Tutularyň oýlanyp tapylyşy
Gapylara, penjirelere, aýna diwarlara tutulary tutmak gadymdan bäri meşhur bolupdyr. Olar örtük hyzmatyny ýerine ýetirýärler.
Gadymy adamlar sowuk şemaldan we Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin gowaklaryň agzyna haýwanlaryň derisini örtüpdirler. Wagtyň geçmegi bilen, tutular öýleriň içki bezeginiň (interýeriniň) aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Her bir ýurduň howa ýagdaýyna we medeni özboluşlylygyna görä, tutular dürli zatlardan taýýarlanypdyr. Hindistanda, Hytaýda, Fransiýada we Italiýada tutulary ýüpek matalardan taýýarlamak däp bolupdyr. Angliýa, Şotlandiýa ýaly ýurtlarda ýüň matalardan taýýarlanan tutular ýörgünli bolupdyr. Aziýa we Amerika ýurtlarynda tutulyk üçin pagtadan dokalan nah matalar saýlanyp alnypdyr. Gündogar Ýewropa ýurtlarynda zygyrdan dokalan kendir matalardan taýýarlanan tutulara uly isleg bildirilipdir.
Häzirki wagtda tutularyň ştor, týul, žalýuz ýaly dürli özboluşly aýratynlyklara eýe bolan görnüşleri ýörgünlidir. Jaýlaryň, binalaryň gurluşyk taslamalary taýýarlananda olaryň durmaly ýerleri hökmany tertipde göz öňünde tutulýar. Olar öý-içerini Günüň ýiti şöhlesinden goramak bilen bir wagtda gözelligini, gözegelüwliligini hem artdyrýarlar
Oguzhan MURADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.