Aşgabatda «Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň açylyş dabarasy boldy
22-nji maýda paýtagtymyzda medeni syýasatyň durmuşa geçirilmegine, milli ruhy mirasyň giňden wagyz edilmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça we howandarlygynda geçirilýän «Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sahna sungatynyň forumy Aşgabatda ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň teatr toparlaryny bir ýere jemledi.
«Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň geçirilmegi milli medeniýeti kämilleşdirmäge, onuň döredijilik ornuny berkitmäge gönükdirilendir, çünki türkmen teatry watançylyk, gözellik we ahlak taýdan terbiýe bermegiň möhüm wezipesini ýerine ýetirýär, halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär.
Diýarymyzyň sahna sungatynyň wekilleriniň duşuşygy, şeýle hem tejribe alyşylmagyny göz öňünde tutýar we ýaş teatr artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň hem-de sahna medeniýetiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.
«Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýeri hökmünde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry saýlanyp alyndy.
Forum başlamazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň taryhy binasyndan ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň öňündäki meydança tarap dabaraly yöriş bilen geçip, sahna sungatynyň däpleriniň nesilden-nesle geçip dowam edýändigini özboluşly beýan etdiler.
Baýramçylyk görnüşde bezelen meýdançada teatr gözden geçirilişine gatnaşyjy toparlary köpsanly tomaşaçylar mübäreklediler. Şunda artistler özleriniň ýörite taýýarlanan, teatrlaryň döredijilik aýratynlyklaryny şöhlelendirýän özboluşly sahna çykyşlaryny görkezdiler.
Baýramçylyk görnüşindäki teatr hereketleri bu ýerde sahnalaşdyrylan görnüşde döredilen Melpomenanyň köşgüniň girelgesiniň ýanynda dowam edýär, şol ýerde baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylary häzirki döwürde goýulýan teatr çykyşlarynda işjeň ulanylýan milli we dünýä dramaturgiýasynyň nusgawy eserleriniň gahrymanlary garşylaýarlar.
Myhmanlary ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň artistleri türkmen halkynyň taryhynda uly orun eýelän Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň we Magtymgulynyň keşplerinde garşylaýarlar.
Watanymyzyň teatr sungatynyň şöhratly taryhyna we häzirki gününe syýahat teatryň eýwanynda dowam edýär, şol ýerde sergi ýaýbaňlandyrlyp onda meşhur türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, grafikaçylarynyň eserleri hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň we teatr suratkeşleriniň işleri görkezildi. Sergi gymmatlyklarynyň hatarynda türkmen kino we teatr sungatynyň ajaýyp wekilleriniň portretleri, kinofilmleriň böleklerinden hem-de spektakllaryň sahna bezeglerinden köpsanly görnüşler bar. Baýramçylyk sergisinde teatr egin-eşikleri, muzeý gymmatlyklary, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, sahna bezeginiň görnüşleri görkezildi. Neşirýat önümlerine – Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna we milli medeniýetimize hem-de sungatymyza bagyşlanyp owadan suratlar bilen bezelip çykarylan neşirlere, şeýle hem meşhur bagşy sazandalaryň çykyşlarynyň, spektakllaryň ýazgylary bolan sesli hem-de şekilli gymmatlyklara aýratyn orun berildi.
Owadan teatryň sahnasynda görkezilen edebi aýdym-sazly kompozisiýada taryhy akymyň üznüksizdigi, ata Watanymyzyň şöhratly geçmişini ajaýyp şu gününi we ýagy geljegini baglanyşdyrýan ruhy däpleriň dowamat dowamdygy baradaky çykyşlary görkezildi.
Artistler üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde baý milli medeni mirasymyzy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp etdiler.
Bu kiçi sahna eseriniň özboluşlylygy, şol sanda liriki aýdym-sazly horeografiýa kompozisiýasynda utgaşykly görkezilen äpet globus ýurdumyzyň teatr sungatynyň eýeleýän ähmiýetli halkara ynsanperwer ornuny, onuň döwletleriň hem-de halklaryň medeni-ynsanperwer taýdan özara baýlaşmagyndaky goşandyny, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilişini aýratyn ýüze çykardy.
Dabaranyň bu özboluşly sahna çykyşy ählumumy parahatçylygyň, dostlugyň we bagtyýarlygyň bähbidine guralan nurana sahna sungaty bolan teatr festiwalyny geçirmegiň esasynda goýlan maksadyň ynsanperwerlik ugruny äşgär etdi.
Hökümet agzalarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň hem-de paýtagtymyzyň ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýygnan teatrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmen teatr sungaty» festiwalyna gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy.
