HPG nebitiň bahalarynyň 2022-nji ýylda 55%, gazyň – 147% artmagyny çaklaýar
Halkara pul gaznasy (HPG) 2022-nji ýylda nebitiň ortaça bahasynyň çaklamasyny birden ýokarlandyrdy. HPG-nyň täzelenen hasabaty 2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde çykaryldy diýip, neftegaz.ru habar berýär.
HPG öz hasaplarynda Brent, WTI we Dubai Fateh söwda belgili nebitleriniň ýönekeý ortaça bahalaryny peýdalanýar. HPG-niň bahalandyrmasyna görä, 2021-nji ýylda nebitiň ortaça bahasy 69,07 dollara barabar boldy.
2022-nji ýylda çaklanylýan baha 106,83 dollara, 2023-nji ýylda – 92,63 dollara deň bolar.
Netijede 2022-nji ýylda HPG nebitiň bahalarynyň ýyllyň deňeşdirmede 54,7% artmagyna we 2023-nji ýylda 13,3%peselmegine garaşýar.
2022-nji ýylda şular ýaly ýagdaý tebigy gazda hem gabat gelýär. Emma ösüş has uly bolar — 147% diýip, HPG-niň hasabynda bellenilýär.
HPG üçin çaklanylýan bahany HPG getirmeýär.
2023-nji ýylda nebitde bolşy ýaly, teklibiň deňagramlaşmagynda tebigy gazyň hem bahalarynyň peselmegine garaşylýar.
HPG-niň bellemegine görä, nebitiň we gazyň bahalarynyň ýokarlanmagy Ukrainada ýagdaýlaryň we Günbataryň Russiýa girizine çäklendirmeleriniň netijesi bolup durýar.
Gaz bazary boýunça HPG, nebit bilen deňeşdirilende, ony daşamak üçin zerur bolan infrastrukturanyň çeýe dälligini belleýär. Bu diýildigi, ählumumy teklibiň kadalaşmagynyň ýeňil bolmajakdygyny, munuň bolsa, uzak wagtyň dowamynda bahalaryň ýokary boljakdygyny aňladýar.
Suwuklandyrylan tebigy gazyň spotlaýyn ibermelerinde Ýewropa Demirgazyk-Gündogar Aziýa bilen bäsleşmeli bolar, bu bolsa Demirgazyk Amerikadan başga dünýäde tebigy gazyň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirdi.
HPG tebigy gazyň bahalarynyň 2023-nji ýylyň ortalaryna çenli hem ýokary bolup galmagyna garaşýar.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.