamy bolup durýar. Munuň özi bilimiň, tehnologiýalaryň ylmyň we döredijilik mümkinçilileriniň derejesiniň yzygiderli ösýändigi bilen şertlendirilendir. Hut şonuň üçinem Türkmenistanda iň ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, işiň öňdebaryjy tejribelerini, has takygy, tutuş bilim ulgamynyň täzeçil derejede ösdürülmegini ulanmak arkaly häzirki zaman okuw mekdepleriniň geriminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy we hormatly Prezidentimiziň alada etmegi netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepler ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ylym – bilim mümkinçiliklerini artdyrýar we okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrýar. Şunlukda, milli bilim ulgamy ýurdumyzyň we dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerine, ylmy we tehniki ösüşiň häzirki zaman gazananlaryna daýanýar. Täze bilim ulgamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy üpçün edýän ýokary hünärli işgärler bilen üpçünçilik zerurlygy, onuň täze ylmy pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we häzirki zaman ylmyna daýanýan jemgiýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi ýokary okuw mekdepleriniň ylym – bilim ulgamyny düýpli özgerdilmegini, soňky ýyllarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň täze onlarça ugrunyň kemala gelmegini şertlendirdi.
Arkadagly Serdarymyz wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdirmek, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalary etjekdigini bellemek bilen, “Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giň¬den ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer”- diýip belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň ýaş neslimizi bagtly, kämil ýaşlar edip ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçiren taryhy işlerini dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Mekan GAHRYMANOW,
Döwletmämet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.