Guwandyryjy netijeler belent sepgitlere badalga

18:09 06.04.2022

https://ussatnews.com/storage/posts/3237/original-1624d92151ac41.jpeg

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen berkarar döwletimizde şu günler emele gelen ýokary ruhubelentlik «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylaryny hem ösüşleriň täze belentliklerine atarýar. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda edaranyň agzybir işçi-hünärmenleri tarapyndan welaýat merkezi Daşoguz şäheriniň çäginde bar bolan dürli basyşly 550 kilometre golaý uzynlykdaky bitewi gaz ulgamynyň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlarynyň bolsa 444 sanysynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi gazanylyp, göz öňünde tutulan iki aýlyk iş meýilnamasy talabalaýyk berjaý edildi.

— Edaramyzda näsazlygy habar beriş we hasaba alyş, daşary gaz geçirijilere, gaz sazlaýjylaryna gözegçilik, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş, gaz ölçeýji enjamlaryny oturdýan, hasabyny ýöredýän gözegçilik, hyzmat ediş hem-de gaz ýerleşdiriş we hasabaty ýaly gulluklarymyz, bolup, olara öz işine belet tejribeli hünärmenlerimiz ýolbaşçylyk edýärler. Munuň özi edaramyzyň her bir gullugynyň işçi-hünärmenleriniň agzybirlikde zähmet çekmeginde hem-de öňlerinde goýlan wezipe-borçlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyklykda ýokary derejede berjaý etmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Gaz hojalyk edaramyzyň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýän näsazlygy habar beriş we hasaba alyş gullugynda Meretgeldi Amanowyň ýolbaşçylygynda ilatdan gelýän sargytlary kabul ediji Gülruh Ýusupowa, slesar-bejerijiler Şöhrat Kultaýew, Genje Dosjanow, Allaberdi Meretdurdyýew «Gazel» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulagyň sürüjileri Farhat Kakabaýew we Gurbanmuhammet Meredow ýaly işgärlerimiziň atlaryny aýratyn belläsim gelýär. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde şäher ilaty tarapyndan gelýän sargytlar gyssagly hasaba alnyp, gaz enjamlarynda ýüze çykýan näsazlyklar dessin çözgütler esasynda düzedilýär — diýip, edaranyň baş inženeri Mekan Mämmedow gürrüň berýär.

Onuň gürrüňlerine görä, geçen ýylda Daşoguz şäheriniň «Gülüstan» şäherçesiniň ilatynyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksadynda umumy uzynlygy 8 kilometr 268 metre barabar bolan orta basyşly gaz geçirijileriň täzeden çekilmegi barha giňäp barýan şäherçäniň ýaşaýyş jaýlarynyň tebigy gaz bilen doly üpjün edilmegini şertlendiripdir. Biz häzirki döwürde hem edaranyň gazçylary tarapyndan täze oturdylan 20-ä golaý gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň gözegçilikden geçirilýändiginiň hem-de gaz geçiriji ulgamlaryň aşagyna öň goýlan beton sütünleriniň bu önümleriň täze tapgyry bilen çalşylýandygynyň şaýady bolduk.

— Gullugymyzyň işçi-hünärmenleriniň şäher ilatynyň tebigy gaza bolan islegini doly kanagatlandyrmak we gaz ýollarynyň geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak maksadynda geçen ýylda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işgärleri bilen bilelikde gaz desgalarynyň durkuny üýtgetmek hem-de zerur ýerlerini düýpli abatlamak, täze gurlan desgalary gazlaşdyrmak ugrunda durmuşa geçiren işlerini bellemek bolar. Bu ugurda Daşoguz şäheriniň «Nowruz», «Merkez-1», «Suwçy» ýaşaýyş jaý toplumlarynda, «Gülüstan» şäherçesinde hem-de şäheriň Oguzhan, Ýolagçy köçelerine ýanaşyk ýerlerde durmuşa geçirilen işler netijesinde ol ýerleriň ýaşaýjylary ýylyň islendik döwründe «mawy ýangyjyň» bökdençsiz hözirini görmäge mümkinçilik aldylar. Bu işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginde gullugymyzyň Nurmyrat Nazarmedow, Batyr Sahyýew, Hudaýberdi Möminow ýaly bejeriji-slesarlarynyň, elektrik we gaz bilen kebşirleýjiler Jumadurdy Garaýew, Arslan Kazakow, «Gaz-3307» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulagyň sürüjisi Allaberdi Geldiýew dagynyň her biriniň öz mynasyp paýy bar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hem boýdan-başa şular ýaly zähmet üstünliklerine besläris — diýip, «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik gullugynyň uly ussasy, halypa gazçy Kadyrbergen Orunbaýew buýsanç bilen aýdýar.

Dädebaý NARTYÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
162702b701a65a.jpeg
Iň beýik telediňler

Soňky ýüzýyllyk ynsan durmuşyna telewizoryň aralaşmagy ýaly ösüşi bagyş etdi. Şunda ýurtlaryň arasynda iň beýik telediňleri gurmak boýunça bäsdeşlikler ýörgünlidir. Şonuň ýaly-da, bu desgalaryň düzüminde dürli dynç alyş, gezelenç we güýmenje häsiýetli hyzmatlary bilen adygan merkezler we beýleki oňaýlyklar adamlary özüne çekýär.


16272b3310346b.jpeg
Ýangyç-ýylylyk öndüriji çeşmedir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “halkyň Arkadagly zamansy” diýilip halkymyz tarapyndan teklip edilen ýylda beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýangyç-energetika pudagy ýokary derejelerde ösdürilýär.


1627261e4dd7f7.jpeg
Ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler aýdyň netijelerini berýär. Muňa paýtagtymyzda tapgyrlaýyn gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalar, desgalar aýdyň şaýatlyk edýär.


162703070288e5.png
Amatly bahasy bilen tapawutlanýan “Redmi K30S”

“Xiaomi” kompaniýasy amatly bahasy bilen tapawutlanýan “Redmi” telefonlarynyň nobatdaky modeli bilen tanyşdyrdy – “Redmi K30S”. Täze smartonyň 64, 13 we 5 megapiksellik üç sany arka kamerasy bar; öňki kamerasy bolsa 20 megapiksele deňdir. Bu telefonyň kamerasy 8K wideo çekmäge ukyplydyr. “Xiaomi Mi 10T”-niň gaýtadan dizaýn edilen görnüşi bolan “Redmi K30S”-e 6,67 dýuýmlyk ekran ýerleşdirilip, kümüş we gara reňklerinde öndürilipdir.