Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun HOJAKOWA
Mahmal owazly aýdymçyny diňläniňde, durna gözli çeşmeleriň şirinden-şirin şildireýşi ýadyňa düşýär. Çeşmeleriň her bir gaýany ýuwup-ýylmap, gatbar-gatbar daşlary yzarlap zemin sary atygsaýşy ýaly, aýdymçynyň jadylaýjy mukamy hem on iki süňňüňi elendirip, kalbyňy heýjana salýar. Şeýle pursatlarda tolgunmakdan ýaňa dideleriň owasy begenç düründen dolýar. Köňül köprüsine öwrülen sungat, ynsanlary has-da jebisleşdirýär. Sungatyň jadyly dünýäsine kökerilen her bir ynsan ýakymly aýdym-sazyň owazyna maýyl bolýar. Çagalykdan owazlar dünýäsine aralaşan, bilbil owazy bilen il içinde adygan, Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun HOJAKOWA hem şeýle zehinli aýdymçylaryň biridir.
Aýdymçy gelin Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda eneden dogulýar, şol ýerdäki 3-nji orta mekdebi tamamlaýar. Onuň kakasy Aşyr agadyr ejesi Ýagşylyk gelneje göz guwanjy bolan iki gyz perzendiniň ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin yhlas edýärler. Mukamlara teşne gyz entek gulpagyny tasadyp, mekdebe gatnaýan mahaly aýdymyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar. Sahydursun oba medeniýet öýüne gatnap, aýdymyň inçe syrlaryny halypalaryndan öwrenmäge ilgezik bolýar. Zehinli gyzyň aýdym-saz sungatyna bolan yhlasyny duýan halypasy Annamuhammet Annahanow oňa aýdymyň inçe syrlaryny öwredýär.
Aýdym-sazyň yzyny yzlan gyz orta mekdebi tamamlap, Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde okuwyny dowam edýär. Soňra bolsa Halk hojalyk institutyny (häzirki Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş) institutynda okap, öz başarnygyny görkezýär. Zandy şahandaz Ýagşylyk gelneje gyzynyň aýdym-saza bolan yhlasyny myradyna ýetirip, oňa ruhy goldaw berýär. Durmuş meselesinde hem aýdymly kölüň sonasynyň bagty çüwýär. Ol aýdym-saza belent sarpa goýýan, il-güne haýyrly, döwletli maşgalanyň gelni bolýar. Onuň ýanýoldaşy Sylap hem aýdym-sazyň teşnesi. Maşgalanyň göz guwanjy bolan perzentleri Aýnabadyň, Abdylsuwhanyň hem-de Abdylresulyň aýdym-saza imrinmegi aýdymçy gelne ganat bekleýär.
– Mähriban Arkadagymyz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürip, ömrüni, zehin-başarnygyny sungata, medeniýete bagyşlan ussatlaryň zähmetine çuňňur sarpa goýýar, olara hormatly atlary dakyp, Şa serpaýlary bilen derejeleýär. Men hem hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 2014-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ada eýe boldum. Milli sungatymyza uly sarpa goýup, ýaş zehinleri ählitaraplaýyn goldaýan mähriban Arkadagymyza alkyşlarym çäksiz.
Toý-baýramlara beslenen Garaşsyz diýarymyzda geçirilýän çärelerde, baýramçylyk konsertlerinde milli lybaslarymyza we şaý-seplerimize beslenip çykyş edenimde, meni aýratyn bir göze görünmeýän ylahy duýgy gurşap alýar. Ene-mamalarymyzyň asylzadalygyny, näzikligini, edep-edalylygyny özüne siňdiren milli lybaslarymyz diýseň owadan. Şeýle gözelligi egniňe geýip, olara zynjyr kimin kökerilen şaý-sepleri dakynyp, orta çykmagyň özi bagt.
Halypa şahyrlar Myrat Ömüriň, Annageldi Källiýewiň sözlerine aýdym aýdýaryn. Halk aýdymlaryny aýtmagy gowy görýärin – diýip, aýdymçy zenan ýürek buýsanjyny beýan edýär.
Häsiýetine mahsus bolan zenan hamraklygy, mähirliligi, sadalygy onuň döreden aýdymlarynda ör-boýuna galýar. Her bir ýerine ýetirýän aýdymynyň şowly çykmagy üçin irginsizlik bilen zähmet çekýän zenanyň mahmal owazyna maýyl bolýan muşdaklar sanardan kän. Ilkinji ýerine ýetiren «Çagdyr bu çaglar», «Zülpüň», «Eneler», «Watanym» ýaly aýdymlaryny diňläniňde, durkuň-düýrmegiň bilen şol owazyň içine aralaşanyňy duýman galýarsyň. Bu barada Sahydursun şeýle gürrüň berýär:– Halkyň içinde bolmaly, aýdymlaryň bilen, owazyň bilen olaryň ýüreginden ýer almaly. Ony gazanmak üçin hem irginsiz işlemeli bolýar. Aýdymda kähalatlar göze ilmeýän inçejik heň oýnatmalary ýygy-ýygydan gabat gelýär. Munuň üçin sazy duýup hem ýerine ýetirip bilmek ukybyň juda ösen bolmaly. Şeýle pursatlarda maňa sazandalar Begenç Saparlyýew, Döwran Öwezgylyjow dagy kömege gelýärler. Kähalatlarda aýdymlarym çak edişimden hem şowly çykýar. Şol pursaty ilkinji bolup duýýan mähriban käbäm aýdymy diňläp, dessine ýüregindäkini aýdýar. Hemişe-de şeýle şowly çykmagyny arzuwlaýar.
Maňa Garaşsyz Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirmek has-da ýakymly. Şol aýdymlar bilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi boldum. Bu meniň sungat äleminde şowly ädimlerimiň sahypalaryny açdy.
Ynsan öňde goýan maksadyna ýetmek üçin ömrüniň dowamynda göreşýär, öwrenýär, tejribe toplaýar. Sahydursun hem şeýle. Ol durmuşyny aýdymsyz göz öňüne getirip-de bilmeýär. Aýdym onuň ýüreginde ýaşaýar, kalbynyň töründen orun alan. Durmuşa söýgi bilen seredýän Sahydursun bu gün öz döredijilik ýoluny perzentlerine öwredýär. Öýde aýdyma hiňlenen wagty gyzy Aýnabadyň goşulmagy ene göwnüni galkyndyrýar.
Mähriban Arkadagymyzyň peşgeş eden ajaýyp zamanasynyň toý-baýramly günleriniň sahnalaryny bezeýän zehinli aýdymçynyň ýerine ýetirýän «Arkadag», «Näzliniň», «Sag bol Arkadag», «Dönmenem», «Eje» ýaly aýdymlary il içinde mynasyp ornuny tapdy. Çünki bu aýdymlarda ata Watanymyza, ene topragymyza, mähriban halkymyza, Gahryman Prezidentimize bolan söýgi jemlenen.
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow
Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.