Döwletimiziň Ulag diplomatiýasy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Ulag diplomatiýasy yzygiderli rowaçlanýar.
Türkmenistan döwletimiz geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmek bilen, taryhda türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman röwüşde gaýtadan dikeltmek, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmek babatda ynamly ädimleri ädýär.
Mälim bolşy ýaly, Ulag diplomatiýasy biri-biri bilen eriş-argaç baglanyşykly bolan birnäçe ugry özünde jemleýär. Muňa ýurduň üstaşyry ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, zamanabap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary mysal getirmek bolar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» mähriban Arkadagymyzyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe süren halkara başlangyçlaryny özünde jemleýän möhüm resminamadyr. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlary halkara derejesinde giňden ykrar edilýär. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça 2014-nji, 2017-nji, 2021-nji ýyllarda kabul eden Kararnamalary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şol möhüm resminamalaryň mazmunynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary aýdyň beýanyny tapýar.
Dünýä döwletleri geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýän Türkmenistanyň üsti bilen öz ýüklerini we ýolagçylaryny gysga wagtda amatly geçirip bilmek babatda mümkinçiliklerine möhüm gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlar boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny kepillendirýär. Ýurduň parahatlygy, halkyň agzybirligi bilen bir hatarda berk goralýan ekologiýa şertleri dünýä döwletlerini we iri kompaniýalary ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge giňden gyzyklandyrýar. Ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» ýörelgeleri bu babatda işleriň öňe ilerlemegine ýol açýar.
Pirguly ÝALKAPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.