Ussatlar

Türkmenistanyň halk artisti Altyn GOŞAÝEWA

https://ussatnews.com/storage/posts/322/original-15fe99e7e5d482.jpeg

Ýurdumyzda giňden tanalýan, mahmal owazly aýdymçy Altyn Goşaýewa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sungat ussatlarynyň biri hökmünde tanalýar. Onuň hiç kimiňkä meňzemeýän, kalplara lezzet paýlaýan mahmal owazy, ýerine ýetiriş ussatlygy bar.

Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewany döwlet derejesindäki baýramçylyklaryň, dabaraly wakalaryň, uly konsertleriň ählisinde diýen ýaly görmek bolýar. Tele we radioýaýlymlardaky ýazgylar hem munuň üstesine. Bu gün halypalyga ýetişen ussadyň ýerine ýetirýän kalba ýakyn aýdymlary köňüllere lezzet paýlap, dowamly el çarpyşmalar, tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözler bilen garşylanylýar. Bu söhbetdeşligiň USSAT NEWS gazetiniň okyjylaryna zehinli aýdymçymyzyň ruhy dünýäsini, sungat älemindäki mertebesini, bagtyýarlyk döwrümize, Gahryman Arkadagymyza, şahandaz halkymyza söýgi-buýsanjyny açyp görkezjekdigine umyt baglaýarys.

– Elbetde, halkyň söýgüli aýdymçysyna öwrülmek, adamlaryň aňynda, kalbynda hemişelik orun almak üçin, ilkinji nobatda, şirin owaza ýugrulan sesem, özgeleriňkiden aýyl-saýyl bolup duran zehinem, sahnadaky ussatlyk-da esasy şertler bolmagynda galýar. Bu jedelsiz hakykat. Ýöne, herki zatda bolşy ýaly, sungat äleminde-de ilkinji ädim hem gereg-ä. Ýoluň başlangyjyna nazar aýlaýsak?!

– Bu hupbatly, şol bir wagtyň özünde-de juda lezzetli ilkinji gadamym öz maşgala ojagymyzdan gaýdýar. Biziň maşgalamyz aýdym-saz sungatynyň diňe bir hakyky janköýeri bolmak bilenem çäklenmän, onuň keşigini-de, abraýyny-da öz gerdeninde çekýär. Kakam pahyr Atda Goşaýew manyly ömrüniň tas ählisini diýen ýaly türkmeniň bagşyçylyk sungatynyň «Damana ýolundan» özboluşly heň ýasap, dessançy bagşy hökmünde toý-tomaşalaryň bezegi bolup, il-günüň ýadynda ýagşy at galdyrmagy başaran adam. Jigim Amanberdi Goşaýew, onuň ogullary Meýlisdir Didar hem hemişe aýdym-sazyň jümmüşinde. Iň esasy zat bolsa, maňa türkmeniň aýdym-saz sungatynyň binýatlyk bagşylary Magtymguly Garlyny, Sahy Jepbary, Orazgeldi Ylýasy... radio ýa-dy teleýaýlymlarda, konsertlerde däl-de, çagalykdan, hut öz öýümizde diňlemek bagty miýesser etdi. Gözümi açyp görenim, soňy bilenem garry öýümiziň ömürbaky arzyly goşuna, bahasyz gymmatlygyna öwrülenem halkymyzyň köňül telwasyny özünde jemläp bilen dutardyr gyjak boldy. Kakam pahyr juda şahandaz, myhmansöýer adamdy. Öýümizde dutardyr-gyjagyň şirin owazy, bagşylaryň göçgünli aýdymlary ýaňlanmadyk güni, hepdesi, aýy ýadyma düşenok. Ählisi-de halk aýdym-sazlary. Kalbymam, mährimem, gursagymam şol aýdym-sazlardan kemsiz ganypdy. Öýde adam-gara ýok pursatlary tördäki gara gazmany elime alsam, kalbym, bir hili, öz-özünden gozgalaňa düşübererdi. Belli aýdymçy Gurbansoltan Nurýagdyýewanyň ýerine ýetirijilik ussatlygy meni özüne has-da bendiwan edip, ýüpsüz kökerine döndürerdi...

