Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat ÇARYÝEW

Zehinini sungata siňdirip, diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolan halypa, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Akmyrat ÇARYÝEW bilen bolan söhbetdeşlikde onuň ýüreginden çykýan joşgunly sözleri köňlüňe mylaýymlyk bagyş edýär.
— Halypa, durmuş ýoluňyz we aýdym-saz sungatyna gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz!
— Men Bäherden etrabynyň Kelete obasynda eneden doglup, şol ýerdäki ýediýyllyk mekdebi tamamladym. Çagalyk döwürlerim aýdym-saz diňlemegi gaty gowy görýärdim. Mekdepde okan döwürlerim teleradioda ýaňlanýan sazlary ürç edip diňläp, bagşylaryň aýdymlaryny ýat bekledim. Şeýdip dutar meniň iň ýakyn syrdaşyma öwrüldi. 1961-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesinde saz ugrundan bilim aldym. Soňra Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň dutar bölümini tamamladym. Döredijilige bolan ukybym meni Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gapysyndan eltdi. Ol ýerde hem belli halypalardan sapak alyp, bilimimiň üstüni ýetirdim.
Meniň ilkinji saz mugallymym Allaberdi Allaberdiýew boldy. Halypalarym Sahy Jepbaryň, Ödeniýaz Nobatyň ýanynda on bir ýyllap sazandarlyk etdim. Ussat halypalaryň şägirdi bolmak nesibämizde bar eken. Sahy aga hemişe şeýle sargardy: «Käriňi mydam söýüp gez. Dutary eliňe alanyňda, çalan sazyňy söýüp, içine girip çal». Sazyň inçe syrlaryny öwreden halypam Türkmenistanyň halk artisti Çary Täçmämmedowdy. Halypam gaty talapkärdi, öwredýän kakuwlaryny ýarpy-ýalta kakaýsaň dagy, tä göwni ýetýänçä, işlemeli bolardy. Ine, şeýdip, 55 ýyldan bäri dutar bilen bagrym badaşdy.
— Döreden sazlaryňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!
— Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine «Sen ak atda, Sen gyratda, ganatda», «Arkadag», «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», Allaýar Çüriýewiň sözlerine «Watan», «Türkmen gyzlary», Geldi Bäşiýewiň sözlerine «Bedewler» ýaly aýdymlaryň sazlaryny döretdim, olar diňleýjiler tarapyndan uly tolgunma bilen diňlenilýär. Bu meni diýseň begendirýär, döredijilige ruhlandyrýar.
— Halypa, maşgalaňyz baradaky gürrüň bilen söhbedimizi dowam edäýeliň!
— Döwletli maşgalam bilen bagtyýar döwrümize buýsanyp ýaşaýarys. 3 ogly, 3 gyzy ylymly-bilimli, edepli-ekramly edip ýetişdirdik. Ogullarym Kakamyratdyr Şamyrat sungat ýoluna ykbalyny baglady. Körpäm Orazmyrat bolsa «Türkmenhowaýollary» agentliginde zähmet çekýär. Gelnejeň bilen 12 agtygymyza, 3 çowlugymyza guwanyp otyrys. Agtyjaklarym Azymberdidir Dawut dutar çalmaga höwes edýärler.
— Akmyrat aga, ýaşlara berjek maslahatlaryňyz?!
— «Daglara bar», «Seýle gelseň bu daglara», «Çynarym», «Dag jerenleri» ýaly aýdymlar ýaşlarymyza nusgalykdyr. Şu ýerde halypalaryň aýdan sözlerinden ýatlap geçsem, ýerlikli bolar. «Zehin Alladan berlende, onuň eçilýän miweleri bendesini bendi edermiş» diýerdiler. Ýaşlarymyza-da sungatyň inçe dünýäsine berlip, aýdym-saza bolan zehinini kämilleşdirmeklerini arzuw edýärin.
— Siziň sungat älemindäki ýoluňyz dowamat-dowam bolup, diňleýjilere ýetirjek ajaýyp sazlaryňyzyň mahmal owazynyň belentden ýaňlanyp durmagyny arzuw edýäris!
Ýazgül ANNAÝEWA.
USSAT NEWS.

Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow
«Sen uçmak isleseň, ganat bolardym...» diýip, süýji hem pessaý heň bilen aýdyma başlaýan halypa aýdymçy ýekeje jümläniň üsti bilen müňlerçe diňleýjiniň kalbyna ganat baglaýar. Halypanyň gözlerini ýumup, tutuş durky bilen aýdyma siňip oturyşy-da ussatlygyndan habar berýär.

Tehniki ylymlaryň doktory Irina Lurýewa
Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän nebitgaz pudagy, aýratyn-da, dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamak wezipesi innowasion çözgütleriň yzygiderli ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu ulgamyň hünärmenleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözýärler.

Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.