Döwlet Baştutanymyz ajaýyp bahar paslynda geçirilýän bu sungat baýramynyň milli teatr sungatymyzyň, köp müňýyllyk taryhly medeniýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goldaw boljakdygyna berk ynam bildirdi.
«Sahnalaşdyrylýan eserler bu günki gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe - beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýarlar we jemgyýetçilik durmuşyna täze öwüşgin çaýýarlar, belent maksatlara ruhlandyrýarlar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýarlar. Olar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri bolup hyzmat edýärler. Köp asyrlyk milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny açyp görkezýärler, türkmen sungatynyň dünýä teatr sungatynyň ösüşindäki ornuny aýdyň kesgitleýärler» diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda aýdylýar. Döwlet Baştutanymyzyň gutlagy bu ýere ýygnanlar tarapyndan joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra dabara gatnaşyjylara görkezilen wideoşekiller ýurdumyzda teatr sungatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri beýan etdi. Häzir Türkmenistanda döwlet teatrlarynyň 10-sy, şol sanda paýtagtymyzda 6 we welaýatlarda 4 teatr hereket edýär. Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ajaýyp binalar teatr toparlarynyň ygtyýarynda bolup, tehniki taýdan islendik çylşyrymly sahna eserlerini goýmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, milli teatrlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Teatrlaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen iri teatrlaşdyrylan çykyşlary gurnamaga niýetlenen täze binalaryň gurluşygy dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde drama teatrynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygy barada ýatlap geçmek ýerlikli bolar.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan medeniýet ulgamynyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Şu ýyl «Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynda laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.
Häzirki zaman türkmen teatrynyň özboluşlylygy milli dramaturgiýa berilýän üns, tomaşaça keşp janlandyrylýan gahrymanyň teatr dilinde ýüzlenmäge çalyşmak bilen häsiýetlendirilip, umumadamzat derejesindäki meseleleri gozgaýar.
Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan halkara giňişliginde ykrar edilen parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, şol sanda goňşy ýurtlar we dünýäniň beýleki hyzmatdaş döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi hem-de pugtalandyrylmagy babatda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, «Dostluk» ordeni bilen sylaglanandygyny belläp geçmek ýerliklidir we möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz bu sylaga Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşandy üçin mynasyp boldy. Bu sylag däp bolan dostlukly türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän hem-de dünýä giňişliginde onuň abraýyny belende galdyran parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen-rus gatnaşyklarynyň mizemezligi barada aýdylanda bolsa, bu dostlukly hyzmatdaş ýurt bilen ähli ugurlarda, şol sanda medeni ulgamda hem hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Aşgabatda «Türkmen teatr sungatynyň» festiwalynyň işine badalga berlen güni bu babatda durlup geçilse, paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus drama teatrynyň alyp barýan üstünlikli işlerini ýatlap bolar.
Bu teatrda milli we dünýä edebiýatynyň, şol sanda rus edebiýatynyň nusgawy eserleri hem-de çagalara niýetlenilip, ertekiler sahnalaşdyrylýar. Teatryň agzybir we zehinli artistleri janlandyrýan keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrmak bilen, ýokary baha mynasyp bolýarlar. Şoňa görä-de, Puşkin teatrynyň sahnasynda görkezilýän oýunlaryň tomaşaçylary hemişe köp. Olar ýurdumyzda geçirilýän ähmiýetli çärelere-de yzygiderli gatnaşýarlar.
Ine, 21-nji maýda açylan «Türkmen teatr sungatynyň» festiwalyna-da olar işjeň gatnaşyp, tomaşaçylaryny öz çykyşlary bilen, hemişe bolşy ýaly, uly täsir galdyryp begendirmegi maksat edinýärler.
Ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnalaşdyran çykyşlarynyň hatarynda görnüşi we çeperçiligi taýdan dürli-dürli oýunlar bolup, olar sahna eserlerini döredijileriň sahnada türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň başdan geçirýän hemme duýgularyny we tolgunmalaryny beýan etmäge, halkymyzyň şöhratly geçmişini, ajaýyp şu gününi hem-de nurana geljegini baglanyşdyrýan mizemez ruhy bitewiligini görkezmäge bolan maksatlar bilen birleşendir.
Türkmenistanda milli teatr sungaty emele geldi, dünýäde türkmen medeniýetini wagyz etmäge hem-de onuň şan-şöhratyny artdyrmaga uly goşant goşan režisýorlaryň hem-de artistleriň tutuş nesli kemala geldi. Ýurdumyzyň teatr toparlarynyň iri halkara festiwallarynda gazanýan üstünlikleri hem munuň subutnamasydyr.