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrynda, ýaňy üçünjimi ýa-da dördünji synpda okaýarkam, mekdep sahnasynda ilkinji gezek özbaşdak aýdym aýdanym häzire – bu güne çenli göz öňümden gidenok. Ol şeýle bir tolgundyryjy pursat bolupdy... Bu gün sahnadaky ömrüm kyrk ýyldanam geçýär. Sahnada aýdym aýtmak meniň üçin iň uly bagt. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwlet derejesindäki konsertlerde, baýramçylyk dabaralarynda, döredijilik duşuşyklarynda çykyş etmedik gezegim ýok diýen ýaly. Her gezegem sahna çykanymda ilkinji gezek aýdym aýdýan ýaly duýgulary başdan geçirýärin, bütin durkum bilen owaza öwrülip, diňleýjiniň kalbyna aralaşasym, ony öz aýdymlarymda ýaşadasym gelýär.

– Sungat ussatlarynyň her biriniň özüne mahsus ýerine ýetirijilik aýratynlygy bar. «Altyn Goşaýewa aýdym aýdýar» diýlende bolsa, ilkinji nobatda, halk aýdymlarynyň estrada saz gurallaryna geçirilen özboluşly owazy, özem, täsin bir ýakymly owazy diňleýjini bada-bat özüne çekip alýar. Özem, bu indi ýarym asyra golaý wagt bäri dowam etse-de, diňleýjini asla irizmeýär.

– Mukaddes Garaşsyzlygymyz bize ähli babatlarda buýsançly hem şöhratly geçmişimize jikme-jik göz aýlamaga, milli aýratynlyklarymyza, edebiýatymyza, sungatymyza, mirasymyza göz ýetirmäge, oňa düşünmäge giň ýol açdy. Geçmişde ençeme saz gurallaryny döredenem, olary ussatlyk bilen çalanam bolsa, türkmeni dutardyr gyjagyň owazy ýaly özüne bendi edip bilýäni az-azdyr. Türkmeniň gara gazmasynda möwç urýan owazy bu gün onlarça saz gurallarynyň çalynmagynda ýerine ýetirip bilen orkestriň armany ýokdur. Pederlerimizem «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýen dürdäne nakyly bize ýöne ýerden miras galdyran däldir ahyryn. Şonuň üçin hem, üns berýän bolsaňyz, meniň häzirki zaman şahyrlarynyň goşgularyna döredýän, ýerine ýetirýän aýdymlarymda hem milli äheň kybap gelýändir. Diňleýjiniň kalbyna aralaşyp, oňa hyjuwly ruhy ahwalaty bermekde aýdymçy üçin millilik, meniň pikirimçe, taýsyz güýçdür.

– Altyn, Türkmenistanyň halk bagşylary Saryhan Sapaýewiň «Annasoltanym meniň», «Çagdyr bu çaglar», Döwletgeldi Ökdirowyň «Zülpüň» aýdymlaryny, «Käbäm enem, kyblam atam», «Aýralyk» atly halk aýdymlaryny... ilkinji bolup estradada siz ýerine ýetirdiňiz. Şol aýdymlary indi kimdir biri estradada ýerine ýetiräýse, aýdymyň zerur bir synasy kemeläýjek ýaly bolup dur. Meniň pikirimçe, bu eýýäm ykrar edilmek bolýar...

– Siz meniň bilen häzir galamgär hökmünde söhbet edýärsiňiz. Meniň üçin bolsa siz, ilkinji nobatda, talapkär diňleýji. Şonuň üçin hem ýokarky sözleriňize müň mertebe sag boluň! Häzire bu güne çenli çykyş edýän konsertlerimde menden şol aýdymlarymyň birden birini ýerine ýetirip bermegimi hökman haýyş edýärler. Diýmek, men gudratly, sagdyn şaha ýapyşypdyryn. Hiç wagt könelmejek, diňleýjini ýadatmajak aýdymlary tapypdyryn. Bagt diýibem şuňa aýdaýsaň.

– Türkmen diýarynyň mähriban halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görýär. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp eýýamy öz eziz il-ulsuna peşgeş berdi. Sungat adamsynyň şu eýýamdaky orny has aýyl-saýyl bolmalydyr.

