Habarlar

Mary etrabynda tehniki uglerod öndürýän zawod ulanmaga berildi

https://ussatnews.com/storage/posts/3287/original-16257e37ccf2e2.jpeg

13-nji aprelde Mary etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, täze kärhanany gurmak boýunça taslamany “Eziz dag” hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.

Täze zawodyň ulanmaga tabşyrylmagy ýurdumyzda bu önümiň çykarylyşyny artdyrmaga, netijede bolsa onuň eksportynyň mukdaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.

Umumy meýdany 9,9 gektara barabar bolan kärhana häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Onuň düzümine önümçilik toplumyndan başga-da, edara binasy, ammar, birnäçe ugurdaş inženerçilik-tehniki desgalar girýär. Şeýle hem senagat desgasynyň işiniň doly üpjün edilmegi üçin hemme zerur ulgamlar, şol sanda gaz, elektrik, suw üpjünçilik ulgamlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Eziz Diýarymyzyň himiýa senagatynyň düzümini artdyran täze, döwrebap kärhananyň ulanmaga berilmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde nobatdaky ädim boldy.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.