Makalalar

Özgertmelerine beslenen döwletimiz bedew bady bilen okgunly öňe barýar

https://ussatnews.com/storage/posts/3259/original-1625181b85b29d.jpeg

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň beýik özgertmelerine beslenen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar, döwletli diýarymyzda ýangyç-energetika, senagat-önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar. Döwletli diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan önümçilik desgalarynyň, täze binalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Nebitgaz pudagyny dünýä derejesinde ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edilmegi, geljek 30 ýylda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi dünýä derejesindäki uly ösüşlere beslär, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alnyp barylýan giň möçberli işleriň geljekde hem üstünlikli alnyp barylmagy, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen häzirki zaman toplumlarynyň gurulmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Nebitgaz senagatyny düýpli ösdürmek maksady bilen Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklaryň we «Galkynyş» käniniň senagat taýdan özleşdirmeginiň çaltlandyrylmagy möhümdir. Munuň özi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň we nebitgaz pudagynyň diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebap ösüşleriniň üpjün edilmegini özboluşly şertlendirýär.

Nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen yzygiderli kämilleşdirmegiň esasy wezipeleri hökmünde Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatyny tapgyrlaýyn artdyrmagyň, «Bagtyýarlyk» käniniň çäklerinde täze ýataklary işe girizmegiň, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklaryna we elektrik energetikasyna degişli ýöriteleşdirilen iri senagat desgalaryny gurmagyň, harytlyk gaz öndürýän zawodlary gurmagyň, gaz basyş enjamlaryny gurmagyň, nebitiň we gazyň hem-de beýleki tebigy serişdeleriň täze gatlaklaryny ýüze çykarmak üçin geologiýa-gözleg işlerini giňeltmegiň möhümdigini aýratyn nygtap bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň nebitgaz känlerinde gözleg guýularyny geofiziki taýdan barlamakda, burawlamakda, nebitgaz känleriniň ulanyş guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda ähmiýetli bolan täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda pudagyň öňünde uly wezipeleri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, nebitgaz pudagyny ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, pudakda önümçiligiň täze görnüşleriniň hem birnäçesi ýola goýuldy. Ýagny, geçen ýylda sadap hem-de alýumin çaýylan polipropilen örtügi, Jet A-1 kysymly uçar kerosini, «Turkmenoil Advance 5W-40» görnüşli ýarym sintetiki çalgy ýagy, gämi ýangyjy, A-98 görnüşli benzin önümçiligi nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa esasynda ösdürmäge uly badalga berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň nebitçileriniň, gazçylarynyň, geologlarynyň yhlasly zähmeti netijesinde uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, nebitiň we gazyň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini artdyrmak, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Bizem halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň taryhy özgerişlere beslenmegi ugrunda döwletli işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys.

Goý Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolsun!

Atajan MULKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.


168c37ec2b1350.jpeg
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.


168c37463e56b7.jpeg
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

168675ab92cd74.jpeg
Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi

Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.


1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.