Şeýle hem türkmen paýtagtynyň ençeme gezek halkara teatr festiwallarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini bellemelidir. Şeýle çäreler halkara döredijilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine teatr sungatynda dünýä meýilleriniň öwrenilmegine, giňden tejribe alşylmagyna ýardam berýär.
Bu barada daşary ýurtly kärdeşler türkmen artistlerine wideoaragatnaşyk arkaly beýan eden gutlaglarynda bellediler, olar birnäçe gezek Aşgabatda geçirilen döredijilik forumlaryna gatnaşdylar. Aýry-aýry teatr toparlary gutlag hökmünde özboluşly kiçi sahna eserlerini taýýarladylar.
Azerbaýjanyň döwlet akademiki milli drama teatrynyň çeper ýolbaşçysy öz gutlagynda döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. Azerbaýjanyň döwlet akademiki sazly teatrynyň artistleri türkmen kärdeşleri üçin döredijilik sowgady bilen begendirdiler. Olara Azerbaýjanyň Döwlet ýaş tomaşaçylar teatry hem goşuldy.
Aşgabat festiwalyna gatnaşyjylara Ermenistan Respublikasynyň K.S.Stanislawskiý adyndaky rus drama teatrynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň K.Kuanyşbaýew adyndaky Döwlet akademiki sazly drama teatrynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Gyrgyz Respublikasynyň Çingiz Aýtmatow adyndaky döwlet milli rus drama teatrynyň, Russiýanyň adademiki ýaşlar teatrynyň, Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäheriniň Primor ülke ýaşlar drama teatrynyň, Täjigistan Respublikasynyň Döwlet gurjak teatrynyň ýolbaşçylary, Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň artistleri Aşgabada öz wideogutlaglaryny ýolladylar.
Türkmen sahna sungatynyň belli wekilleri, halk arasynda halypa diýlip atlandyrylýan sungat ussatlary festiwala gatnaşyjylara, daşary ýurtly kärdeşlerine hem-de bu ýere ýygnananlaryň ählisine gutlag bilen ýüzlendiler.
Festiwalyň açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar tomaşaçylary kiçi sahna oýunlaryndan ybarat döredijilik sowgady bilen begendirdiler, olarda teatr gözden geçirilişine gatnaşýan ähli döredijilik toparlarynyň her biriniň iş aýratynlyklary öz beýanyny tapdy.
Artistler tomaşaçylar bilen tansyň, aýdym-sazyň, gurjaklaryň hereketleriniň dili bilen söhbetdeş boldular, çykyşlar ýygnananlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylandy. Bu ýerde belli aýdymçylaryň hem-de teatr artistleriniň ýerine ýetirmeginde watançylyk aýdymlary belent ýaňlandy.
Sahna sungatynyň wekilleri döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň medeniýetiniň ösdürilmegine berilýän hemişelik üns, döredijilikli zähmet çekmek hem-de hünär taýdan ösmekde döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Meşhur türkmen kino we sahna sungatynyň wekillerine bagyşlanan aýdym dabara gatnaşyjylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýurdumyzyň nusgawy kino sungatynyň naýbaşy filmlerinden alnan wideoşekiller aýdymyň ruhlandyryjy täsirini has-da artdyrdy, olarda türkmen medeniýetine uly goşant goşan, milli sungatymyzy şan-şöhratyny Watanymyzyň çäklerinden daşarda hem belende göteren zehinli režisýorlaryň we artistleriň keşpleri janlandyrylýar.
Paýtagtymyzyň teatrlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem il arasynda halypa diýlip hormatlanylýan türkmen sahna sungatynyň belli wekilleri festiwala gatnaşyjylara, daşary ýurtly kärdeşlerine hem-de bu ýere ýygnananlaryň ählisine gutlag bilen ýüzlendiler.
Festiwalyň açylyş dabarasynyň ahyrynda belli aýdymçy hem-de teatr artistleri – festiwala gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetirilen watançylyk aýdymy ýokary joşgun bilen ýaňlandy.
Sahna sungatynyň wekilleri döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň medeniýetine berilýän hemişelik üns, netijeli zähmet çekmek hem-de hünär taýdan ösmek ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şunda «Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň ýaşlary watançylyk hem-de estetiki sagdyn terbiýelemekde, döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmekde ähmiýetini belläp, olar özleriniň dürli görnüşli teatr eserlerini tomaşaçylara hödürlemäge taýýardyklaryny aýtdylar, festiwalyň çäklerinde paýtagtymyzyň esasy teatrlarynda 25-nji maýa çenli tomaşaçylara sahna oýunlary görkeziler.
Teatrlaryň döredijilik toparlarynyň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyza çäksiz söýgä ýugrulan zehinli hem-de çuň many-mazmunly ýokary watançylyk ruhuna beslenen eserlerine ýüzlenmekleri şu gezekki forumyň tapawutly aýratynlygydyr.
