Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

18:55 29.05.2022

https://ussatnews.com/storage/posts/3625/original-162937b55d730e.jpeg

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 450 orunlyk Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir gününiň toý-baýramlara, ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara beslenýändigini belledi. Tutumly işleriň başy başlanyp, asyrlara ýaň saljak taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.

Ine, şu gün hem biz gadymy Daşoguz topragynda ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolýarys. Welaýat merkezinde 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalaryny açyp ulanmaga berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýygnananlary hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Daşoguz şäherinde açylyp ulanmaga berilýän bu hassahanalar häzirki döwrüň iň kämil lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Bu enjamlardyr serişdeler Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürildi.

Bu ýerde jemi 1 müň 331 işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli amatly şertler döredildi. Hassahanalarda işlejek hünärmenler ýurdumyzyň merkezi lukmançylyk edaralarynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, şeýle-de Türkiýe, Russiýa ýaly döwletleriň öňdebaryjy klinikalarynda öz ugurlary boýunça birnäçe gezek kämilleşdiriş okuwlaryny geçip, tejribe topladylar. Umuman, Daşoguz welaýatynda täze gurlup ulanmaga berlen bu hassahanalarda ilatyň saglygyny berkitmek, keselleri häzirki döwrüň usullary we tehnologiýalary esasynda bejermek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Olar ýokary derejeli, köptaraply lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenendir.

Berkarar döwletimizde «Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň esasydyr» diýen ýörelgeden ugur alnyp, ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almaga, olary wagtynda bejermäge uly ähmiýet berilýär. Raýatlarymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp, uzak ýyllaryň dowamynda bagtyýar ömür sürmegi üçin tutumly işler amala aşyrylýar. Beden we ruhy taýdan sagdyn, ata Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnama laýyklykda, eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuşyny üpjün etmek Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şeýle bolansoň, paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hassahanalar, saglyk öýleridir merkezleri guruldy we gurulýar. Sport toplumlary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar gurlup ulanmaga berilýär.

Raýatlarymyzyň sagdyn durmuşy, saglygynyň berkemegi, ömrüniň uzalmagy ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýäris. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş maksatly desgalary gurup ulanmaga berýäris. Ýaşamak, dynç almak üçin zerur şertleri bolan häzirki zaman şäherçelerinidir obalaryny döretmek ugrunda möhüm işleri alyp barýarys.

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, keselleriň öňüni almaga we netijeli bejermäge aýratyn üns bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak üçin köp mukdarda serişdeleriň goýberiljekdigini belledi. Şu gün Daşoguz şäherinde açylyp ulanmaga berilýän, uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat etjek döwrebap hassahanalaryň keselleri bejermekde, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda sebitde esasy merkezlere öwrüljekdigine pugta ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we dabara gatnaşyjylary täze hassahanalaryň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara hem-de mähriban halkymyza berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, il saglygy ugrunda ýadawsyz zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärlerine bolsa alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, binanyň içine girdi. Belent mertebeli myhmany ak ýektaýly çagalar ajaýyp çykyşlary bilen garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz hassahananyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde näsaglardyr lukmanlaryň işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Ýokary hilli we köptaraply lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen köpugurly hassahananyň 4 gatly binalar toplumy 7 bölekden ybaratdyr. Bu ýerde ýöriteleşdirilen bölümleriň 32-si bar. Olaryň hatarynda maslahat beriş, fizioterapiýa, endoskopiýa, kelle-beýni gan aýlanyşy bozulan näsaglaryň (insult) bölümi, infarkt, nefrologiýa, neýrohirurgiýa, rewmokardiologiýa, GBB keselleri, arterial gipertoniýa, umumy kardiologiýa, pulmonologiýa we allergologiýa, endokrinologiýa, şöhle bilen anyklaýyş, anesteziologiýa we reanimasiýa, toksikologiýa we gemodializ, trawmatologiýa we ortopediýa bölümleri bar.

