Ussatlar

Türkmenistanyň halk artisti Orazgül APBASOWA

https://ussatnews.com/storage/posts/349/original-15fd25aeecb68f.jpeg

Türkmen teatr sungaty diýlende, ilki bilen kalbyňda hemişelik orun tutan halypa artistleriň keşpleri birin-birin göz öňüňden geçýär. Şeýle sahna ussatlarynyň hatarynda türkmen teatr sungatynyň ösmegine uly goşant goşup, halk köpçüliginiň çäksiz söýgüsini gazanan, Türkmenistanyň halk artisti, halypa artist Orazgül Apbasowanyň ady uly hormat bilen tutulýar. Halypa artist daşary ýurtlaryň ençemesinde döredijilik saparlarynda bolup, türkmen sungatyny dünýä ýaýmaga öz goşandyny goşdy. Onuň halypaçylyk mekdebini geçen şägirtleri bagtyýar döwrümiziň belli artistleridir. Ýüregi buýsanja beslenen zehinli halypanyň özboluşly döredijilik ýoly bar. Orazgül APBASOWA bilen söhbetdeşligimizde bu hakykat bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykdy.

– Orazgül halypa, ilki bilen, teatr dünýäsine gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz?

– Çagalykdan sungata gelmegi arzuw ederdim. Mekdebimizde gurnalýan sahnalardaky keşpleri çaga yhlasym bilen ýerine ýitirerdim. Etrabyň, welaýatyň çäginde geçirilýän dürli dabaralarda döreden keşplerim ussat halypa Aman Kömekowyň nazaryndan sypmandy. Ilkinji teatr sahnasyna çykanymda halypa artistler bilen zähmet çekmegim meniň döredijilik älemine has içgin girişmegime oňyn täsir etdi.

– Şu ýerde ussatlyga eýe bolmakda halypalaryňyzyň orny barada hem aýdaýsaňyz!

– Baýry halypalar Bazar Amanow, Suraý Myradowa, Sabyr Ataýewa, Ýelizaweta Garaýewa, Amangeldi Gurbandurdyýew ýaly ussatlar bilen birlikde biregne işleşmek maňa sungatyň şaýoluny açypdy. Halypalaryň ynamyny gazanmak üçin irginsiz zähmet çekmeli bolýar. Ynam üstünligiň gözbaşydyr. Haýsy keşbi ynansalar şol keşbiň üstünde irginsiz işlärdim. Artiste zehin, höwes, yhlasam gerekdir welin, ugur ýol görkezýän halypaň-da bolmaly. Şeýle halypalar bolsa mende näçe diýseň bardy.

– Sahnada şol bir keşbi ilkinji, onunjy, ýüzünji... gezek gaýtadan oýnanyňyzda keşp kämilleşýärmi?!

– Hawa, her gezek täzeçe oýnalýar, şeýdibem keşp kämilleşýär. Ýaşyňa görä keşbiňi miras almaly hem-de ony ýaşlara geçirmeli bolýar. Bu-da teatryň mizemejek kanuny. Bu gün halypalaryň ýerine ýetiren keşplerini janlandyranymda-da iş tejribäm ýetik bolsa-da, her gezek tomaşaçylaryň öňüne çykmazdan öň taýýarlanyp, soňra sahna çykýaryn. Şeýdibem, kämillige tarap ädim ädilýär.

– Üstünligiň syry nämede diýip hasaplaýarsyňyz?

– Üstünlik gazanmak üçin maksada okgunlylyk hem tutanýerlilik zerurdyr. Ynam edilmegi hem üstünlige ýetmäge mümkinçilik berýär. Artyk Jallyýewiň sahnalaşdyran «Bagbanyň gyzy» spektaklynda baş gahryman Maralyň keşbini janlandyrdym. Şol keşpden soň, üstünliklerim yzly-yzyna dowam etdi.

– Siz halkyň arasynda «Ýalpyl daýza», «Ozzy eje» ady bilen hem tanaldyňyz. Bu dogrusynda hem kelam agyz aýdaýsaňyz?

– Halkyň söýgüsini gazanmak uly bagtdyr. Köpçülik ýerlerinde maňa haýsy hem bolsa oýnan keşplerimdäki gahrymanlaryň atlaryny tutup, salam berilýän pursatlary gaty köp bolýar. Teatrdaky ilkinji keşbimi «Joralar» spektaklynda yhlas bilen ýerine ýetiripdim. Şonda halypalaryň biri şeýle diýdi: «Sahna zehinlini aýyl-saýyl edýändir Orazgül. Sen özüňde bar yhlasyňy zehiniňi oýnaýan keşbiňe siňdir. Goý, seni halk, şol keşpdäki adyň bilen tanasyn!» diýipdi. Bu gün bagtyýarlyk döwrümizde mähriban Arkadagymyzyň saýasynda halypalaryň maksatlary myrat tapdy.

– Döreden keşpleriňiziň içinde haýsylaryny has şowly hasaplaýarsyňyz?

– Döreden keşplerimiň ählijesem maňa mähriban görünýär. Olaryň her birinde bir wakany janlandyrýarsyň. Şol waka berlip ýaşaýarsyň.

– Siziň üçin ömrüň manysy näme?

– Ynsan dünýä inýär, kemala gelýär, soň özüne kär saýlaýar. Men ömrüň manysyny saýlan käriňe berlip işlemekde, agzybir maşgalaň bilen il-günümize, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekde görýärin. Onsoňam şular ýaly asuda ýurtda, agzybir ilde ýaşamagyň özi hem uly bagt.

– Adamlarda haýsy häsiýeti halaýarsyňyz?

– Dogruçyl, kyn günüňde hoş söz berip, bir bolşuny saklap bilýän adamlara synym oturýar.

– Gözellige garaýşyňyz?

– Gözellik diýlende nähilidir bir ajaýyplyk göz öňüňe gelýär. Şol ajaýyplyklary döredýänem ynsan. Haýsy käriň eýesi bolsa bolsun, ynsan öz ynsaby bilen halal zähmet çekip, işine mähir-yhlasyny siňdirende, gözel zatlary döredýär. Döredip bilmegiň özi hem gözellikdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, sungat işgärlerine gowudan-gowy sungat eserlerini döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize ene ýüregimden alkyşly sözlerimi aýdýaryn! Türkmen halkynyň milli medeniýetine, sungatyna çäksiz sarpa goýup, onuň kämilleşmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

– Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Ýeneki keşpleriňizde-de üstünlikler ýar bolsun!

— Sag boluň!

Ýazgül ANNAÝEWA,

USSAT NEWS.

Başga ussatlar
1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.


1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.

161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.


160ffed96bd9ca.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.