Iň gadymy şäherler
Dünýädäki her bir şäheriñ özboluşly taryhy bardyr. Olaryñ käbiriniñ düýbüniñ tutulanyna birnäçe ýyl geçen bolsa, käbirleriniñ asyrlaboýy dowam edip gelýän taryhy bar. Ýöne welin müňlerçe ýyl mundan ozal döredilip, biziň döwrümize ýetip gelen şäherler adamzady özüne haýran edýär. Beýle şäherler dünýäni boýun egdiren basybalyjylaryň, hiç hili merhemeti bilmeýän tebigy betbagtçylyklaryñ garşysynda sarsman ösüşini dowam edip gelýärler. Geliñ şeýle şäherleriň birnäçesi bilen tanyş bolalyñ.
• Benares – Hindistandaky iň gadymy şäher bolup, onuñ taryhy biziň eýýamymyzdan öñki XI asyrdan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Şäheriñ iñ esasy aýratynlyklarynyñ biri hem häzirki wagtda iñ gadymy din bolan induizm dininiñ dörän ýeri bolmagydyr. Her ýyl müñlerçe adam bu şähere zyýarata gelýär.
Plowdiw – Bolgariýada ýerleşip, ýurtdaky ikinji uly şäherdir. Şäheriñ Nebet depe taryhy ýadygärliginden tapylan tapyndylar onuñ taryhynyň biziň eýýamymyzdan öñki 4000-nji ýyllara degişlidigini görkezdi. Bu gadymy şäher taryhda Frakiýalylaryñ, Parslaryñ, Makedonlaryñ we Osmanlylaryñ ähmiýetli daýanç nokady bolup hyzmat edipdir.
• Afiny – Gresiýanyñ iñ uly we iñ gadymy şäheridir. Bu ýerde ilkinji ýaşam adamlardan galan tapyndylar biziñ eýýamymyzdan öñki 7nji müñýyllyga degişlidir. Bu şäher gadymy döwürlerden bäri medenìýetiñ ojaklarynyñ biri hasaplanyp, Ýewropa siwilizasiýalarynyñ gözbaşy hasaplanýar. Sokrat, Aristotel ýaly ägirtleri ýüze çykaran şäher Ýewropadaky iñ gadymy paýtagt şäherdir.
• Damask – Siriýanyñ paýtagty bolan bu şäher dünýädäki iñ gadymy şäherdir. Bu ýerde ilkinji adamlar biziñ eýýamymyzdan öñki 7-8nji müñýyllyklarda ýaşap geçipdirler. Damask taryhda ençeme beýik döwletleriñ hatarynda bolup, hat-da belli bir ýyllarda musulman dünýäsiniñ merkezi bolup hem hyzmat edipdir. Şäher 2008-nji ýylda arap medeniýetiniñ paýtagty diýlip yglan edildi. Häzirki wagtda şäherde 2milliona golaý adam ýaşaýar.
Arzygül TEKEMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.