Eýýäm şu gün Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Gyzyl alma» atly sahna oýny teatr festiwalyna badalga berdi, ony tomaşaçylar el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda tomaşaçylar festiwalda hödürlenen ýene-de bir esere – «Ýürek söýgi küýseýär» diýen sahna oýnuna tomaşa edip lezzet aldylar. Bu sahna eseri A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda goýuldy. Ýokarda agzalan sahna eserlerinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda wasp edilýän türkmen halkynyň belent watançylyk ruhy, päk ýürekliligi hem-de zähmetsöýerliligi beýan edilýär.
Agşamara tomaşaçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda goýlan «Nuhuň gämisi» atly sahna oýnuna tomaşa etmäge çagyryldy.
Bu sahna oýnunyň edebi esasy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda getirilýän rowaýat esasynda ýazyldy. Nuh ata baradaky gadymy rowaýat dünýä halklarynyň köpüsinde saklanyp galan edebi ýadygärlik bolup, onda ynsan nesliniň halas edilişi barada gürrüň berilýär. Ynsabyň arassa, kalbyň gözel, arzuwyň päk bolanda Ynsan diýen belent ada mynasyp bolarsyň. Ine, sahna oýnunda öňe sürülýän esasy pikir şeýledir. Sahna bezegi bu eseriň many-mazmunyny, gahrymanlaryň hereketleriniň sazlaşygyny has-da artdyrýar.
Sungatyň ähli beýleki zatlardan ozal adamlary jebisleşdirýändigi hem-de onuň mertebesini ýokary göterýändigini bu sahna oýunlarynyň üstünligini ýene-de bir gezek tassyklady.
Ertir festiwalyň çäklerinde üç sahna oýny görkeziler. Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda Daşoguz welaýatynyň H.Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatrynyň «Ygrar atasy» atly eseri tomaşaçylara hödürlär.
Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda bolsa, Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan—beýik taryhy şahsyýete bagyşlanan «Baýram han Türkmen» atly sahna oýnunyň görkezilişi bolar, bu meşhur serkerdäniň hem-de şahyryň keşbi milli medeniýetimiziň işgärleriniň ençeme nesillerini döredijilik ylhamyna ruhlandyrýar.
Ýurdumyzyň Baş drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» diýen eserinde beýan edilen rowaýatyň äheňlerinde meşhur serkerde hem-de watançy Jelaletdin Türkmeniň ykbaly barada gürrüň berýän «Watan buýsanjy—Jelaletdin soltan» sahna oýny görkeziler. Bu eserde halkyň jebisligi, Watanyň üstüne howp abananda ony goramakda Jelaleddin Türkmeniň görkezen gahrymançylygy wasp edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda hem-de onuň äheňleri esasynda döredilen sahna eserinde türkmen halkynyň şöhratly taryhynda öçmejek yz galdyran Muhammet şanyň, Türkan hatynyň, Demir Mäligiň, Ynalyjagyň, Mahynuryň, Aýçeçegiň we beýlekileriň ajaýyp keşpleri janlandyrylýar.
Teatr sungaty eserleriniň gözden geçirilişiniň çäklerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary, şeýle hem Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň «Türkmeniň ýoly» atly sahna eseri bilen tanşyp bilerler. Bu eserde Watanyny, ar-namysyny hem-de mertebesini hem-de ruhy gymmatlyklary ähli zatdan ýokary goýan gadymy halkymyzyň geçen şöhratly durmuş ýoly barada gürrüň berilýär.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň «Ene», Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň «Mertler Watany beýgeldýär», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň «Türkmen sahysy» atly sahna oýunlary hem Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde getirilýän rowaýatlaryň we hekaýalaryň esasynda goýuldy.
Forumyň çäklerinde döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de teatr işgärleriniň täze taryhy döwürde türkmen sahna sungatyny ösdürmegiň ugurlaryna, bu sungatyň dünýä meýillerine hem-de häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornuna bagyşlanan iş maslahaty geçiriler, «Teatr—döwrüň ruhy aýnasy» temasy boýunça ussatlyk sapagy guralar.
Baş drama teatrynda 25-nji maýda «Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň jemleri jemleniler hem-de onuň ýapylyş dabarasy bolar.
Художественную киноленту «Махтумкули Фраги» представили в Узбекистане
Премьерный показ художественного фильма «Махтумкули Фраги» состоялся в Узбекистане. Как сообщает портал МИЦ, фильм создан под руководством режиссера Музаффархона Эркинова при сотрудничестве Агентства кинематографии, Объединения «Туркменфильм» и Национального центра развития кинематографии.
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi
21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.