Bezeg otlarynyň ýüze çykyş taryhyndan
Ýol-ýodalaryň, gelşikli salnan jaýlardyr haýatlaryň gyralaryny jähekläp oturan bezeg otlary töwerege gözellik çaýyp, dem alýan howamyzy täzeleýär. Eýsem şunuň ýaly bezeg otlary ilkinji gezek haçan oýlanyp tapyldyka?
Birbada ideg edilýän ýaşyl zolaklar we olarda ýörite ekilýän ýaşyl ot görnüşleri häzirki zaman oýlap tapyşlaryna degişli ýaly görünýär. Ýöne hakykatda welin, ýaşyl zolaklar bilen olarda ekmek üçin ýörite ot görnüşlerini saýlap almak has irki döwürlerden bäri bardyr. Täryhy ýyl ýazgylary şular ýaly gök salyp, ýaşyl öwsüp duran zolaklaryň mundan üç müň ýyl ozal hem Hytaý we Eýran hökümdarlarynyň köşk-saraýlarynyň töweregini bezändigini habar berýärler. Ýöne beýleki bir taryhy maglumatlar öýleriň, bag-bakjalaryň gyralaryny ýörite ekilen ýaşyl zolaklar bilen örtmegiň Antik Gresiýada we Gadymy Rimde hem bolandygyny hem tassyklaýarlar.
Ýaşyl zolaklaryň häzirki zaman görnüşleriniň ilkinji nusgalary on altynjy-on ýedinji asyrlarda döredilipdir. Şeýle-de golf oýnalýan meýdançalary ýörite ekilýän ýaşyl otlar bilen örtmek hem kada giripdir.
Ilkini döwürlerde ýaşyl zolaklaryň otuny gysgaltmaly bolanynda, olara goýun-geçi ýaly mallary otlamaga goýberilipdir. Otlary gyradeň orýan ýörite enjamyň oýlanyp tapylmagy bilen, mallara bolan zerurlyk aradan aýrylypdyr.
Muhammedali KERIMOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.