Ussatlar

Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat SÖÝÜNOW

https://ussatnews.com/storage/posts/375/original-15fd9c5c407b85.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde sungat ussatlarynyň ençemesi döredijilikli zähmet çekýär. Merkeziň halk saz gurallary ansamblynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat SÖÝÜNOW hem şolaryň biridir. Biz ýakynda bu halypa sazanda bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk.

– Baýrammyrat aga, sungat ýoluna basan ilkinji ädimleriňiz hakynda gürrüň berseňiz!

– Men saza sekiz ýaşymdan imrigip ugradym. Tomusky dynç alyş möwsümidi. Dynç alyş merkezinde balalaýka saz guralyna güýmenip otyrdym. Edil şu günki ýaly ýadymda. Birden «Keýpim kök» diýen saz öz-özünden boldy gidiberdi. Bu meniň ilkinji çalan, onsoňam özbaşdak öwrenen sazymdy. Soňra mandalina, dutar çalmagy öwrendim.

– Aýdym-saz ugrundan ýörite bilim aldyňyzmy?

– Men 1980-nji ýylda Gara Seýitliýewiň adyny göterýän şol döwürdäki Medeni aň-bilim tehnikumyny gaýybana tamamladym.

– Siziň okuwy tamamlap, işlän ýerleriňiz, türkmeniň gadymy milli senediniň inçe tilsimlerini has çuň öwrenmekde tälim beren halypalaryňyz barada berjek gürrüňleriňiz okyjylarymyzyň ünsüni çeker diýip pikir edýäris.

– Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyryndan segseninji ýyllarynyň ahyryna çenli Gökdepe oba medeniýet öýüniň direktory bolup işledim. Bu medeniýet öýüniň çäginde «Ahal» halk saz gurallary ansambly döredilensoň, onuň çygry has giňedi. Çopan goşlarynda, kolhozçylaryň arasynda örän kän bolduk. Milli teleradioýaýlymda zähmet adamlarynyň armasyny ýetirýärdik. 1989-njy ýylyň başynda M.Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň «Garagum keşdeleri» etnografik folklor toparyna işe çagyryldym. Şol ýylyň aýagynda bolsa Türkmen telewideniýesiniň we radiosynyň Ç.Täçmämmedow adyndaky Halk saz gurallary ansamblyna bäsleşik esasynda işe geçirildim. Bu ýerde 2003-nji ýyla çenli türkmeniň aýdym-saz sungatynyň halypalary bilen işleşmek miýesser etdi. 2003-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde işläp ýörün. 2007-nji ýyldan bolsa bu ansambla ýolbaşçylyk edýärin.

Meni saza gönükdiren, ýola salan öz kakam. Ilkinji ädimleri şondan öwrendim. Onuň beren maslahaty, geçen sapaklary, öwreden öwrümleri maňa gözbaş boldy. Şonuň üçin hem kakamy sungat älemine ataran halypam hasaplaýaryn. Bu ugurda meni kämilleşdiren, tälim beren halypam Türkmenistanyň halk artisti Ata Ablyýew. Bu ussat halypa 1995-nji ýylda maňa ak pata berdi. Bagşyçylyk ýolunda aýdym kowmagy, yzarlamagy öwreden Türkmenistanyň halk bagşysy Mäne Garaýew. Ine, şu iki halypanyň meniň durmuşymda tutýan orny örän uludyr. Meniň şu günki abraýyma A.Ably bilen M.Gara deň şärikdir. Maňa halypalarymyň sargan pendi, beren öwüdi bar. Ata Ably: «Tutan ýeriňi goparman aýrylma», Mäne Gara bolsa: «Köp depelenen laý çyn käse bolar. Bu dogaýy sözler bize Mylly agadan nesihat. Bizdenem saňa ýörelge bolsun» diýerdi. Men halypa nesihatlaryny ömrüme pent edindim. O sözler maňa tutanýerli, erjel bolmagy öwretdi. Halypalarym barada gürrüň gozgalanda, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň hem adyny agzamalydyr. Çünki bu ussatdan hem uzak ýyllaryň dowamynda öwrenenlerim sanardan kän.

– Baýrammyrat aga, beýleki saz gurallaryny çalyp bilýän hem bolsaňyz, näme üçin aýratyn gyjagy saýladyňyz?

– Halypa Akmyrat Çaryýew: «Sen gyjakdan gowy owaz alýaň. Biz saňa gyjaga düýrmegiň bilen topulmagy, şoňa has güýçli üns bermegi maslahat berýäris» diýipdi. Şondan soň bar ukybymy gyjaga sarp etdim.

– Durmuşyňyzyň şatlykly wakalaryny ýatlasaňyz, okyjylar üçin gyzykly bolardy.

– 2007-nji ýylda Mary welaýatynda geçen Halk maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli senedimiziň ikinji ömrüni berdi. Asyrlarboýy dowam eden halk aýdym-sazlarymyza sungat işgärleri-de, ulus-ilem teşnedi. Milli mirasyň dikeldilmeginiň ähmiýeti ýurt we ähli adamlar üçin juda uludy. Bu hemmelere örän möhüm zerurlykdy. Dutara, gyjaga täzeden ýol açylmagy bilen biziň hem täze durmuşymyz, ömrümiz başlandy. Bu meniň durmuşymda iň bagtly pursat bolupdy.

2008-nji ýylda maňa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen at dakyldy. 2009-njy ýylda Saud Arabystanynyň Er-Riýad, Jidda, Mekge, Medine şäherlerinde bolduk, 2011-nji ýylda Garaşsyzlygymyzyň XX ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglandym. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Ine, şularyň hemmesi meniň durmuşyma bagt nuruny seçen, döredijilige ruhlandyran, Garaşsyz ýurdumyza we hormatly Prezidentimize buýsanjymy artdyran, sungata has hyjuwly ýapyşmaga uly güýç beren bagtly pursatlardan parçalar. Şeýle wakalar başga-da kän.

– Siziň ýolbaşçylyk edýän halk saz gurallar ansamblyňyzyň repertuary hakynda kelam agyz durup geçäýsek!

– Ansamblymyzyň repertuary örän giň. Onuň aýdym-saz hazynasy sanardan köp. Gysgaça aýdanymyzda, repertuarymyz öten-geçen mukamçy kompozitorlaryň, bagşy-sazandalaryň, häzirki zaman mukamçy kompozitorlaryň, halk aýdym-sazlarynyň gyzylyň gyryndysy ýaly hazynasyndan, dürdänelerinden ybarat.

– Maşgalaňyz baradaky gürrüň bilen söhbetdeşligimizi jemläýsek hem bolýar.

– Biziň agzybir, döwletli maşgalamyz bar. Aýalym bilen iki gyzymyza we bäş agtygymyza guwanýarys. Gyzlarymyzyň ikisi-de ejesi bilen paýtagtymyzdaky 90-njy orta mekdepde iňlis dili mugallymy bolup işleýär.

– Baýrammyrat aga, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Size, döredijilikli zähmet çekýän sungat ussatlaryňyzyň ählisine rowaçlyk arzuw edýäris.

– Sag boluň!

Mämmet MÄMMEDOW,

USSAT NEWS.

Başga ussatlar
1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.


1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.

161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.


160ffed96bd9ca.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.