Hassahanada hirurgiýa bölümleriniň 4-si bolup, olar umumy hirurgiýa, iriňli we ýanyk keselli näsaglar hirurgiýasy, endokrin hirurgiýa hem-de torokal we endowaskulýar bölümleridir. Hirurgiýa bölümlerinde kiçi we uly operasiýa otaglary, sanjym otaglary, aýratynlykda sargy otaglary bar. Operasiýa otaglary örän çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýän kämil enjamlar bilen üpjün edilipdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow neýrohirurgiýa bölümine barýar. Bu bölümde hassalaryň ýatymlaýyn bejergi almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Ol oňurga sütüniniň we oňurga beýnisiniň kesellerini bejermäge, kelle-beýni şikeslerine, çişlerine çylşyrymly operasiýalary geçirmäge ýöriteleşdirilendir.

Bölümiň lukmany bejergi alýan raýatlara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin hassahanada rahat mebelleri hem-de ähli zerur tehniki enjamlary bolan bir we iki orunlyk oňaýly otaglaryň bardygyny gürrüň berdi.

Lukman ilatyň saglygyny berkitmäge aýratyn üns berýändigi hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köpugurly hassahananyň täze binasy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow anesteziologiýa we reanimasiýa bölümine baryp, bu ýerde ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Bölümiň lukmany 18 hassa niýetlenen anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň esasy wezipesiniň agyr keselli näsaglara ýokary hilli ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermekden, hirurgiýa operasiýalarynda, anyklaýyş-funksional barlaglarynda agyrysyzlandyrmagyň dürli döwrebap usullaryny ulanmakdan hem-de gaýragoýulmasyz kömek bermekden ybaratdygyny habar berdi.

Ähli amatlyklary bolan otaglar intensiw bejergi üçin we agyr keselli näsaglara ýokary hilli seredilmegini üpjün etmäge niýetlenendir. Emeli dem beriş enjamy kompressor we kompýuter programmasy bilen üpjün edilip, merkezleşdirilen gözegçilik bekedine birleşdirilendir, şol ýerde näsaglaryň ýagdaýy — gan basyşynyň, dem alşynyň, ýürek urşunyň ýagdaýlary baradaky hemme maglumatlar jemlenýär. Bu ulgam gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda lukmançylyk kömegini öz wagtynda bermäge ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyza näsag üçin niýetlenen ýatylýan enjam görkezildi. Bu enjamy elektrik hereketlendirijiniň kömegi bilen dürli taraplara üýtgedip, hassanyň ýagdaýyna görä amatlylyk berip bolýar. Onuň ýene-de bir aýratynlygy düşekçeleriniň ýyladyjy häsiýeti hem-de tolkun görnüşinde hereket etmek bilen, uzak wagtlap bejergi alýan näsaglarda ýaralaryň döremeginiň öňüni almaga ýardam bermeginde jemlenýär. Şeýle-de bölüm kardiomonitorlar, infuzomatlar, perfuzorlar we göçme rentgen hem-de ultrases barlag enjamlary bilen doly üpjün edilendir.

Bölümiň lukmany hormatly Prezidentimize uzak we bagtyýar ömür arzuw edip, adamlaryň saglygyny goramakda bilimini hem-de tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz operasiýa bölümine baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Operasiýa bölümi umumy hirurgiýa, urologiýa, ortopediýa, trawmatologiýa, kardiologiýa, neýrohirurgiýa we göz kesellerini bejermäge ýöriteleşdirilendir. Operasiýa zallarynyň üpjünçiligi innowasion häsiýetlidir, kämil lukmançylyk tehnikalary lukmanlara köpugurly, çylşyrymly operasiýalary geçirmäge hem-de operasiýadan soňky gaýraüzülmeleriň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde aýratyn düzgünde işleýän we dünýä ölçeglerine gabat gelýän zyýansyzlandyryjy enjamlar toplumy ornaşdyryldy.

Soňra hormatly Prezidentimize iň häzirki zaman enjamlary görkezildi.

Innowasion endoskopik enjamlar az şikesli operasiýalary geçirmäge niýetlenendir. Olaryň kömegi bilen häzirki zaman usuly arkaly uly bolmadyk kesimler bilen çylşyrymly operasiýalary geçirmek mümkin, bu bolsa näsaglaryň saglygynyň tiz dikelmegine ýardam berýär. Rentgen enjamynyň kömegi bilen ýokary takyklykdaky şekilleri alyp, operasiýa wagtynda näsaga barlag geçirip bolýar.