– Şübhesiz bir hakykat bar. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ählitaraplaýyn ösüşini milli medeniýetimizden, mirasymyzdan, bu mukaddeslikleri halkymyza ýetirijiler bolan döredijilik intelligensiýasyndan üzňe göz öňüne getirmegiň asla mümkin däldigini Garaşsyz, baky Bitarap diýarymyzda ýurt we dünýä derejesinde döredijilik duşuşyklaryny, festiwallary, ylmy maslahatlary, bäsleşikleri geçirmäge döredýän mümkinçilikleri bilen doly subut edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri döredijilik, medeniýet we sungat adamlary üçin täze bir dünýäni açýar, bize zehiniň, başarnygyň, ukybyň bilen halka, Watana hyzmat edip, alkyş, abraý almak, öz käriňe buýsanmak mümkinçiligini berýär. Bu döwür aýdymçylara ylham eçilýär. Gurlan we gurulýan biri-beýlekisinden kaşaň, zynatly medeniýet köşkleri, kinokonsert zallary, teatrlar sungat işgärleriniň erkinde. Medeniýet we sungat işgärleriniň güni her ýyl döwlet derejesinde baýram edilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri günsaýyn ýokarlanýar, uzadan ýeriňe eliň ýetip dur. Işleýän ýerim bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky Nebitçileriň medeniýet köşgüni görmäge göz gerek. Men şu ýerde indi ençeme ýyl bäri wokal bölümine ýolbaşçylyk edýärin. Täze aýdym, saz döretmäge, ýaş zehinleri kemala getirmäge ähli mümkinçilikler bar.

Iň esasy zat bolsa, milli medeniýetimiziň ösüşi jemgyýetimizdäki yzygiderli amala aşyrylýan oňyn özgertmeler bilen bir jan, bir tendir. Şahsyýetiň jemgyýet, jemgyýetiň bolsa şahsyýet üçin jogapkärçiligi bu ulgamyň hereketiniň sazlaşygyny pugtalandyrýar. Hut şu jähtdenem hormatly Prezidentimiziň ýöredýän ynsanperwer medeni syýasaty, türkmeniň özboluşly häsiýeti, ýol-ýörelgesi, urp-adatlary, däp-dessurlary bilen pugta baglanyşyklydyr. Bu buýsançly hakykata hormatly Arkadagymyzyň tapylgysyz ýiti zehininden dörän «Türkmen medeniýeti» we «Ile döwlet geler bolsa ...» atly ajaýyp hem nusgalyk kitaplaryny okanyňda hem açykdan aýdyň göz ýetirýärsiň.

– Aýdym aýtmakdan başga-da lezzet alýan söýgüli tagamlaryň, halaýan pursatlaryň barada aýtsaň. Bagtly pursat näme?

– Türkmen zenanyna mahsus hünärleriň ählisinden başym çykýar. Haly-palas dokamagy, keşde çekmegi, düýe sagmagy, çörek bişirmegi başarýan. Joralarym, aýal doganlarym bolup bir ýere üýşmeli bolsak, palaw ýa-da manty bişirmegi hökman maňa ynanýarlar. Ýürekdeş söhbetdeşlikler, şadyýan pursatlar maňa ruhy lezzet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasyndaky berkarar diýarda ýaşamagyň, döretmegiň her güni, sagady bagtly pursat. Täze döreden, ýerine ýetirýän aýdymlarymyň diňleýjilere ýarandygyny duýmak bolsa, maňa iň uly bagt. «Ömür Size, gaýrat Size, Arkadag!» atly aýdymymy, balkanly şahyrlar Nurgözel Gozlyýewanyň sözlerine «Sag bol, Arkadag!», «Awazanyň aýdymlary», Nursoltan Depbiýewanyň sözlerine bolsa «Watan» atly aýdymlarymy diňleýjiler buýsanç bilen garşyladylar. Ol aýdymlar mähriban halkymyza ruhy lezzet paýlaýar. «Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýleni. Maňa bagtyýar zamanada bagtyýar adamlara guwanyp, buýsanyp ýaşamak bagt. Sözümiň ahyrynda medeniýet işgärlerine zehin-başarnygymyz bilen halkymyza hyzmat etmäge döredýän taýsyz mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun.

Hojaberdi BAÝRAMOW,

USSAT NEWS.

Başga ussatlar
1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.


1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.

161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.


160ffed96bd9ca.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.