Türkmenistanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanynda Wodorod energetikasy merkezi işläp başlady
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanynda açylan Wodorod energetikasy merkezi öz işine başlady diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bu Merkeziň döredilmegi Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ilerletmek boýunça ädimleriniň netijesidir. Onuň esasy wezipesi — ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak we bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygyyny ýola goýmak, ylmy-barlag işlerini geçirmek, Türkmenistanda wodorod-energetika pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen önümçilige innowasion ylmy-bilim maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak bolup durýar.
Täze Merkeziň işi 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Ýol kartasyynyň çäklerinde hereketleriň meýilnamasyny we wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
ÝHHG-niň wekilleriniň Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleri hem-de nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen ilkinji duşuşygy fewral aýynyň ahyrynda geçirildi. Oňa gatnaşyjylar wodorod energetikasynyň ösüşiniň geljegini, bu ugurda ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Şondan soň, wodorod energetikasyny ulgamynda daşary ýurt tejribesini öwrenmeklige bagyşlanan türkmen-ýapon maslahaty geçirildi. Aprel aýynyň başynda Merkeziň iş topary, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň mugallymlar-talyplar düzümi wodorod energetikasyny senagat taýdan peýdalanmak ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyk boýunça UNIDO-nyň Birinji mejlisine gatnaşdylar. Duşuşykda guramanyň agza döwletleri «ýaşyl» wodorody öndürmekde ählumumy hyzmatdaşlygyň ösüşi we tejribe alyşmak meselelerini maslahatlaşdylar.
HNGU-nyň hünärmenleri şeýle hem Atom energeiýasy boýunça Halkara agentliginiň (MAGATE) guramagynda geçirilen «Pudagy ösdürmk üçin atom-wodorod energetikasyny senagat taýdan özleşdirmegiň ýol kartasyny işläp taýýarlamak» mowzugy boýunça maslahata hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri» ylmy-tejribe merkeziniň we HNGU-nyň Wodorod energetikasy merkeziniň guran «Türkmenistanda wodorod energetikasyny ösdürmegiň ähmiýeti» ylmy-amaly maslahaty nobatdaky çäre boldy.
Geljekde Merkeziň hünäärmenleri dünýä tejribesini öwrenmegiň esasynda Türkmenistanda wodorod energiýasyny öndürmegiň öňdebaryjy innowasion tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlarlar.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.