Soňra köpugurly operasiýa stoly görkezildi. Ol enjam operasiýa geçirilende näsag we lukman üçin has oňaýly ýagdaýy saýlamaga mümkinçilik berýär. Gemodinamiki görkezijileriň işine hem-de anesteziýa döwründe näsagyň örän möhüm ulgamlaryna gözegçilik etmek üçin operasiýa zallarynda kardiomonitor oturdyldy. Operasiýa geçirmäge niýetlenen zallar iň täze enjamlar bilen üpjün edildi. Göz keselli näsaglarda hirurgik bejergileri geçirmek üçin lazer hirurgiýasyna niýetlenen enjam göz öňünde tutuldy. Ol mikrohirurgik amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Bölümiň lukmany ýurdumyzyň gülläp ösmegi hem-de türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy ugrunda alyp barýan köptaraply işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz şu bölümiň litotripsiýa otagyna bardy hem-de onda oturdylan häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň işi bilen tanyşdy.

Bölümiň lukmany böwrekdäki daşlardan ejir çekýän näsaglary bejermäge niýetlenen, Şweýsariýanyň önümi bolan distansion litotripter enjamyny görkezdi. Bellenilişi ýaly, enjamlaryň aglabasy az inwaziw usullar bilen ynsan saglygyny dikeltmäge ýardam edýär. Bu enjamlar böwrek we peşew ýollarynyň daş kesellerinden ejir çekýän hassalary bejermekde ähmiýetlidir.

Bölümiň lukmany Daşoguzda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünliklerini alamatlandyrýan döwrebap hassahananyň açylandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, özüniň we kärdeşleriniň ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürläp, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerdäki barlaghanada ornaşdyrylan innowasion enjamlary synlady.

Bu bölümde kliniki barlaghana, biohimiýa, bakteriologiýa, molekulýar-genetika, immunologiýa otaglary bolup, olarda häzirki zaman lukmançylygynda ýerine ýetirilýän barlaglaryň döwrebap görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik bar. Barlaghananyň lukmany döwlet Baştutanymyzy bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar bilen tanyşdyrdy. Olar ýokary takyklygy hem-de geçirilýän barlaglaryň hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar.

Barlaghanada Germaniýanyň “Human” kompaniýasynyň “HumaStar 200” awtomatlaşdyrylan biohimiýa enjamy ornaşdyryldy. Onuň kömegi arkaly ganyň düzümindäki ähli fermentleri, elektrolitleri, beloklary, holesterini we onuň fraksiýalaryny, glýukozany hem-de glikolizirlenen gemoglobini kesgitläp bolýar.

Soňra hormatly Prezidentimize “HumaClot Pro” awtomatlaşdyrylan koagulometr görkezildi. Bu ýokary takyklykdaky enjam ganyň çalt we haýal lagtalanmagyny irki döwürde anyklamaga, bu keseli derman serişdeleri bilen bejermegi kesgitlemäge ýardam berýär. Molekulýar biologik we genetik barlaglary geçirmek üçin doly awtomatlaşdyrylan anyklaýjy PZR enjamy ýerleşdirildi. Bu enjamyň esasy artykmaçlygy RNK we DNK zynjyrly wiruslary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Munuň özi keselleri bejermekde uly ähmiýete eýedir.

Köpugurly hassahananyň barlaghanasynda ganyň süýjüligi, gemoglobin, holesterin, moçewina, bilirubin we onuň fraksiýalary, peşewde belok, glýukoza, keton, urobilirubin, eritrositleriň we leýkositleriň mukdary, wirusly gepatit we başga wiruslary hem-de ýokançlaryň antigenleriniň hil we mukdar taýdan anyklanylyşy ýaly ekspress-anyklaýyş barlaglary geçirilýär. Barlaghananyň hünärmenleriniň ýokary bilim derejesi laboratoriýa barlaglaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär.

Barlaghana bölüminiň işgäri şeýle döwrebap lukmançylyk edarasynda işlemäge döredilen mümkinçilik üçin ähli saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz şöhle bilen anyklaýyş bölümine bardy. Bu bölüm lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan kesel anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edildi. Döwlet Baştutanymyza dünýäde meşhur “Philips Medical Systems” kompaniýasynyň magnit-rezonans tomografy görkezildi.

