Habarlar

Uglewodorodlary çykarmagyň ekologiýa jähtler we «ýaşyl» energetike geçiş — maslahatyň üns merkezinde

https://ussatnews.com/storage/posts/3799/original-162b4113406bad.jpeg

Şu gün irden Aşgabatdaky «Ýyldyz» otelinde «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» Halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Maslahat «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan guralýar.

Gibrid görnüşde geçirilýän bu duşuşyga gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan 100-den gowrak wekil bellige alyndy. Garaşylyşy ýaly, Maslahatyň mejlislerinde dürli institutlara we dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalaryna wekilçilik edýän 30-dan gowrak wekil çykyş eder. Olaryň hatarynda: Halkara energetika agentligi, OPEC, ESKATO, BMG, BMGÖM, ÝHHG, SPE, Metan zyňyndysy boýunça halkara obserwatoriýasy we beýlekiler.

Türkmenistandan maslahatda ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri: Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşary işler minsitrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» ylmy-barlag institutlarynyň, «Türkmenenergo» döwlet korporasiýasynyň wekilleri bar.

Maslahata şeýle hem Petronas, Dragon Oil, Shell, Itochu, Mitsubishi, GaffneyCline, Honeywell, Schlumberger, Vitol, Sojitz we beýleki köp sanly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Gatnaşyjylaryň hatarynda şeýle hem Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Energetika barlaglarynyň Oksford institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri bar.

Ylmy maslahatyň işini köp sanly daşary ýurt habar beriş serişdeleri, şol sanda Russiýanyň, Beýik Briýaniýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň habarlar agentlikleri şöhlelendirýär.

Maslahatyň aýratyn bölümçesiniň çäginde uglewodorodlary işläp taýýarlamgyň ekologiýa jähtleri we täze eýýamyň energetikasyna geçiş, metanyň we СО2-niň zyňyndylaryny azaltmak, ekologiýa we klimat maliýeleşdirmesiniň täze mümkinçilikleri, arassa energetikany ilerletmegiň başlangyçlary ýaly meseleler maslahatlaşylýar.

Aýratyn panel diskussiýasynyň çäklerinde «Wodorod – geljegiň ýangyjy» maslahatlaşmasy, şeýle hem täze eýýamyň energetikasyna geçmekde uglerod bazarlarynyň orny, dikeldilýän energetikanyň mümkinçilikleri we energetika ulgamynyň diwersifikasiýasy, gün we ýel energetikasynyň ösüşi, tebigy gaz we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.