Ýurdumyzda ornaşdyrylan ilkinji şeýle enjam — geliýsiz işleýän “Ingenia Ambition 1,5 T” magnit-rezonans tomografy bu bölümiň esasy daýanjydyr. Bu enjamyň birnäçe aýratynlyklary bolup, has ownuk şekilleri görmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, MRT kelle beýniniň dokumasynyň üýtgeşmelerini, oňurga ýiligini barlamak we beden agzalarynyň gan üpjünçiligini hem-de işjeň ýagdaýyny, nerw süýümleriniň geçirijiligini barlamakda uly ähmiýeti bar. Bu enjam agyr näsaglarda we çagalarda barlaglary tiz geçirmäge ukyplydyr. Enjamyň ýatylýan ýeriniň diametri adatdakydan has giňdir. Bu bolsa uly agramly we ýapyk giňişlikden gorkýan adamlary barlamaga doly mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimize “Ingenuiti CT” hem-de “Incisive CT” ýokary tizlikli kompýuter tomograflary görkezildi. Olar uly agramly näsaglary gözden geçirmäge, şeýle-de beýleki nogsanlyklary, şol sanda kelle beýniniň çiş kesellerini, gan aýlanyşyň bozulmalaryny irki döwürde barlamaga we ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu enjam “FAST CARE” täze innowasion tehnologiýasy bilen üpjün edildi. Bu bolsa barlag geçirilende, şöhläniň täsirinden goramaga ýardam edýär. Şeýle hem bu enjam kontrast serişdesini damaryň içine goýbermek arkaly içki beden agzalarynda dörän keselleri has takyk anyklamakda möhüm orun eýeleýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow densitometriýa otagynyň tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Densitometriýa keseli şöhle arkaly anyklamagyň görnüşleriniň biridir. Bu enjam dünýäde giňden ýaýran ýokanç däl keselleriň arasynda esasy keselleriň biri bolup durýan süňkleriň dykyzlygynyň peselmegi netijesinde döreýän osteoporoz keselini irki döwürde anyklamaga mümkinçilik berýär. Döwrebap enjamyň ornaşdyrylmagy Aral deňziniň guramagynyň zyýanly täsiri netijesinde ýüze çykýan keselleriň öňüni almakda we anyklamakda aýratyn orun eýeleýär.

Bölümiň lukmany sebitde deňi-taýy bolmadyk hassahananyň gurulmagy we işe girizilmegi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýlelikde, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň tehniki üpjünçiligi hem-de içgin seçilip alnan lukmanlaryň ýokary hünär derejesi täze hassahananyň ýurdumyzyň esasy lukmançylyk merkezleriniň birine öwrüljekdigine ynamy artdyrýar.

Bu bölüm ilaty gije-gündiziň dowamynda kabul etmek bilen, keselleri anyklamak we bejermek merkezleşdirilen kabulhana bölüminde amala aşyrylýar. Bu ýerde ýerleşen şokrumda gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda we kiçi operasiýa zalynda doly derejede kömek etmäge zerur şertler döredildi. Aýratyn howply ýokanç keseller güman edilende, kabul edilýän aýratyn otaglar (izolýator) bar. Şeýlelikde, näsaglary doly barlagdan geçirip, takyk netije çykaryp bolýar. Keselleriň irki döwürde anyklanmagy hem-de öz wagtynda bejergä başlanylmagy näsaglaryň ömrüni halas etmäge, olaryň saglygyny gysga wagtda dikeltmäge mümkinçilik berýär.

Hassahananyň maslahat beriş we anyklaýyş bölüminde terapewt, hirurg, oftalmolog, gulak-burun-bokurdak, urolog, trawmatolog, stomatolog, newropatolog, kardiolog, endokrinolog, pulmonolog, neýrohirurg, hirurg, angiohirurg lukmany ýaly inçe hünärmen lukmanlarynyň otaglary bar. Bu bölüm ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Munuň özi näsaglary kabul etmek, anyklaýyş işlerini geçirmek, zerur bolan halatlarda has düýpli barlaglary geçirmek we näsaglary bejermek üçin amatly şertleri döredýär.

Hassahanada döwrebap sanly ulgam ornaşdyryldy. Ol merkezi hassahanalar bilen aragatnaşyk saklamaga, lukmançylyk hyzmatlaryny etmek üçin zerur bolan maglumatlary alyşmaga hem-de çylşyrymly ýagdaýlarda dürli meseleleri çözmäge ýardam edýär.

Terapewtik ugurly ýatymlaýyn bölümlere rewmakardiologiýa, kardiologiýa, ýürek işemiýa keseli, kelle-beýni gan aýlanyşynyň bozulmasy, arterial gipertoniýa, newrologiýa, pulmonologiýa we allergologiýa, endokrinologiýa bölümleri degişlidir. Olaryň her biri 20 we 30 orunlykdyr. Bir we iki adam üçin niýetlenen ýatymlaýyn otaglarda netijeli bejergi almak üçin amatly şertler döredildi. Şeýle hem şahsy gigiýena otaglary bar.

Hassahananyň ähli ýatymlaýyn bölümleri merkezleşdirilen kislorod we nobatçy şepagat uýasyny çagyrmak ulgamy bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, näsaglaryň barlaglarynyň netijelerini tiz wagtda lukmanlara ýetirmek maksady bilen, Germaniýanyň “Aerocom” kompaniýasynyň önümi bolan pnewmatik poçta ulgamy bölümleri özara baglanyşdyrýan tutuş ulgamy emele getirýär.

Döwrebap hassahanalaryň ählisinde bolşy ýaly, bu ýerde-de fizioterapiýa we reabilitasiýa bölümine möhüm orun degişlidir. Ol trenažýorlar, owkalama kreslolary bilen üpjün edildi. Olar agyr kesellerde, şikeslerde, operasiýadan soňky döwürde näsaglary dikeltmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde elektroterapiýa, wakuum we lazer terapiýasy üçin enjamlar ornaşdyryldy. Bu enjamlar saglygy we işe ukyplylygy dikeltmäge mümkinçilik berip, ilatyň arasynda maýyplygyň öňüni almaga ýardam berýär. Bu bölüm dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap fizioterapiýa enjamlary bilen hem enjamlaşdyryldy. Munuň özi köp görnüşli bejergi çärelerini geçirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynda öz bölümlerini we welaýatyň çägindäki hassahanalary gan hem-de onuň önümleri bilen üpjün etmek üçin gan banky hereket edýär. Gan bankynda jemi 6 orunlyk gan alyş toplumy ornaşdyrylandyr. Bu bölümde gan alyş enjamlary, gandan leýkositleri, gyzyl gan öýjüklerini we plazmany aýratynlykda almak üçin doly awtomatlaşdyrylan enjamlar ornaşdyrylandyr. Gan bankynda ekspress-barlaglary geçirmek üçin analizatorlar we birnäçe goşmaça enjamlar gurnaldy. Ganlary we plazmalary saklamak üçin gan banky Italiýada öndürilen sowadyjylardyr doňduryjylar bilen doly üpjün edildi. Bu bölümde edara-ediş otaglary, dermanhana, merkezleşdirilen sterilizasiýa bölümi hem ýerleşýär.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly hassahananyň işgärlerine ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy.

Başga habarlar
16628e14ee386e.jpeg
«Energetika diplomatiýasynyň esaslary we energiýa serişdeleri»

Ýakynda şeýle at bilen täze kitap okyjylar köpçüligine we talyplara okuw gollanmasy hökmünde gowuşdy. Bu kitap nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin uly sowgat boldy.


16628b83530317.jpeg
Тürkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara

Тürkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara.


1662697226d3a6.jpeg
Pakistan 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginden soň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge girişmäge taýýarlanýar

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynda dört sany hyzmatdaşlaryň biri bolan Pakistan gurluşyk işlerine başlamak üçin 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyryna çenli gutarnykly makullama almaga garaşýar. Bu barada Pakistanyň Energetika ministrliginiň nebit bölüminiň howandarlygynda iş alyp barýan we gaz pudagynda strategiki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan «Inter State Gas Systems» kompaniýasy habar berdi.

16626938e564ef.jpeg
Hytaý 1-nji çärýekde 2,4 mlrd dollarlyk türkmen gazyny import etdi

2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Hytaý jemi bahasy 2,4 mlrd dollar bolan türkmen gazyny import etdi. Bu barada HHR-niň Baş gümrük müdirligi habar berdi.


166261990b3140.jpeg
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.